Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyz döwlet boldy we şondan bäri bu sene ýurtda Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň (şol wagtda) biragyzdan goldamagy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi.

Türkmenistan — demokratik, hukuk, dünýewi döwletdir. Döwlet dolandyryşy prezident respublikasy görnüşinde alnyp barylýar. Türkmen döwletiniň syýasy gurluşy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen (2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda täze redaksiýasy) Türkmenistanyň Konstitusiýasynalaýyklykda kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň esasy kanuny bolmak bilen, Türkmenistanyň döwlet gurluşy deňagramlylygy saklap, özbaşdak hereket edýän kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünmek ýörelgelerine esaslanýar.

Konstitusiýada berkidilen kadalar we namalar göni herekete eýe. Konstitusiýa garşy gelýän kanunlar we beýleki hukuk namalary ýuridiki güýje eýe däldir.

Halk Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň özygtyýarlygyny ýörediji we ýeke-täk gözbaşy bolup durýar.

Döwlet din we wyždan azatlygyny, olaryň kanun öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýry bolup, olar döwlet işine goşulyp, döwlet wezipelerini ýerine ýetirip bilmeýärler. Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan bölünendir we dünýewi häsiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti — Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamy, döwlet we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany bolup durýar. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine – Hökümetine baştutanlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň we bitaraplyk derejesiniň, ýurt bitewiliginiň, Konstitusiýanyň berjaý edilişiniň we halkara borçlarynyň ýerine ýetirilişiniň kepili hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bolup durýar.

Kanun çykaryjy häkimiýeti iň ýokary wekilçilikli edara — Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) amala aşyrýar, ol ýerli saýlaw okruglary boýunça bäş ýyl möhlet bilen saýlanylan 125 deputatdan ybaratdyr.

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan ähliumumy, deň hem göni saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bermek arkaly we alternatiw esasda amala aşyrylýar.

Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir. Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir.


Meýdany

Türkmenistanyň tutýan meýdany 491,21 müň kw.km. deň. Tutýan meýdany günbatardan gündogara 1100 km we demirgazykdan günorta 650 km uzaýar.


Ilaty

Türkmenistanyň ilaty 6,2 mln. adamdan gowrak. Türkmenistan — köpmilletli döwletdir. Ýurtda 100-den gowrak milletleriň we halkyýetleriň wekilleri ýaşaýarlar.


Döwlet dili

Türkmen dili döwlet dili bolup durýar. Türkmenistanyň ähli raýatlaryna ene dilini ulanmak hukugy kepillendirilýär. Türkmenistanyň okuw jaýlarynda üç dili – türkmen, iňlis we rus dillerini öwrenmeklik üpjün edilen.


Pul birligi

Milli pul birligi 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilen manat bolup durýar.


Administratiw-territorial gurluşy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri, ol welaýat hukukly administratiw-territorial gurluşly birlikdir. Aşgabadyň umumy meýdany 47 müň 26 gektar bolup, onuň düzümine ýedi etrap — Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag, Çandybil, Arçabil, Abadan we Ruhabat etraplary girýär.

Türkmenistanda bäş sany welaýat — Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary bar. Her welaýat etraplara bölünýär.