(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 40-njy madda)

(Türkmenistanyň 18.08.2015 ý. № 281-V Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) tebigy obýektler – Ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin jemi birlikde amatly şertleri üpjün edýän ýer, topraklar, ýerasty baýlyklar, suwlar, tokaýlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, ekologik ulgamlar, atmosfera howasy, klimat we Ýeriň ozon gatlagy;

2) daşky gurşaw –tebigy obýektleriň özara baglanyşykdaky jemi;

3) biologik dürlülik – kesgitlenen çäk üçin mahsus bolan ösümlik, haýwanat we beýleki organizmleriň(süňleriň) jemi;

4) ekologik ulgam – öz giňişlik-çäk serhetleri bolup we onda onuň janly we jansyz düzüm bölekleri ýeke-täk funksional bitewülik hökmünde özara hereket edýän tebigy gurşawyň hakyky bar bolan we emele gelen bölegi;

5) tebigy toplum – tebigy obýektleriň geografik, ekologik we beýleki degişli alamatlar boýunça birleşdirilen, funksional we tebigy taýdan öz aralarynda baglanyşykly toplumy;

6) tebigy landşaft– hojalyk we beýleki işleriň geçirilmegi netijesinde üýtgeşmelere sezewar edilmedik hem-de klimatyň ýeke-täk şertlerinde dörän ýeriň, topraklaryň, ösümlikleriň relýefiniň belli bir görnüşleriniň utgaşmasy bilen häsiýetlendirilýän çäk;

7) tebigaty goramak – döwlethäkimiýetwe dolandyryş edaralarynyň,ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň,ýuridik we fiziki şahslaryň tebigy gurşawy gorap saklamaga we dikeltmäge, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga we gaýtadan dikeltmäge, hojalyk we beýleki işleriň daşky gurşawa ýetirjek ýaramaz täsiriniň öňüni almaga we olary aradan aýyrmaga gönükdirilen işi;

8) daşky gurşawyň hili – fiziki, himiki, biologik we beýleki görkezijiler we (ýa-da) olaryň jemi bilen häsiýetlendirilýän daşky gurşawyň ýagdaýy;

9) amatly daşky gurşaw – obýektleriniň ýagdaýy ekologik howpsuzlygy we ilatyň saglygynyň goragyny, hapalanmanyň öňüniň alynmagyny, ekologik ulgamlaryň durnukly işlemegini, tebigy serişdeleriň gaýtadan dikeldilmegini we rejeli peýdalanylmagyny üpjün edýän daşky gurşaw;

10) tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy – tebigaty goramak we tebigaty rejeli peýdalanmak ulgamynda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini amala aşyrýan Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynyň merkezi edarasy;

11) tebigy serişdeler –jemgyýetiň maddy, medeni we beýleki zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin peýdalanylýan ýa-da hojalyk we beýleki işler amala aşyrylanda peýdalanylyp bilinjek tebigy gurşawyň düzüm bölekleri, tebigy obýektler;

12) tebigatdan peýdalanmak – munuň özi maddy eşretleri we hyzmatlary döretmek maksady bilen tebigy serişdeleriň jemgyýetçilik sarp edilişine çekmek işleriniň jemi;

13) tebigatdan peýdalanyjy –tebigy serişdelerden peýdalanmagy we (ýa-da) daşky gurşawa hapalaýjy maddalary zyňmagy we dökmegi amala aşyrýan ýuridik ýa-da fiziki şahs;

14) tebigy serişdeleri peýdalanmak – tebigy serişdeleri ulanmak, olary hojalyk dolanyşygyna çekmek, şol sanda hojalyk we beýleki işleriň barşynda olara edilýän täsirleriň ähli görnüşleri;

15) daşky gurşawyň hapalanmagy – daşky gurşawa hapalaýjy maddalaryň, howply himiki we biologik maddalaryň, radioaktiw materiallaryň, galyndylaryň gelip gowuşmagy, şeýle hem daşky gurşawa galmagalyň, wibrasiýanyň, magnit meýdanlarynyň, infragyzyl şöhlenenmäniň we beýleki zyýanly fiziki täsirleriň täsir etmegi;

16) hapalaýjy madda – mukdary we (ýa-da) toplanmasy himiki maddalar, şol sanda radioaktiw we beýleki maddalar üçin bellenen kadalardan artýan we daşky gurşawa ýaramaz täsir edýän madda ýa-da maddalaryň garyndysy;

17) ekologik kadalaşdyrma – daşky gurşawyň ýagdaýyna baha bermegiň mukdar we hil görkezijilerini we oňa täsir etmegiň ýol berilýänkadalaryny özünde jemleýän düzgünleriň we kadalaryň ulgamy;

18) daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek – meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işi amala aşyrmagyň mümkindigi ýa-da mümkin däldigi hakynda degişli karary kabul etmek maksady bilen olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsiriniň göni, gytaklaýyn we beýleki netijelerini ýüze çykarmak, seljermek we hasaba almak boýunça işiň görnüşi;

19) galyndylar – düzüminden peýdaly alamatlary alnan, geljekde gaýtadan ulanyşa ýa-da ýerleşdirilişe degişli bolan, belli bir önümi öndürmek üçin ýaramsyz maddalar (çig malyň görnüşleri);

20) önümçiligiň we sarp edişiň galyndylary – öndüriliş ýa-da sarp ediş prosesinde emele gelen çig malyň, materiallaryň, ýarym fabrikatlaryň, beýleki önümleriň we öndürilen zatlaryň galyndylary, şeýle hem özüniň sarp edijilik häsiýetini ýitiren harytlar (önümler);

21) hojalyk galyndylary – adamyň ýaşaýşynyň netijesinde emele gelýän galyndylar;

22) howply galyndylar – olaryň barlygy we (ýa-da) olar bilen iş salşylmagy adamyň janyna, saglygyna we daşky tebigy gurşawa howp salyp biljek galyndylar;

23) daşky gurşawyň monitoringi – daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilikleriň, tebigy we antropogen faktorlaryň täsiri astynda onuň ýagdaýynyň üýtgeýşine baha bermegiň we çaklamagyň toplumlaýyn ulgamy;

24) tebigaty goramak babatda gözegçilik – daşky gurşawy goramak babatdaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynyň öňüni almaga, ýüze çykarmaga we oňa ýol berilmezligine, hojalyk we beýleki işiň subýektleri tarapyndan ekologik talaplaryň berjaý edilmegini üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň ulgamy;

25) ekologik talaplar – tebigaty goramak babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen hojalyk we beýleki işlere bildirilýän ýerine ýetirilmegi hökmany bolan talaplar, çäklendirmeler we (ýa-da) gadaganlyklar;

26) ekologik audit – hojalyk we beýleki işiň subýekti tarapyndan tebigaty goramak babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine garaşsyz baha bermek we ekologik iş babatda hödürnamalary taýýarlamak;

27) ekologik howpsuzlyk – daşky gurşawyň, raýatlaryň janynyň we saglygynyň hojalyk we beýleki işleriň, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň mümkin bolan zyýanly täsirinden goraglylygynyň ýagdaýy;

28) zyňyndylar – adamyň ýaşaýşynyň netijesinde daşky tebigy gurşawa düşýän işlenilen gazlardan, gatytozan görnüşli bölejiklerden we galyndylaryň beýleki görnüşlerinden ybarat bolan adam saglygyna we daşky gurşawa zyýanly maddalaryň atmosfera howasyna zyňyndylary;

29)dökündiler– adamyň ýaşaýşynyň netijesinde ýerüsti we ýerasty obýektlere, ýeriňýüzüne akdyrylýan düzüminde hapalaýjy maddalary we beýleki suwuk görnüşli galyndylary saklaýan hapa suwlaryň daşky tebigy gurşawa düşýän dökündileri;

30) klimat ulgamy – atmosferanyň, gidrosferanyň, biosferanyň we geosferanyň jemini hem-de özara baglanyşygyny aňladýar.

2-nji madda. Tebigaty goramak hakynda kanunçylyk

1. Tebigaty goramak hakyndaky kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we Türkmenistanyň tebigaty goramak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda bellenen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Tebigaty goramak babatda esasy ýörelgeler

Tebigaty goramak şu aşakdaky esasy ýörelgeleriň esasynda amala aşyrylýar:

1) her bir adamyň amatly daşky gurşawa bolan hukugyny üpjün etmek, adamyň ýaşaýşynyň we saglygynyň goralyp saklanylmagynyň ileri tutulmagyny, adamyň ýaşamagy we işlemegi üçin amatlyşertleri, daşky gurşawy gorap saklamagy we dikeltmegi üpjün etmek;

2) durnukly ösüşi we amatly daşky gurşawy üpjün etmek maksady bilen jemgyýetiň ekologik, ykdysady we durmuş bähbitlerini utgaşdyrmak;

3) tebigaty goramak we tebigatdanrejelipeýdalanmak meselelerini ylmy esasda çözmek;

4) ekologik howpsuzlygy üpjün etmek we bozulan tebigy ekologik ulgamlary dikeltmek;

5) biologik dürlüligiň we daşky gurşawyň aýratyn ekologik, ylmy we medeni ähmiýete eýe bolan obýektleriň goralyp saklanylmagyny üpjün etmek;

6) amatly daşky gurşawy we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen tebigy serişdeleri goramak, gaýtadan dikeltmek we rejeli peýdalanmak;

7) tebigy serişdeleri peýdalanmagyň tölegliligi we daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak;

8) tebigatdan peýdalanmagyň we tebigaty goramagyň wezipeleriniň bölünmegi, tebigaty goramak babatdaky gözegçiligiň garaşsyzlygy;

9) hojalyk we beýleki işi amala aşyrmak hakynda kararlar kabul edilende daşky gurşawa ýetirilip bilinjek täsire baha bermegiň hökmanylygy;

10) hojalyk we beýleki işi esaslandyrýan taslamalaryň we beýleki resminamalaryň döwlet ekologik seljermesinden geçirilmeginiň hökmanylygy;

11) raýatlaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň tebigaty goramak babatdaky işe gatnaşmagy;

12) tebigaty goraýyş wezipelerini çözmekde açyklygy, habar bermek we raýatlaryň tebigaty goramak hem-de tebigatdanrejelipeýdalanmak babatynda ygtybarly maglumatlary almak hukugyny üpjün etmek;

13) döwlet edaralarynyň kararlaryna şikaýat etmegiň administratiw we kazyýet tertibini kepillendirmek;

14) ekologik bilimiň ulgamyny guramak we ösdürmek, ekologik aňy terbiýelemek hem-de ekologik medeniýeti kemala getirmek;

15) tebigaty goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy.

4-nji madda. Tebigy serişdelere eýeçilik hukugy

1.Türkmenistanyňwe Hazar deňziniň türkmen böleginiň çägindäki ähli tebigy serişdeler döwlet eýeçiligine degişlidir.

Ýer, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýän şertlerde wetertipde hususy eýeçilige berlip bilner.

2. Tebigy serişdeleri bermegiň, peýdalanmagyň we goramagyň

şertleri, tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

5-nji madda. Tebigaty goramagyň obýektleri

1. Ýer, toprak, ýerasty baýlyklar, ýerüsti we ýerasty suwlar, tokaýlar, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň obýektleri, ekologik ulgamlar, atmosfera howasy, klimat we Ýeriň ozon gatlagy ýok edilmekden, ýaramazlaşdyrmakdan, azalmakdan, zeper ýetirilmekden, hapalanmakdan, rejesiz peýdalanmakdan we beýleki ýaramaz täsirlerden goralmaga degişlidir.

2.Tebigaty goramagyň aýratyn ekologik, ylmy we medeni ähmiýeti bolan obýektleri, şeýle hem aýratyn goralýan tebigy ýerleraýratyn goralmaga degişlidir.

II BAP. TEBIGATY GORAMAK BABATDA DÖWLET

DOLANDYRYŞY

6-njy madda. Tebigaty goramak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) tebigaty goramak we tebigatdanrejeli peýdalanmakbabatdadöwlet syýasatynyň strategiýasynyň esasy ugurlaryny tassyklaýar, ony amala aşyrmak boýunça çäreleri kesgitleýär;

2) tebigaty goramak we tebigatdan peýdalanmak babatda döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

3) aýratyn ekologik, ylmy we medeni ähmiýete eýe bolan obýektleriň sanawyny tassyklaýar, döwlet tebigy goraghanalaryny, döwlet biosfera goraghanalaryny, milli tebigy seýilgähleri we beýleki aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek barada çözgüt kabul edýär;

4) tebigaty goramak we tebigatdan peýdalanmak babatdaygtyýarlylandyryşişiniň we ekologik auditiň geçirilişiniň tertibini belleýär;

5) tebigaty goramak babatda halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça ministrlikleriň we döwlet dolandyryşynyň beýleki merkezi edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

6) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän gaýry meseleleri çözýär.

7-nji madda.Tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklary

Tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy:

1) Türkmenistanda tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşyny amala aşyrýar;

2) Türkmenistanda tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda ýeke-täk döwletsyýasatynykemala getirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar hem-de onuň amala aşyrylmagyny üpjün edýär;

3) Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çaklamalarynyň we maksatnamalarynyň taslamalaryna goşmak üçin tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça teklipleri taýýarlaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna berýär;

4) tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda döwlet maksatnamalarynyň we beýleki maksatnamalaýyn resminamalaryň işlenip taýýarlanylmagyny we ýerine ýetirilmegini üpjün edýär, şeýle hem tebigaty goramak boýunça ýerli maksatnamalary we çäreleriň meýilnamalaryny ylalaşýar;

5) tebigaty goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar;

6) eýeçiliginiňgörnüşine garamazdan döwlet dolandyryşynyň edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň tebigaty goramak we tebigatdanrejeli peýdalanmak babatdaky işini utgaşdyrýar;

7) Türkmenistanyň tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak babatdaky kanunçylygynyň ähli ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

8) ekologik ulgamlaryň goralyşyna, ýerleriň, ýerüsti we ýerasty suwlaryň, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz gurşawynyň we onuň kenarýaka zolagynyň hapalanmagynyň öňüniň alnyşyna, tebigy serişdeleriň ulanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

9) atmosfera howasynyň goralyşyna we hapalanmagynyň öňüniň alnyşyna, Ýeriň ozon gatlagynyň azalmagyna we parnik gazlarynyň zyňylmasynyň peselişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

10) ösümlik we haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň goralyşyna, gaýtadan dikeldilişine we rejeli peýdalanylyşyna, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda durýan görnüşlerini goramak hakyndakyTürkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

11) tokaý gorunyň ýagdaýyna, onuň saklanylyşyna we goralyşyna, tokaýlaryň peýdalanylyşyna, gaýtadan dikeldilişine, tokaý köpeldilişine, şeýle hem aýratyn goralýan tebigy ýerlere we obýektlere döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

12) Daşky gurşawa we tebigy serişdelere döwlet monitoringiniň ýöredilmegini girizmegiň tertibini belleýär we alnyp barylmagyny guraýar, bu işiň utgaşdyrylmagyny amala aşyrýar;

13) tebigy serişdeleri hasaba almagy we baha bermegi amala aşyrýar, döwlet tokaý kadastryny, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň kadastrlaryny ýöredýär, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda suw we ýer serişdeleriniň, ýerasty baýlyklaryň, atmosfera howasynyň, parnik gazlarynyň döwlet kadastrlaryny we beýleki kadastrlary döwlet dolandyryşynyň beýleki degişli edaralary bilen bilelikde işläp taýýarlamaga gatnaşýar;

14) tebigaty goramak babatda döwlet standartlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna bellenen tertipde gatnaşýar;

15) tebigy serişdelerden peýdalanylandygy, daşky gurşawa hapalaýjy maddalaryň zyňylandygy (dökülendigi) üçinhem-de galyndylary bellenen çäklendirilen möçberleriň çäklerinde we bellenen çäklendirilen möçberlerden ýokary çäklerde ýerleşdirilendigi üçin, şeýle hem ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki işleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýa-da Türkmenistanyň tebigaty goramak babatda kanunçylygynyň bozulmagy sebäpli olar tarapyndan daşky gurşawa ýetirilen zyýan üçin temmileriň möçberlerini hasaplamak üçin tölegiň esaslandyrylan ykdysady kadalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

16) tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda ylmy barlaglaryň geçirilmegini üpjün edýär;

17) Türkmenistanyň tebigaty goraýyşkanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçiligi, şeýle hem daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermegi geçirmek boýunça usuly ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

18) önümçilikleriň, hojalyk we ýaşaýyş jaý desgalarynyň gurluşygynyň we durkuny täzelemegiň taslamadan öňki hem-de taslama resminamalarynyň döwlet ekologik seljermesini geçirýär;

19) täze we durky täzelenen önümçilikleri, hojalyk we ýaşaýyş jaý desgalaryny kabul etmek boýunça döwlet we iş toparlaryna gatnaşýar;

20) işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak baradaky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tebigy serişdeleri peýdalanmak we tebigaty goramak, tebigaty goraýyş resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işiň görnüşlerine degişli ygtyýarnamalary bellenen tertipde berýär, togtadýar we ýatyrýar;

21) hökmany ekologik auditi geçirmek barada kararlary kabul edýär;

22) ýuridik ýa-da fiziki şahslaryň işi ilatyň janyna we saglygyna hem-de daşky gurşaw üçin howp döredýän ýagdaýlarynda olaryň işini togtatmak, bes etmek ýa-da ekologik taýdan zyýanly obýektleriň we önümçilikleriň işiniň ugruny üýtgetmek baradaky karary kabul etmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resminamalary taýýarlaýar we berýär;

23) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşlerini goşmak bilen, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmagyň mukdarynykesgitleýär;

24) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň, şol sanda ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda durýan derejä degişli edilen görnüşleriniň, şeýle hem olaryň söwdasy ýa-da goralmasy Türkmenistanyň gatnaşyjy bolup durýan halkara şertnamalary bilen düzgünleşdirilýän görnüşleriniň ýurda getirilmeginiň we ýurtdan çykarylmagynyň tertibini kesgitleýär we olara rugsatnamalary berýär;

25) özüniň garamagyndaky aýratyn goralýan tebigy ýerlere ýolbaşçylygy amala aşyrýar, olary goramak we dikeltmek boýunça çäreleriň geçirilmegini üpjün edýär, şeýle hem ylmy barlaglaryň geçirilmegine ýolbaşçylygy amala aşyrýar, aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek barada teklipleri taýýarlaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna berýär;

26) Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda düzgünleşdirilýän, düzüminde ozon dargadyjy we beýleki maddalary saklaýan ozon dargadyjy we beýleki maddalaryň we (ýa-da) önümleriň eksport we import edilmegine bir gezeklik rugsatnamalary berýär;

27) aw obýektlerini we ýerlerini kesgitleýär, aw möwsüminiň möhletlerini belleýär, awlanylýan haýwanlardan peýdalanmaga rugsat edilenmukdarynybelleýär we bellenen tertipde rugsatnamalary berýär;

28) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde tebigaty goramak babatda administratiw hukuk bozulmalar hakyndaky işlere garaýar;

29) tebigaty goramagyň wagyz edilmeginiň guralmagyny, raýatlaryň ekologik bilimini we terbiýesini üpjün edýär;

30) Türkmenistanyň halkara tebigaty goraýyş şertnamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça ministrlikleriň, we döwlet dolandyryşynyň beýleki merkezi edaralarynyň işini utgaşdyrýar, tebigaty goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşýar;

31) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän gaýry meseleleri çözýär.

8-nji madda. Tebigaty goramak babatda ýerine ýetiriji ýerlihäkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary

1. Ýerine ýetirijiýerli häkimiýet edaralary:

1) tebigaty goramak we rejeli peýdalanmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna ýardam edýärler;

2) degişli çäkde ýerleri, ýerasty baýlyklary, suwlary, tokaýlary, atmosfera howasyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini, beýleki tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, goramak boýunça çäreleri görýärler we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde bu ulgamda gözegçiligi amala aşyrýarlar;

3) tebigaty goramak babatda ýerlerdäkiedaralary bilen ylalaşylmagy boýunça ilatyň saglygyna we daşky gurşawa howp döredýän hem-de Türkmenistanyň tebigaty goraýyşkanunçylygynyň bozulmagyna getirýän kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň işini togtatmak baradaky kararlaryň taslamalaryny taýýarlaýarlar;

4) daşky gurşawyň we tebigatdan peýdalanmagyň ýagdaýy baradadegişli çäkdäki ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň,kärhanalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny bellenilen tertipde soraýarlar;

5) özleriniň garamagyndaky çäklerde degişli arassaçylyk ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk galyndylarynyň ýanmagyna ýol bermezden öz wagtynda çykarylmagyny we zyýansyzlandyrylmagyny üpjün edýärler;

6) tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy we muňa ýörite ygtyýarlylandyrylan beýleki döwlet edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça, arassaçylyk kadalarynyň we düzgünleriniň talaplaryna laýyklykda önümçilik we durmuş galyndylaryny ýygnamagyň, peýdalanmagyň, zyýansyzlandyrmagyň, daşamagyň, saklamagyň we gömmegiň tertibini we şertlerini belleýärler;

7) önümçilik we durmuş galyndylaryny ammarlaşdyrmak, gaýtadan işlemek we gömmek üçin ýöriteleşdirilen meýdançalaryň ýerleşjek ýerlerini bellenen tertipde ylalaşýarlar;

8) tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasyna tebigatyň aýratyn ekologik, ylmy we medeni ähmiýeti bolan obýektlerini goramak hakynda hem-de aýratyn goralýan tebigy ýerleri guramak hakynda teklipleri berýärler;

9) jemgyýetçilik ekologik seljermesiniň geçirilmegine ýardam edýärler;

10) tebigaty goramak babatda jemgyýetçilik birleşikleriniň işine ýardam edýärler;

11) tebigaty goramak babatda bilimleriň wagyz edilmegine we ilaty ekologik taýdan terbiýelemegi amala aşyrmaga gatnaşýarlar;

12) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

2. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) özleriniň garamagyndaky çäklerde tebigaty goramak we tebigy serişdelerirejeli peýdalanmak boýunça çäreleri guraýarlar;

2) öz çäklerinde abadanlaşdyrmak we agaç ekmek boýunça işleri guraýarlar we geçirýärler, ekilen agaçlaraideg etmek boýunça çäreleri görýärler;

3) özleriniň garamagyndaky çäklerde önümçilik we hojalyk galyndylarynyň ýanmagyna ýol bermezden öz wagtynda çykarylmagyny we zyýansyzlandyrylmagyny üpjün edýärler;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen çäklerde ilatyň tebigaty goramak babatda ýerli ähmiýetli meseleleri çözmäge gatnaşmagyny üpjün edýärler;

5) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän gaýry meseleleri çözýärler.

III BAP. TEBIGATY GORAMAK BABATDA RAÝATLARYŇ WE JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERINIŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

9-njy madda. Tebigaty goramak babatda raýatlaryň hukuklary we borçlary

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadykadamlaryň amatly daşky gurşawa, onuň hojalyk we beýleki işler zerarly ýüze çykýan ýaramaz täsirden goralmagyna hukugy bardyr.

2.Raýatlaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) bellenen tertipde tebigy serişdelerden peýdalanmaga, tebigaty goramak baradaky işe we daşky gurşawy sagdynlaşdyrmaga gatnaşmaga;

2) tebigaty goramak babatda işleri amala aşyrýan jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge;

3) daşky gurşawa degişli meseleler boýunça şikaýatlar, arzalar we teklipler bilen döwlet edaralaryna we guramalaryna, şeýle hem bozulan ekologik hukuklarynyň goragyny üpjün etmek üçin kazyýet edaralaryna ýüz tutmaga;

4) öz ýaşaýan ýerlerinde daşky gurşawyň ýagdaýy hakyndaky doly we ygtybarly maglumaty almaga;

5) tebigaty goramak meseleleri boýunça ýygnaklara, ýygnanyşyklaraweýörişlere,sala salşyklaragatnaşmaga;

6) jemgyýetçilik ekologik seljermesini geçirmek barada teklipleri bermäge we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde onuň geçirilmegine gatnaşmaga;

7) administratiw ýa-da kazyýet tertibinde ekologik taýdan zyýanly bolan kärhanalaryň, desgalaryň we beýleki desgalaryň ýerleşdirilmegi, gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi we ulanyşa girizilmegi baradaky kararlaryň ýatyrylmagyny, şeýle hem ýuridik we fiziki şahslaryň daşky gurşawa we adamyň saglygyna ýaramaz täsir edýän hojalyk we beýleki işiniň çäklendirilmegini, togtadylmagyny we bes edilmegini talap etmäge;

8) Türkmenistanyň tebigaty goraýyşkanunçylygynyň bozulmagy netijesinde olaryň saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy barada kazyýete talapnamalary bermäge, günäkär wezipeli adamlaryň, raýatlaryň weýuridik şahslaryň jogapkärçilige çekilmegi baradaky meseleleri goýmaga;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

3. Raýatlar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge;

2) Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary amala aşyrmaga.

10-njy madda. Tebigaty goramak babatda jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklary we borçlary

1. Jemgyýetçilik birleşikleri tebigaty goramak babatda öz işini amala aşyranda şu aşakdakylara hukuklydyr:

1) tebigaty goramak babatda öz maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we wagyz etmäge, raýatlaryň tebigaty goramak babatda hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, olary tebigaty goraýyş işini amala aşyrmaga çekmäge;

2) tebigaty goramak babatda meseleleri çözmekde döwlet edalaryna we guramalaryna ýardam etmäge;

3) tebigaty goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça çärelere, tebigatyň aýratyn ekologik, ylmy we medeni ähmiýeti bolan obýektleriniň goralmagyna, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň guralmagyna we işine gatnaşmaga;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tebigaty goramak meseleleri boýunça sala salşyklary geçirmek barada we daşky gurşawa degişli taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy hakynda teklipleri bermäge;

5) daşky gurşawyň ýagdaýy barada, ony goramak we sagdynlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda öz wagtynda, doly we ygtybarly maglumaty almak barada döwlet edaralaryna we guramalaryna, wezipeli adamlara ýüzlenmäge;

6) tebigaty goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly kararlaryň kabul edilmegine bellenen tertipde gatnaşmaga;

7) tebigaty goramaga degişli meseleler boýunça döwlet edaralaryna we guramalaryna arzalar we teklipler bilen ýüzlenmäge hem-de öz wagtynda jogaplary almaga;

8) daşky gurşawa we (ýa-da) ilatyň saglygyna zyýan ýetirip biljek hojalyk we beýleki işleriň obýektlerini taslamalaşdyrmak, ýerleşdirmek meseleleri boýunça jemgyýetçilik diňlemelerini bellenen tertipde geçirmäge;

9) jemgyýetçilik ekologik seljermesiniň bellenen tertipde guralmagyna we geçirilmegine gatnaşmaga;

10) daşky gurşawa ýaramaz täsir edip biljek hojalyk we beýleki işiň desgalaryny taslamalaşdyrmak, ýerleşdirmek, gurmak, durkuny täzelemek, ulanmak baradaky kararlaryň ýatyrylmagy hakyndaky, daşky gurşawa ýaramaz täsir edýän hojalyk we beýleki işiň çäklendirilmegi, togtadylmagy we bes edilmegi hakyndaky ýüz tutmalary döwlet edaralaryna we guramalaryna, şeýle hem kazyýete bermäge;

11) tebigaty goramak babatda jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmaga, tebigaty goramak boýunça jemgyýetçilik gözegçiliginidöretmäge, tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilýän tebigaty goraýyş meýilnamalarynyň, çäreleriniň ýuridik şahslar tarapyndan ýerine ýetirilişiniň barlaglaryna bellenen tertipde gatnaşmaga we muňaygtyýarlylandyrylan edaralar tarapyndan şeýle barlaglaryň geçirilendigi baradaky maglumatlary soramaga;

12) öz serişdeleriniň we ilatyň işe meýletin gatnaşmagynyň hasabyna daşky gurşawy gorap saklamak we gaýtadan dikeltmek boýunça işi ýerine ýetirmäge;

13) tebigaty goramak boýunça jemgyýetçilik gaznalaryny döretmäge we olaryň serişdelerini tebigaty goraýyş çärelerini geçirmäge harçlamaga;

14) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

2. Jemgyýetçilik birleşikleri tebigaty goramak babatda işi amala aşyranlarynda Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

IV BAP. TEBIGATY GORAMAK BABATDA YKDYSADY DÜZGÜNLEŞDIRME

11-nji madda. Tebigaty goramak babatdaykdysady çäreler

1. Tebigaty goramak babatda ykdysady çärelere şu aşakdakylar degişlidir:

1) tebigaty goramak babatda çäreleri meýilleşdirmek we maliýeleşdirmek;

2) tebigy serişdeleripeýdalanmaga, daşky gurşawa hapalaýjy maddalaryň zyňylmagyna we dökülmegine hem-de galyndylary ýerleşdirmäge çäklendirilen möçberleri bellemek;

3) tebigy serişdeleripeýdalanylandygy, daşky gurşawa hapalaýjy maddalaryň zyňylandygy we dökülendigi, galyndylaryň ýerleşdirilendigi, daşky gurşawa zyýanly täsirleriň beýleki görnüşleri üçin tölegiň alynmagy;

5) ykdysady baha berme we daşky gurşawyň hapalanmagy bilen ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak;

6) ekologikätiýaçlandyrmak;

7) tebigaty goramak boýunça işi ykdysady taýdan höweslendirmek.

2. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen tebigaty goramak babatda beýleki ykdysady çäreler hem bellenilip bilner.

12-nji madda. Tebigaty goramak boýunça çäreleri meýilleşdirmek we maliýeleşdirmek

1. Tebigaty goramak boýunça çäreler tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda çaklamalarda we maksatnamalarda hasaba alynýar we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryna goşulýar.

Tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda maksatnamalary işläp taýýarlamagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

2. Tebigaty goramak boýunça maksatnamalar we çäreler şu aşakdakylaryň hasabyna maliýeleşdirilýär:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň;

2) tebigy serişdeleripeýdalanylandygy, daşky gurşawa hapalaýjy maddalaryň zyňylandygy we dökülendigi, galyndylaryň ýerleşdirilendigi, daşky gurşawa zyýanly täsirleriň beýleki görnüşleri üçin töleg görnüşinde gelýän serişdeleriň;

3) daşky gurşawyň hapalanmagy bilen ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy görnüşinde gelýän serişdeleriň;

4) hökmany ekologik taýdan ätiýaçlandyrmadan gelýän serişdeleriň;

5) tebigatdan peýdalanyjylaryň hususy serişdeleriniň;

6) ýuridik we fiziki şahslaryň meýletin gatançlarynyň we bagyş etmeleriniň;

7) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň.

13-nji madda. Tebigy serişdeleri peýdalanmak, daşky gurşawa hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary we dökündileriönümçiligiň we sarp edişiň galyndylaryny ýerleşdirmek üçin çäklendirilen möçberler

1. Tebigy serişdeleri peýdalanmak, daşky gurşawa hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary we dökündileri, önümçiligiň we sarp edişiň galyndylaryny ýerleşdirmek üçin çäklendirilen möçberler ekologik çäklendirmeleriň ulgamy bolup durýarlar we tebigy serişdeleripeýdalanmagyň (almagyň), daşky gurşawa hapalaýjy maddalary zyňmagyň we dökmegiň hem-de önümçiligiň we sarp edişiň galyndylaryny ýerleşdirmegiň bellenilen aňryçäk möçberleri bolup durýarlar.

2. Tebigy serişdeleri peýdalanmak, daşky gurşawa hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary we dökündileri, önümçiligiň we sarp edişiň galyndylaryny ýerleşdirmek üçin çäklendirilen möçberler Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.

14-nji madda. Tebigy serişdeleri peýdalanylandygy, daşky gurşawa hapalaýjy maddalaryň zyňylandygy we dökülendigi üçin töleg

1. Tebigy serişdeleri peýdalanylmagy üçin töleg şu aşakdakylar üçin alynýar:

1) bellenilen çäklendirilen möçberleriň çäklerinde tebigy serişdeleripeýdalanmak hukugy üçin;

2) tebigy serişdeleri çäklendirilen möçberden artyk peýdalanylandygy üçin.

2. Daşky gurşawyň hapalanylandygy we oňa ýetirilýän zyýanly täsiriň beýleki görnüşleri üçin töleg şu aşakdakylar üçin alynýar:

1) bellenilen çäklendirilen möçberleriň çäklerinde hapalaýjy maddalaryň zyňylmagy, dökülmegi, galyndylaryň ýerleşdirilmegi we hapalamanyň beýleki görnüşleri üçin;

2) bellenilen çäklendirilen möçberlerden artyk hapalaýjy maddalaryň zyňylandygy, dökülendigi, galyndylaryň ýerleşdirilendigi we hapalamanyň beýleki görnüşleri üçin.

3. Tebigatdan peýdalanylmagy üçin tölegiň kadalaryny hasaplamagyň we ulanmagyň tertibi tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär. Tebigy gurşawyň hapalanylandygy we tebigy serişdeleri peýdalanylandygy üçin tölegiň kadalaryny Türkmenistanda bahalaryň üýtgemegine görä indeksasiýaedilmegine degişlidir.

4. Tebigy serişdeleri peýdalanylandygy üçin hakyň tölenilmegitebigatdan peýdalanyjylary tebigaty goramak boýunça çäreleri ýerine ýetirmekden, Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygynyň bozulandygy üçin jerimeleri tölemekden we tebigy gurşawy hapalamakdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan boşatmaýar.

15-nji madda. Tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak boýunça işi ykdysady taýdan höweslendirmek

Tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak çäreleriniykdysady taýdan höweslendirmek boýunça işi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýän tertipde amala aşyrylýar.

16-njy madda. Ekologikätiýaçlandyryş

1. Türkmenistanda hojalyk we beýleki işiň ekologik taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslaryň hökmany döwlet ekologikätiýaçlandyrylyşy amala aşyrylýar.

2. Hökmany döwlet ekologik ätiýaçlandyryşyň tertibi we şertleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

3.Ýüridik we fiziki şahslar şu maddanyň birinji bendinde göz öňünde tutulmadyk ekologik taýdan amala aşyrýan işleri boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny meýletin baglaşmak usuly bilen hem amala aşyryp bilerler.

V BAP. EKOLOGIK KADALAŞDYRMA

17-nji madda. Ekologik kadalaşdyrma boýunça esasy talaplar

1. Ekologik kadalaşdyrma amatly daşky gurşawyň goralyp saklanylmagyny we ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegini kepillendirýän, daşky gurşawa täsir etmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan aňryçäk ýol berilýän kadalaryny bellemek maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Ekologik kadalaşdyrma hojalyk we beýleki işler amala aşyrylanda daşky gurşawa ýetirilýän täsiriň aňryçäk rugsat edilen kadalaryny, tebigaty goramak babatda standartlary we beýleki kadalaryny bellemekden ybarat bolup durýar.

3. Ekologik kadalar hojalykwe beýleki işi amala aşyrýan ähli ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý etmek üçin hökmany bolup durýarlar.

4. Tebigaty goramak babatda kadalaşdyrma Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

18-nji madda. Daşky gurşawa täsir etmegiň ýol berilýän aňryçäkkadalary

1. Ilatyň saglygyny goramak, hojalyk we beýleki işiň daşky gurşawa ýaramaz täsir etmeginiň öňüni almak maksady bilen, ýuridik we fiziki şahslar – tebigatdan peýdalanyjylar üçin daşky gurşawa täsir etmegiň aňryçäk ýol berilýänkadalary bellenilýär.

2. Daşky gurşawa täsir etmegiň aňryçäk ýol berilýän kadalary täsir etmegiň her bir çeşmesi üçinantropogen ýüküniň ýol berilýän kadalaryndanugur alyp we daşky gurşawa täsirleriň beýleki çeşmeleriniň täsirini hasaba almak bilen bellenilýär.

3. Daşky gurşawa täsir etmegiň aňryçäk ýol berilýän kadalardangeçendigi üçin ýuridik we fiziki şahslar– hojalyk we beýleki işiň subýektleri daşky gurşawa ýetirilen zyýana baglylykda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipdejogapkärçilik çekýärler.

19-njy madda. Daşky gurşawa hapalaýjy maddalaryňzyňyndylarynyň we dökündileriniň aňryçäk ýol berilýän kadalary

Daşky gurşawa hapalaýjy maddalary zyňmagyň we dökmegiň aňryçäk ýol berilýän kadalary, hojalyk obýektleriniň uçdantutma hemmesinden hapalanmanyň her bir çeşmesinden olaryň umumy gelip gowşuşyny, hapalanmanyň her bir çeşmesi boýunça zyýanly maddalaryň zyňyndylarynyň we dökündileriniň tükellemesiniň maglumatlaryny, daşky tebigy gurşawda zyýanly maddalaryň we onuň fon hapalanmasynyň aňryçäk ýol berilýän toplanmalarynyň hereket edýän kadalaryny hasaba almak bilen bellenilýär.

20-nji madda. Galmagalyň, wibrasiýanyň, magnit meýdanlarynyň, infragyzyl şöhlelenmäniň we beýleki zyýanly fiziki täsirleriň aňryçäk ýol berilýän derejeleriniň kadalary

1. Galmagalyň, wibrasiýanyň, magnit meýdanlarynyň, infragyzyl şöhlelenmäniň we beýleki zyýanly fiziki täsirleriň aňryçäk ýol berilýän derejeleriniň kadalary ilatyň saglygynyň we daşky gurşawyň goralyp saklanylmagyny üpjün edýän derejede bellenilýär.

2. Galmagalyň, wibrasiýanyň, magnit meýdanlarynyň, infragyzyl şöhlelenmäniň we beýleki zyýanly fiziki täsirleriň aňryçäk ýol berilýän derejeleriniň kadalary Türkmenistanyň ýörite ygtyýarlylandyrylan döwlet edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

21-nji madda. Radiasion täsiriň aňryçäk ýol berilýän derejesiniňkadalary

1. Daşky gurşawa we azyk önümlerine radiasion täsiriň aňryçäk ýol berilýän derejesiniň, ilatyň radiasion şöhlelenmesiniň aňryçäk ýol berilýän derejesiniň kadalary ilatyň saglygy üçin we ýaşamak üçin amatly daşky gurşawa howp döretmeýän ululyklarda bellenilýär.

2. Radiasion täsiriň aňryçäk ýol berilýän derejesiniň kadalaryTürkmenistanyň ýörite ygtyýarlylandyrylan döwlet edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

22-nji madda. Oba we tokaý hojalygynda agrohimikatlary peýdalanmagyň aňryçäk ýol berilýän kadalary

1. Adamyň saglygyny we genetiki fonduny gorap saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak maksady bilen oba we tokaý hojalygynda mineral dökünleri, ösümlikleri goramagyň serişdelerini, boý alşyny çaltlandyrýan stimulýatorlarywe beýleki agrohimikatlary azyk önümlerinde, topraklarda we suwlarda himiki maddalaryň galyndy mukdarlarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalaryny berjaý edilmegini üpjün edýän mukdarlarda ulanmagyň aňryçäk ýol berilýän kadalary bellenilýär.

23-nji madda. Tebigy gurşawyň düzüm böleklerini almagyň ýol berilýän kadalary

1. Tebigy gurşawyň düzüm böleklerini almagyň ýol berilýän kadalarytebigy obýektleri gorap saklamak, ekologik ulgamlaryň durnukly işlemegini üpjün etmek we olaryň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak maksady bilen olary almagyň möçberiniň çäklendirmelerine laýyklykda bellenilýär.

2. Tebigy gurşawyň düzüm böleklerini almagyň ýol berilýän kadalary we olary bellemegiň tertibi ýerasty baýlyklar, haýwanat we ösümlik dünýäsi hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy, ýer, suw, tokaý kanunçylygy hem-de tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalary bilen kesgitlenilýär. Bu kadalar şu Kanun, tebigaty goramak babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tebigaty goramak, tebigy serişdeleriň aýry-aýry görnüşlerini goramak we gaýtadan dikeltmek babatda talaplara laýyklykda bellenilýär.

24-nji madda. Tebigaty goramak babatda döwlet standartlary

1. Tebigaty goramak babatda döwlet standartlary gaýtadan dikeldilişe we tebigatdan rejeli peýdalanylyşa, ekologik howpsuzlygyna, ilatyň janyna we saglygyna howp döremegine eltip biljek daşky gurşawa onuň ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen önümler, işler we hyzmatlar, hojalyk we beýleki işi çäklendirmek babatda bellenilýär.

2. Döwlet standartlarynda täze tehnika, tehnologiýalara, materiallara, maddalara we beýleki önümlere, tehnologik proseslere, şeýle önümi saklamaga, daşamaga, peýdalanmaga, şol sanda onuň önümçiligiň we sarp edişiň galyndylary toparyna geçeninden soň, tebigaty goramak babatdaky talaplar, kadalar we düzgünler hasaba alynmalydyr.

3. Tebigaty goramak babatda Türkmenistanyň döwlet standartlary we tehniki şertleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde

işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.

25-nji madda. Ekologik sertifikatlaşdyrmak

1. Ekologiksertifikatlaşdyrmak ilatyň janynyň we saglygynyň hem-de daşky gurşawy goramagyň howpsuzlygy üçin Türkmenistanyň çäginde önümiň hem-de hojalyk we beýleki işiň amala aşyrylmagynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýär.

2. Laýyklyk sertifikaty bolmazdan hökmany ekologik güwälendirmäge degişli bolan hojalyk işiniň amala aşyrylmagy we önümleriň öndürilmegi gadagan edilýär.

3. Ekologik sertifikatlaşdyrmak Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

VI BAP. EKOLOGIK SELJERME WE DAŞKY GURŞAWA

ÝETIRILÝÄN TÄSIRE BAHA BERMEK

26-njy madda. Ekologik seljerme

1. Ekologik seljerme meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işleriň tebigaty goramak babatdaky talaplara laýyk gelýändigini anyklamak we bu işiň daşky gurşawa ýetiripbiljek ýaramaz täsirleriniň we olar bilen bagly netijeleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýär.

2. Ekologik seljermäniň geçiriliş tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.

27-nji madda. Döwlet ekologik seljermesi

1. Döwlet ekologik seljermesi tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy tarapyndan Türkmenistanyň ekologik seljermesi hakyndaky kanunçylygy bilen kesgitlenilýän ygtyýarlyklaryň çäklerinde geçirilýär.

2. Döwlet ekologiýa seljermesiniň oňyn netijenamasy bolmazdan ekologik seljerme geçirilmegine degişli bolan taslamanyň durmuşa geçirilmegigadagan edilýär we maliýeleşdirmäge degişli däldir.

3. Hökmany döwlet ekologik seljermesine degişli taslamalaryň we desgalaryň sanawy, ony geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

28-nji madda. Jemgyýetçilik ekologik seljermesi

Jemgyýetçilik ekologik seljermesi jemgyýetçilik birleşikleriniň başlangyjy boýunça olaryň hususy serişdeleriniň hasabyna ýa-da jemgyýetçilik başlangyçlarynda hünärmenleriň garaşsyz toparlary tarapyndan amala aşyrylýar.

29-njy madda. Daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek

1. Daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek hojalyk we beýleki işiň subýektleriniň eýeçiliginiň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, daşky gurşawa göni ýa-da gytaklaýyn täsir edip biljek meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işler babatynda geçirilýär.

2. Daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermekmeýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işleri esaslandyrýan taslamadan öňki, şol sanda maýa goýumdan öňki we taslama resminamalarynyň ähli bäsleşiji görnüşleri işlenip taýýarlanylanda geçirilýär.

3. Daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermegiň materiallaryna bildirilýän talaplar tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýär.

VII BAP. HOJALYK WE BEÝLEKI IŞLERE BILDIRILÝÄN

EKOLOGIK TALAPLAR

30-njy madda. Hojalyk we beýleki işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslaryň işine umumy ekologik talaplar

1.Türkmenistanyň çäklerinde hojalyk we beýleki işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) daşky gurşawy goramak boýunça çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek arkaly tebigaty goramak boýunça çäreleri üpjün etmäge;

2) Tebigy serişdeleri peýdalanmagyň ýagdaýyny we olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsiriniň derejesini görkezijileriň ulgamy arkaly aňladylan maglumatlaryň toplumyny göz öňünde tutýan ekologik pasportlary işläp taýýarlamaga.

2. Ekologik pasportlar tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ýgtýarly edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça ýuridik ýa-da fiziki şahslar tarapyndan tassyklanylýar.

31-nji madda. Jaýlar, desgalar we beýleki obýektler ýerleşdirilende, taslamalaşdyrylanda, gurlanda, durky täzelenilende, ulanyşa girizilende, ulanylanda we ýykylanda ekologik talaplar

1. Daşky gurşawa göni ýa-da gytaklaýyn ýaramaz täsir edýän jaýlaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň ýerleşdirilmegi, taslamalaşdyrylmagy, durkunyň täzelenilmegi, ulanyşa girizilmegi, ulanylmagy, duruzylmagy we ýykylmagy tebigaty goramak babatdaky talaplara laýyklykda amala aşyrylýar. Şunda daşky gurşawy goramak, tebigy gurşawy dikeltmek, tebigy serişdelerirejeli peýdalanmak we gaýtadan dikeltmek, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreler göz öňünde tutulmalydyr.

2. Jaýlar, desgalar we beýleki obýektler ýerleşdirilende görkezilen obýektleriň işiniň ekologik netijelerini hasaba almak bilen, tebigaty goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak we gaýtadan dikeltmek babatdaky talaplaryň ýerine ýetirilmegi üpjün edilmelidir.

3. Jaýlar, desgalar we beýleki obýektler taslamalaşdyrylanda daşky gurşawa antropogen ýüküniň ýol berilýän kadalary hasaba alynmalydyr, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça çäreler, şeýle hem önümçiligiň we sarp edişiň galyndylaryny ýerleşdirmegiň usullary göz öňünde tutulmalydyr, tebigaty goramaga we ony dikeltmäge,tebigy serişdeleriňrejeli peýdalanylmagyna we gaýtadan dikeldilmegine ýardam edýän serişde tygşytlaýjy, az galyndyly, galyndysyz we beýleki bar bolan iň gowy tehnologiýalar ulanylmalydyr.

4. Jaýlaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň gurluşygy we durkunyň täzelenilmegi, tebigaty goramak babatda talaplaryň berjaý edilip döwlet ekologiýa seljermesi bilen ylalaşylan, tassyklanan taslamalar boýunça amala aşyrylmalydyr.

Gurluşyk işleri amala aşyrylanda ýerleri rekultiwasiýa etmek, tebigatdan rejeli peýdalanmak we gaýtadan dikeltmek, çäkleri abadanlaşdyrmak we daşky gurşawy goramak boýunça çäreler görülýär.

5. Jaýlary, desgalary we beýleki obýektleri ulanyşa girizmek taslama resminamalarynda göz öňünde tutulan tebigaty goramak çäreleriniň doly möçberde ýerine ýetirilen şertinde amala aşyrylýar.

6. Jaýlary, desgalary we beýleki obýektleri ulanmagy amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) tebigaty goramak, tebigy gurşawy dikeltmek, tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda tassyklanylan tehnologiýalary we talaplary berjaý etmäge;

2) tehniki serişdeleri we zyýansyzlandyrmak tehnologiýalaryny ulanmak hem-de önümçiligiň galyndylaryny ýerleşdirmek, hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny we dökündilerini zyýansyzlandyrmak, şeýle hem tebigaty goramak babatda talaplaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän beýleki bar bolan iň gowy tehnologiýalaryň, esasynda daşky gurşawyň hil kadalarynyňberjaý edilmegini üpjün etmek;

3) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda tebigy gurşawy dikeltmek, ýerleri rekultiwasiýa etmek, çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça çäreleri geçirmek.

7. Jaýlar, desgalar we beýleki obýektler Türkmenistanyň tebigatygoraýyşkanunçylygyna laýyklykda we bellenilen tertipde tassyklanylan taslama resminamasy bolan mahalynda ýykylýar.

Jaýlar, binalar, desgalar we beýleki obýektler ýykylanda oňaýly amatly daşky gurşawy üpjün etmek maksady bilen tebigy gurşawy dikeltmek, şol sanda tebigy gurşawyň düzüm böleklerini gaýtadan dikeltmek boýunça çäreler işlenip taýýarlanylmalydyr we amala aşyrylmalydyr.

32-nji madda. Senagat, energetika, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk desgalary ulanylanda bildirilýän ekologik talaplar

Senagat, energetika, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk desgalarynyň ulanylmagy bellenilen ekologik talaplaryň hasaba alynmagy we ekologik taýdan esaslandyrylan tehnologiýalaryň, zerur bolan arassalaýjy desgalaryň ulanylmagy we daşky gurşawyň hapalanmagyny aradan aýyrýan arassaçylyk-gorag zolaklaryny bellemek bilen amala aşyrylmalydyr. Görkezilen desgalar ulanylanda az galyndyly we galyndysyz tehnologiýalar we önümçilikler ornaşdyrylmalydyr, olar zyýanly galyndylary, hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny we dökündilerini arassalamak, zyýansyzlandyrmak we gaýtadan ulanmak üçin netijeli serişdeler bilen enjamlaşdyrylmalydyr, ýangyjyň howpsuz görnüşlerini ulanmalydyr, tebigy serişdeleritygşytly we rejeli peýdalanmalydyr, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreleri görmelidir.

33-nji madda. Şäherler we beýleki ilatly nokatlar gurlanda ekologik talaplar

1. Şäherleriň we beýleki ilatly nokatlaryň taslamalaşdyrylmagy, gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi ekologik howpsuzlygyň we daşky gurşawy gorap saklamagyň talaplaryny hasaba almak bilen, ilatyň ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin has amatly şertleri üpjün etmelidir.

2. Şäherleriň we beýleki ilatly nokatlaryň gurulmagy meýilleşdirilende we gurlanda senagat we jemagat-hojalyk galyndylarynyň sanitar taýdan arassalanylmagy, zyýansyzlandyrylmagy, gaýtadan ulanylmagy, ammarlaşdyrylmagy, howpsuz aýrylmagy, gaýtadan işlenilmegi we gömülmegi göz öňünde tutulmalydyr we amala aşyrylmalydyr. Şäherleriň we senagat merkezleriniň daş-töwereginde çäklendirilen tebigatdan peýdalanyş düzgünli tokaý-seýilgäh, agaç we gorag zolaklary döredilmelidir.

34-nji madda. Himiki maddalar ulanylanda ekologik talaplar

1. Ýuridik we fiziki şahslar himiki maddalary öndürende, saklanda, daşanda, ulananda, zyýansyzlandyranda we gömülende ekologik talaplary berjaý etmäge, olary peýdalanmagyň bellenen kadalaryny berjaý etmäge, olary ulanmagyň daşky gurşaw üçin zyýanly netijeleriniň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça çäreleri görmäge, şeýle hem bellenilenkadalaryndan geçilende himiki howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky degişli edaralary haýal etmän habardar etmäge borçludyrlar.

2. Himiki galyndylary we materiallary saklamak ýa-da gömmek maksady bilen Türkmenistana beýleki döwletlerden getirmek gadagan edilýär.

Daşky tebigy gurşawyň hapalanmak howpuny döredýän himiki maddalar bilen işlemegiň ekologik talaplarynyň bozulmagy bu maddalaryň öndürilmeginiň, saklanylmagynyň, daşalmagynyň, peýdalanylmagynyň, zyýansyzlandyrylmagynyň we gömülmeginiň gadagan edilmegine getirýär.

35-nji madda. Tebigaty galmagalyň, wibrasiýanyň, magnit meýdanlarynyň, infragyzyl şöhlelenmäniň we beýleki zyýanly fiziki täsirleriň zyýanly täsirlerinden goramak

1. Daşky tebigy gurşawa, önümçilik, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynda, köçelerde, howlularda, şäherleriň we beýleki ilatly nokatlaryň meýdançalarynda, ilatyň dynç alýan zolaklarynda we ýabany haýwanlaryň ýaşaýan ýerlerinde galmagalyň, wibrasiýanyň,magnit meýdanlarynyň, infragyzyl şöhlelenmäniň we beýleki zyýanly fiziki täsirleriň zyýanly täsiriniň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça zerur netijeli çäreleri görmäge ýuridik we fiziki şahslar borçludyrlar.

2. Şäherleriň we beýleki ilatly nokatlaryň gurulmagy meýilleşdirilende we gurlanda, önümçilik ýa-da beýleki desgalar taslamalaşdyrylanda, gurlanda, durky täzelenilende we ulanylanda, täze tehnika döredilende we özleşdirilende, ulag we aragatnaşyk serişdeleri ulanylanda galmagalyň, wibrasiýanyň,magnit meýdanlarynyň, infragyzyl şöhlelenmäniň we beýleki zyýanly fiziki täsirleriň aňryçäk ýol berilýän derejeleriniň kadalaryny hasaba alynmalydyr.

36-njy madda. Tebigaty zyýanly biologik täsirden goramak

Daşky tebigy gurşawa biologik taýdan täsir edýän ýa-da edip biljek ýuridikwe fiziki şahslar mikroorganizmleriň, haýwanlaryň, ösümlikleriň we maddalaryň biologik görnüşleriniň ekologik taýdan howpsuz öndürilmegini (döredilmegini), goralmagyny (saklanylmagyny), uýgunlaşdyrmagywe öňki mesgenine gaýtadan uýgunlaşdyrylmagyny, daşalmagyny, peýdalanylmagyny we gömülmegini üpjün etmäge, hatardan çykmalaryň we heläkçilikleriň öňüni almak, tebigata we adamyň saglygyna, tebigy genofonduň we ekologik ulgamlaryň goralyp saklanylmagyna zyýanly biologik täsiriň netijeleriniň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga borçludyrlar.

37-nji madda. Galyndylar bilen işlenilende ekologik talaplar

1. Ýuridik we fiziki şahslar önümçiligiň we sarp edişiň galyndylaryň emele gelmegini azaltmak, olary peýdalanmak, zyýansyzlandyrmak, gaýtadan işlemek, ammarlaşdyrmak we gömmek boýunça zerur netijeli çäreleri görmäge borçludyrlar.

2. Galyndylaryň ammarlaşdyrylmagy, ýok edilmegi we gömülmegiygtyýarlylandyrylan döwlet edaralary bilen ylalaşmak boýunça ýerine ýetiriji ýerli häkimiýetwe ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň kararlary bilen kesgitlenilýän ýerlerde ýerine ýetirilýär.

Galyndylary we arassalanmadyk hapa suwlary ýerüsti we ýerasty suw desgalaryna, suw gorunyň ýerlerine, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, tokaý gorunyň, oba hojalyk meýdanlarynyň we beýleki tebigy obýektleriň çäklerine dökmek gadagan edilýär.

Gurluşyk galyndylaryny gönüden-göni gurulýan desganyň ýerinde we oňa ýanaşyk çäklerde gömmek gadagan edilýär.

3. Howply galyndylaryň eksporty we importy gadagan edilýär.

Howply galyndylaryň ýörite gurluşlarda zyýansyzlandyrmak, olary meýdanlarda gömmek we ammarlaşdyrmak tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasynyň hem-de beýleki ygtyýarlylandyrylan döwlet edaralarynyň rugsady bilen ýerine ýetirilýär.

Howply galyndylary, şäherleriň we beýleki ilatly nokatlaryň golaýyndaky çäklerde, suwarymly ýerlerde suw desgalarynda, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň akwatoriýasynda we suw gorunyň ýerlerinde, şypahana, bejeriş-sagaldyş we dynç alyş zolaklarynda we daşky tebigy gurşawyň ýagdaýyna we ilatyň saglygyna howp döredilip bilinjek beýleki ýerlerde gömmek gadagan edilýär.

4. Howply galyndylary gömmek üçin rugsatnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde ýöriteygtyýarlylandyrylandöwlet edaralary tarapyndan berilýär.

5. Şu maddada bellenilen talaplaryň berjaý edilmezligiygtyýarlylandyrylandöwlet edaralarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde çykaran kararlary boýunça galyndylaryň emele gelmegi bilen bagly ýuridik we fiziki şahslara jerime çäreleriniň görülmegine, işiniň çäklendirilmegine, togtadylmagyna ýa-da bes edilmegine getirýär.

6. Galyndylar bilen işlemegiň ekologik talaplary şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

38-nji madda. Hazar deňziniň türkmen böleginde hojalyk webeýleki işler amala aşyrylanda ekologik talaplar

1. Hazar deňziniň türkmen böleginde hojalyk we beýleki işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa deňiz gurşawyny gazanmak we saklamak üçin Hazar deňziniň deňiz gurşawynyň we onuň kenarýaka zolaklarynyň deňiz we ýerüsti çeşmelerden hapalanmagyndan goramak boýunça ähli zerur çäreleri görmäge borçludyrlar. Şunda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak, ony dikeltmek, gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek we onuň biologik serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hökmany çäreler göz öňünde tutulmalydyr.

2. Hazar deňziniň deňiz gurşawynyň deňiz we ýerüsti çeşmelerden hapalanmagyndan goramak boýunça talaplaryň bozulmagy şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hojalyk we beýleki işiň doly derejede togtadylmagyna ýa-da bes edilmegine getirýär.

3. Ygtyýarlylandyrylandöwlet edaralary Hazar deňziniň biologik dürlüliginiň ýaşaýşa ukyplylygyny we bütewiligini hem-de ekologik ulgamlaryny goramak, gorap saklamak hem-de dikeltmek, şeýle hem biologik serişdeleri durnukly we rejeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmäge borçludyrlar. Şu maksatlar bilen olar Hazar deňziniň daşky tebigy gurşawyna we biologik dürlüligine döwlet monitoringiniamala aşyrýarlar, Hazar deňziniň ekologik ulgamlaryna we biologik dürlüligine ýaramaz täsirini ýetirýän ýa-da ýetirip biljek hapalanmanyň çeşmelerine we islendik işe gözegçilik edýärler.

4. Nebitgaz kompaniýalary Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit işleriniň ähli görnüşlerini ýerine ýetirenlerinde deňizde işleýänleriň janynyň we saglygynyň goralmagy, nebitiň dökülme hadysalary barada döwlet edaralarynyň habardar edilmegi, nebit dökülmeleriniň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça çäreleriň görülmegi, öz wagtynda arassalanmagy we ilata hem-de daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy üçin jogapkärçilik çekýärler.

Ygtyýarlylandyrylandöwlet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitiň dökülmeleriniň öňüni almak babatda talaplaryň we çäreleriň ýerine ýetirilmegi boýunça olaryň işine gözegçiligi amala aşyrýarlar.

Döwlet edaralary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitiň dökülmegi zerarly ýüze çykan hadysanyňöňüni almak we netijelerini aradan aýyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görýärler.

5. Önümiň paýlaşylmagy baradaky şertnamalaryň şertlerinde ýerine ýetirilýän nebit işleriniň ähli görnüşleri geçirilende ekologik talaplar Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda göz öňünde tutulýar.

VIII BAP. ÝERASTY BAÝLYKLARY, ÝER WE SUW

SERIŞDELERINI GORAMAK

39-njy madda. Ýerasty baýlyklary goramak

1. Ýerasty baýlyklary goramak diýlip, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary ylmy taýdan esaslandyrylyp, rejeli we aýawly ulanylmagyna, olaryň aňryçäk,doly, tehniki taýdan elýeterli we ykdysady taýdan maksadalaýyk alynmagyna, galyndylaryň gaýtadan ulanylmagyna, tebigatyň tebigy landşaftlaryna ýetirilen zyýanyň aradan aýrylmagyna düşünilýär.

2. Ýerasty baýlyklary goramak boýunça esasy çäreler serişde tygşytlylygyna esaslanýar: gazylyp alynýan peýdaly magdanlar gazylyp alnanda, daşalanda, olar baýlaşdyrylanda we gaýtadan işlenilende, taýýar önüm ulanylanda ýitginiň öňüni almak.

Ýerasty baýlyklary goramak boýunça esasy talaplar şu aşakdakylar bolup durýar:

1)döwlet ekologik seljermesiniň geçirilmegi;

2) gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ätiýaçlyklarynyň, şeýle hem olaryň gazylyp alynmagy bilen bagly bolmadyk maksatlarda peýdalanylýan ýerasty baýlyklaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy;

3) gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň känlerini suw basmadan, suwlulandyrmadan, ýangynlardan we gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň hilini we känleriň önümçilik gymmatlygyny peseldýän ýa-da olaryň gazylyp alynmagyny kynlaşdyrýan beýleki ýagdaýlardan goralmagy;

4) ýerasty baýlyklary peýdalanmak bilen, aýratyn-da nebiti, gazy, ýa-da beýleki maddalary we materiallary ýer astynda saklamak, önümçiligiň zyýanly maddalaryny we galyndylaryny gömmek, hapa suwlaryň dökülmegi bilen baglanyşykly işler geçirilende ýerasty baýlyklaryň hapalanmagynyň öňüni almak;

5) ýerasty baýlyklary goramak boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki çäreleri amala aşyrmak.

3. Şu maddanyň ikinji böleginiň talaplarynyň bozulan halatyndaTürkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlandyrylandöwlet edaralary tarapyndan ýerasty baýlyklary peýdalanmak hukugy çäklendirilip, togtadylyp ýa-da bes edilip bilner.

40-njy maddaÝer serişdelerini goramak

1. Ýer serişdelerini goramak ýerleri hapalanmakdan goramaga, olaryň rejeli peýdalanylmagyna, ýerleri oba hojalyk we tokaý hojalyk dolanyşygyndan esassyz alynmagynyň öňüni almaga, şeýle hem topraklaryň dikeldilmegine we hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, ykdysady we beýleki çäreleriň ulgamyny öz içine alýar.

2. Ýerleri goramagyň maksatlary we wezipeleri şu aşakdakylardan ybarat:

1) ýerleriň ýaramazlaşmagynyň we bozulmagynyň, önümçiligiň ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalaryny we tokaý melioratiw, melioratiw hem-de beýleki çäreleri höweslendirmek ýoly bilen hojalyk we gaýry işiň beýleki oňaýsyz netijeleriniň öňüni almak;

2) ýaramazlaşmaga ýa-da bozulmaga sezewar edilen ýerleriň gowulandyrylmagyny we dikeldilmegini üpjün etmek;

3) ýerden iň amatly peýdalanmagyň ekologik kadalaryny tejribä ornaşdyrmak.

3. Ýuridik we fiziki şahslar şu aşakdakylaragönükdirilen çäreleri geçirmäge borçludyrlar:

1) ýerleri arryklamakdan we çölleşmekden, suw we ýel eroziýasyndan, sillerden, suw basmagyndan, batgalaşmakdan, gaýtadan şorlanmagyna, guramagyna, dykyzlanmagynagetirilmeginden, önümçiligiň we sarp edişiň galyndylary, himiki, biologiki, radioaktiw we beýleki zyýanly maddalar bilen hapalanmagyna, beýleki bozulma proseslerinden goralmagyna;

2) oba hojalyk ýerleriniň karantin zyýan berijilerden we ösümlikleriň kesellerinden ýokuşmagyndan haşal otlaryň, gyrymsy agaçlaryň we ownuk agaçly tokaýlaryň basmagyndan, ýeriň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan gaýry görnüşlerden goralmagyna;

3) bozulan ýerleri rekultiwasiýa etmäge, olaryň gurplulygyny we ýeriň beýleki peýdaly alamatlaryny dikeltmäge hem-de ony hojalyk dolanyşygyna öz wagtynda goşmaga;

4) ýerleriň bozulmagy bilen baglanyşykly işler geçirilende topragyň hasyl berýän gatlagynyň alynmagyna, gorap saklanylmagyna we peýdalanylmagyna.

4. Täze we durky täzelenilýän jaýlar, desgalar we beýleki obýektler ýerleşdirilende, taslamalaşdyrylanda we ulanyşa berlende, ýeriň ýagdaýyna ýaramaz täsirini ýetirýän täze tehnikalar we tehnologiýalar ornaşdyrylanda ýerleri goramak boýunça çäreler göz öňünde tutulmalydyr we amala aşyrylmalydyr, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ekologik we beýleki ýörite talaplaryň berjaý edilmegi üpjün edilmelidir.

41-nji madda. Suw serişdelerini goramak

1. Suw desgalary şu aşakdakylardan goralmaga degişlidir:

1) zyýanly howply himiki we zäherleýji maddalar hem-de olaryň birleşmeleri bilen, radiasiýa we beýlekitebigy we tehnogen hapalanmadan;

2) önümçilik, durmuş we beýleki gelip çykyşly gaty galyndylardan hapalanmagyndan;

3)azalmadan.

2. Suw desgalary şu aşakdakylaryň öňüni almak maksady bilen goralmaga degişlidir:

1) tebigy ulgamlaryň ekologik durnuklylygynyň bozulmagynyň;

2) ilatyň janyna we saglygyna zyýan ýetirilmeginiň;

3) balyk serişdeleriniň we beýleki suw jandarlarynyň azalmagynyň;

4) suw üpjünçiliginiň şertleriniň ýaramazlaşmagynyň;

5) suw desgalarynyň tebigy taýdan gaýtadan dikelmek we arassalanmak ukybynyň peselmeginiň;

6) suw desgalarynyň gidrologik we gidrogeologik düzgüniniň ýaramazlaşmagynyň;

7) suw desgalarynyň fiziki, himiki we biologiki düzümine ýaramaz täsirini ýetirýän beýleki oňaýsyz hadysalaryň.

3. Suw serişdelerini goramak şu aşakdaky ýol bilen amala aşyrylýar:

1) suwdan peýdalanmagyň islendik görnüşlerini amala aşyrýan ähli suwdan peýdalanyjylara suw desgalaryny goramak boýunça umumy talaplary bildirmek bilen;

2) hojalyk işleriniň aýratyn görnüşlerine ýörite talaplary bildirmek bilen;

3) täze tehnikany we ekologik, epidemiologik taýdan howpsuz tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly suw goraýyş çärelerini kämilleşdirmek we ulanmak bilen;

4) suw desgalarynyň suw goraýyş zonalaryny,gorag zolaklaryny, agyz suw üpjünçiliginiň çeşmelerini sanitar taýdan goramagyň zonalaryny bellemek bilen;

5) suw desgalarynyň ulanylyşyna we goralyşyna gözegçiligiň döwlet we beýleki görnüşlerini geçirmek bilen;

6) suw desgalaryny goramak boýunça talaplaryň ýerine ýetirilmezligi üçin jogapkärçilik çärelerini ulanmak bilen.

4. Işleri suw desgalarynyň ýagdaýyna täsir edýän ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen ekologik talaplary ýerine ýetirmäge hem-de suw desgalaryny hapalanmadan, hapadan bitmekden we azalmakdan goramagy üpjün edýän guramaçylyk, tehnologik, tokaý melioratiw, agrotehniki, gidrotehniki, sanitar-epidemiologik we beýleki çäreleri geçirmäge borçludyrlar.

IX BAP. TOKAÝLARY, ÖSÜMLIK WE HAÝWANAT DÜNÝÄSINI GORAMAK. AÝRATYN GORALÝAN TEBIGY ÝERLER

WE OBÝEKTLER

42-nji madda. Tokaýlary goramak

1.Tokaýlar olaryň derejelerine garamazdan ösümlikleriň we haýwanlaryň ýaşaýyş ýerleri hökmünde, suw goraýyş, suw sazlaýyş, toprak goraýyş, klimat, sagaldyş we medeni-estetiki ähmiýete eýe bolan geografik gurşawyň möhüm bölegi hökmünde goralmaga we tokaýdan peýdalanmagyň sazlanylmagyna degişlidir.

2. Tokaý gorunyň çäginde ýerleşýän ýuridik we fiziki şahslar tokaý ýangynlarynyň öňüni almaga, ýangyn howpsuzlygynyň we sanitariýanyň düzgünleriniň berjaý edilmegine, tokaýlary bikanun çapmakdan, zeperlerden we Türkmenistanyň tokaý kanunçylygynyň beýleki bozulmalaryndan goramaga, tokaý gorunyň ýerlerini goramaga gönükdirilen, şeýle hem tokaý gorunyň goragyny, gaýtadan dikeldilmegini, tokaýlaryň rejeli peýdalanylmagyny we tokaýlaryň ösdürilmegini üpjün edýän tokaý hojalyk çärelerini geçirmäge borçludyrlar.

43-nji madda. Ösümlik dünýäsini goramak

1.Ösümlik dünýäsini goramak ösümlik dünýäsiniň obýektlerini olaryň sanyny, serişde kuwwatlygyny we önümliligini gorap saklamaga, olara zeper ýetirilmeginiň, ýok edilmeginiň ýa-da olara ýetirilýän başga ýaramaz täsirleriň öňüni almaga gönükdirilendir.

2. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň rejeli peýdalanylmagyna, gaýtadan dikeldilmegine, önümliliginiň we durnuklylygynyň artdyrylmagyna gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, ykdysady we beýleki çäreleriň esasynda ösümlik dünýäsini goramak amala aşyrylýar.

3. Ösümlik dünýäsiniň obýektlerini peýdalanýan ýuridik we fiziki şahslar, ýabany ösýän ösümlikleriň we olaryň toparlarynyň gögerýän gurşawynyň goragyny, tebigy ösümlikler toparlary tarapyndan eýelenen çägiň rejeli peýdalanylmagyny, ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň rejeli peýdalanylmagy we gaýtadan dikeldilmegi baradaky kanunçylygyň bozulmalarynyň öňüniň alynmagyny we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki çäreleri üpjün etmäge borçludyrlar.

44-nji madda. Haýwanat dünýäsini goramak

1.Haýwanat dünýäsini goramak biologik dürlüligiň goralyp saklanylmagyna ýa-da dikeldilmegine, haýwanat dünýäsiniň durnukly ýaşamagyna, şeýle hem haýwanat dünýäsiniň tebigy erkinlik şertlerinde ýaşaýan obýektleriniň rejeli peýdalanylmagy we gaýtadan dikeldilmegi üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

2. Haýwanat dünýäsiniň rejeli peýdalanylmagyna we gaýtadan dikeldilmegine hem-de haýwanat dünýäsiniň durnukly ýaşamagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, ykdysady we beýleki çäreleriň esasynda haýwanat dünýäsini goramak amala aşyrylýar.

3. Haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanýan ýuridik we fiziki şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi baradaky kanunçylygyny berjaý etmäge;

2) haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň tebigy toparlarynyň we ýaşaýan gurşawynyň bütewiliginiň bozulmagyna ýol bermeýän hem-de ilatyň we daşky tebigy gurşawyň howpsuzlygyny üpjün edýän usullar bilen haýwanat dünýäsiniň obýektlerini peýdalanmaga;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan haýwanat dünýäsini goramak, gaýtadan dikeltmek we rejeli peýdalanmak boýunça beýleki talaplary ýerine ýetirmäge.

45-nji madda. Aýratyn goralmaga degişli, goralýan tebigy ýerler we obýektler

1. Tebigy gurşawyň peýdaly alamatlaryny we tebigy serişdeleriňekologik deňagramlylygyny, baýlyklaryny we dürlüligini gorap saklamak we dikeltmek maksady bilen, aýratyn tebigaty goraýyş, ylmy, medeni-öwreniş, dynç alyş-sagaldyş, estetiki ähmiýete eýe bolan ýerler, tebigy toplumlar we aýry obýektler aýratyn goralmaga degişlidir.

2. Döwlet tebigy goraghanalary, döwlet biosfera goraghanalary, milli tebigy seýilgähler, döwlet tebigy ýerli goraghanalar, döwlet tebigy ýadygärlikleri, sagaldyş maksatly tebigy çäkler, döwlet botanika baglary, döwlet zoologiýa seýilgähleri aýratyn goralýan tebigy ýerlere we obýektlere degişlidir.

3. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda durýan haýwanlaryň we ösümlikleriň görnüşleri aýratyn goralmaga degişlidir.

Türkmenistanyň Gyzyl kitaby Türkmenistanyň haýwanlarynyň we ösümlikleriniň seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda durýan görnüşleriniň ýaýramagy we sany barada yzygiderli täzelenilýän maglumatlaryň esasynda tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýöredilýär.

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň we ösümlikleriň sanawy, olary oňa girizmegiň we ondan çykarmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

4. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň we obýektleriň beýleki toparlary we görnüşleri (halkara ähmiýete eýe bolan suw-batgalyk ýerler; esasy ornitologik ýerler; gaýtalanmaýan tebigy suw obýektleri ýa-da olaryň bölekleri we beýlekiler) hem Türkmenistanyň kanunçylygy bilen göz öňünde tutulyp bilner.

5. Şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýän tertipde suw goraýyş zonalary we suw desgalarynyň kenarýaka suw goraýyş zolaklary, suw desgalarynyň goralyp saklanylýan zonalary we beýleki zonalar aýratyn goralmaga degişlidir.

6. Aýratyn goralýan tebigy ýerleri we obýektleri döretmegiň, işlemeginiň tertibi we goramagyň düzgüni Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy ýerler hakyndaky kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

X BAP. ATMOSFERA HOWASYNY, KLIMATY WE

OZON GATLAGYNY GORAMAK

46-njy madda. Atmosfera howasyny goramak

1.Atmosfera howasyna zyýanly himiki, biologik, radiasion, fiziki we beýleki täsirleriň, şeýle hem parnik gazlarynyň ýetirýän täsiriniň öňüni almak, peseltmek we bes etmek arkaly atmosfera howasyny goramak üpjün edilýär.

2. Işi atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňylmagy we zyýanly fiziki täsiriň ýetirilmegi bilen bagly ýuridik we fiziki şahlar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) atmosfera howasyny goramak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan talaplary ýerine ýetirmäge;

2) atmosfera howasyna zyýanly zyňyndylary we zyýanly fiziki täsiri peseltmek boýunça desgalaryň we enjamlaryň netijeli işlemegini we olara gözegçilik edilmegini üpjün etmäge;

3) atmosfera zyňylýan hapalaýjy maddalaryň mukdarynyň we düzüminiň hasaba alynmagyny amala aşyrmaga;

4) atmosfera howasyny goramak boýunça talaplaryň berjaý edilişi babatda kärhanalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň taslamalaşdyrylyşyna we gurluşygynyň barşyna gözegçiligi amala aşyrmaga;

5) atmosfera howasyna zyýanly fiziki täsirleriň bellenen aňryçäk ýol berilýänkadalaryny berjaý etmäge;

6) atmosfera howasyna zyňylýan hapalaýjy maddalary azaltmak boýunça beýleki çäreleri amala aşyrmaga.

47-nji madda. Klimaty goramak we onuň ýaramaz netijelerini gowşatmak

1.Klimaty goramagyň we onuň ýaramaz netijelerini gowşatmagyň maksady klimat ulgamyna howply antropogen täsire ýol bermejek derejede atmosferada parnik gazlarynyň toplanmagyny durnuklaşdyrmak bolup durýar.

2. Klimaty goramak we klimat ulgamyny antropogen üýtgetmelerinden goramak babatda, onuň ýaramaz netijelerini gowşatmak boýunça çäreler durmuş-ykdysady şertleri hasaba almalydyr hem-de Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna goşulan bolmalydyr.

3. Ýuridik we fiziki şahslar klimatyň üýtgemeginiň sebäpleriniň öňüni almak ýa-da iň az mukdara çenli kemeltmek hem-de onuň ýaramaz netijelerini gowşatmak maksady bilen öňüni alyş çärelerini görmäge borçludyrlar.

4. Antropogen üýtgetmelerinden klimat ulgamyny goramak babatda, klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreler ähli ministrlikler we beýleki döwlet dolandyryşynyň merkezi edaralary, gaýry ýuridik, şeýle hem fiziki şahslar tarapyndan göz öňünde tutulmalydyr hem-de pudaklary, önümçilikleri we çäkleri ösdürmegiň degişli meýilnamalaryna we maksatnamalaryna girizilmelidir.

Klimat ulgamyny antropogen üýtgetmelerden goramak babatda çäreler şu aşakdakylary öz içine alýar:

1) çeşmelerden antropogen zyňyndylarynyň kadastrynyň işlenip taýýarlanylmagyny we ähli parnik gazlarynyň sorujylar bilen siňdirilmegini;

2) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda klimata ýaramaz täsir edýän maddalaryň öndürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmegini;

3) parnik gazlarynyň antropogen zyňyndylaryny azaltmaga ýa-da bes etmäge ýardam edýän tehnologiýalaryň, usullaryň we prosesleriň girizilmegini hem-de ulanylmagyny;

4) klimatyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça ylmy, tehnologik, tehniki, durmuş-ykdysady we beýleki barlaglary geçirmek esasynda halkara hyzmatdaşlygyny we tejribe alşylmagyny;

5) klimat ulgamyny goramak we klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini gowşatmak babatda beýleki çäreleriň geçirilmegini.

5.Tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy gyzyklanma bildirýän ministrlikler we döwlet dolandyryşynyň beýleki merkezi edaralary bilen bilelikde klimatyň üýtgemegi boýunça milli hasabatlary we maksatnamalary yzygiderli taýýarlaýar we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär.

48-nji madda. Ýeriň ozon gatlagyny goramak

1. Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda Ýeriň ozon gatlagyny ekologik taýdan howply üýtgemelerden goramak, ozon gatlagyny dargadyjy maddalaryň önümçiligini düzgünleşdirmek we olary peýdalanmazlyk arkaly üpjün edilýär.

2. Ýeriň ozon gatlagyny ekologik taýdan howply üýtgemelerden goramak hojalyk we beýleki işiň täsiri astynda ozon gatlagynyň üýtgemeginiň hasaba alynmagyny we gözegçiligini guramak, Ýeriň ozon gatlagynyň ýagdaýyna täsir edýän zyýanly maddalaryň zyňylmagynyň aňryçäk ýol berilmeýän kadalaryny bellemek, ozon gatlagyny dargadyjy maddalaryň önümçiligini we peýdalanylmagyny azaltmak hem-de doly bes etmek, şeýle hem görkezilen talaplaryň bozulmagy üçin jogapkärçilik çärelerini ulanmak arkaly üpjün edilýär.

XI BAP. ADATDAN DAŞARY EKOLOGIK ÝAGDAÝLAR

WE EKOLOGIK HELÄKÇILIGIŇ ZOLAKLARY

49-njy madda. Adatdan daşary ekologik ýagdaý

1.Adatdan daşary ekologik ýagdaý–ilatyň janyna we saglygyna, biologik dürlüligiň goralyp saklanylmagyna howply, daşky gurşawyň durnukly ýaramaz üýtgemeleri bilen häsiýetlendirilýän, antropogen täsiriniň ýa-da tebigy hadysalaryň netijesinde belli bir çäkde döreýän oňaýsyz ekologik ýagdaý.

2. Türkmenistanyň käbir çäklerinde adatdan daşary ekologik ýagdaýlar ýüze çykanda hojalyk işiniň we tebigatdan peýdalanmagyň aýratyn görnüşleri gadagan edilip ýa-da çäklendirilip bilner.

50-nji madda. Adatdan daşary ekologik ýagdaýyň we ekologik heläkçiligiň zolaklary

1. Adatdan daşary ekologik ýagdaýyň zolaklary diýlip hojalyk we beýleki işiň, tebigy güýçleriň weýran edijilikli täsiriniň netijesinde tebigy gurşawda ilatyň saglygyna, ekologik ulgamlaryň ýagdaýyna howp salýan durnukly ýaramaz üýtgemeler bolup geçýän çäkleriň, suw we howa giňişliginiň bölekleriyglan edilýär.

2. Ekologik heläkçiligiň zolaklary diýliphojalyk we beýleki işiň, tebigy güýçleriň weýran edijilikli täsiriniň netijesinde, ýa-da bolup geçen hatardan çykmanyň ýa-da heläkçiligiň netijesinde ekologik ulgamlaryň bozulmagy bilen baglanyşykly tebigy gurşawyň durnukly we dolanuwsyz üýtgemeleri bolup geçen çäkleriň, suw we howa giňişliginiň bölekleri yglan edilýär.

3. Adatdan daşary ekologik ýagdaýyň ýa-da ekologik heläkçiligiň zolaklaryny yglan etmegiň we olaryň düzgünini bellemegiň tertibi Türkmenistanyňkadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

4. Adatdan daşary ekologik ýagdaýy ýa-da ekologik heläkçiligi aradan aýyrmak boýunça çäreleriň maliýeleşdirilmegi, adatdan daşary ekologik ýagdaýyň we ekologik heläkçiligiň zolaklarynyň sagdynlaşdyrylmagy şu aşakdakylaryň hasabyna amala aşyrylýar:

1) hatardan çykmanyň ýa-da heläkçilikli ýagdaýyň ýüze çykmagyna günäkär bolan kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň serişdeleriniň hasabyna;

2) döwlet býujetiniň ýörite maksatly serişdeleriniň we başga çeşmeleriň hasabyna.

ХII BAP. TEBIGATY GORAMAK BABATDA GÖZEGÇILIK

51-nji madda. Tebigaty goramak babatda gözegçiligiň wezipeleri

1. Tebigaty goramak babatda gözegçiligiň wezipeleri daşky gurşawyň ýagdaýyna we hojalyk hem-de beýleki işiň täsiri astynda onuň üýtgemelerine gözegçilik etmek, tebigaty goramak, tebigy serişdelerirejeli peýdalanmak, daşky tebigy gurşawy sagdynlaşdyrmak we Türkmenistanyň tebigatygoraýyşkanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça maksatnamalaryň we aýratyn çäreleriň ýerine ýetirilişini barlamak bolup durýar.

2. Türkmenistanda tebigaty goramak babatda döwlet, pudaklaýyn, önümçilik we jemgyýetçilik gözegçiligi amala aşyrylýar.

52-nji madda. Tebigaty goramak babatda döwlet gözegçiligi

1. Tebigaty goramak babatda döwlet gözegçiligi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy, beýleki ýörite ygtyýarlylandyrylan döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygynyň bozulmalarynyň we tebigy serişdeleri rejesiz peýdalanylmagynyň öňüni almak, ýüze çykarmak, aradan aýyrmak, şeýle hem düzgün bozujylary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekmek maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasynyň wezipeli adamlarynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) tebigaty goramak babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrmak üçin eýeçiliginiň wetabynlygynyň görnüşine garamazdan, kärhanalara, edaralara we guramalara päsgelçiliksiz barmaga, zerur bolan resminamalary, derňemeleriň netijelerini we gaýry materiallary tanyşmak üçin soramaga we mugt almaga;

2) Türkmenistanyň tebigaty goraýyşkanunçylygynyň berjaý edilişini,tebigy serişdelerigoramak, gaýtadan dikeltmek we rejeli peýdalanmak boýunça maksatnamalaryň, meýilnamalaryň we çäreleriň ýerine ýetirilişini barlamaga;

3) tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda işiň görnüşlerini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalaryň, döwlet ekologik ekspertizasynyň netijenamalarynyň barlygyny, tebigy serişdeleri peýdalanmak we tebigaty goramak babatda işiň aýratyn görnüşlerini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalarda bellenen şertleriň berjaý edilişini, tebigatdan peýdalanmak üçin şertnamalaryň (ylalaşyklaryň) we rugsatnamalaryň ýerine ýetirilişini barlamaga, olary bellenen tertipde ýatyrmaga, olaryň ýatyrylmagy hakynda görkezme bermäge ýa-da teklip bermäge;

4) döwlet ekologik ekspertizasynyň, ekologik auditiň geçirilmegi hakynda teklipleri bermäge we olaryň netijenamalarynyň ýerine ýetirilişini barlamaga;

5) ekologik taýdan howply ýükleriň, galyndylaryň we çig mal serişdeleriniň daşky gurşawyň hil kadalarynyň we ekologik talaplaryň bozulmagy bilen amala aşyrylýan Türkmenistanyň çägine getirilmegini (çykarylmagyny), şeýle hem üstaşyr daşalmagyny gadagan etmek hakyndaky görkezmeleri bermäge;

6) ýurudik we fiziki şahslara tebigaty goraýyş talaplaryny bildirmäge, tebigaty goramak babatda düzgün bozmalary aradan aýyrmak boýunça görkezmeler bermäge;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tebigaty goramak babatda administratiw düzgün bozulmalar hakyndaky işlere garamaga, degişli edaralara günäkär taraplary administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekmek hakyndaky materiallary ugratmaga;

8) Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň möçberini kesgitlemäge, we munuň esasynda ýuridik we fiziki şahslara bu zyýanyň öweziniň meýletin dolunmagy hakynda şikaýatlary bermäge ýa-da kazyýete hak isleýiş arzalaryny bermäge;

9) ekologik talaplaryň bozulmagy bilen ýa-da ekologik ekspertizanyň oňyn netijenamasy alynmazdan amala aşyrylýan hojalyk we beýleki işiň desgalarynyň gurluşygynyň bes edilmegi hakynda degişli guramalara teklipleri bermäge;

10) önümçilik ekologik gözegçiligiň we monitoringiňkadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilişini barlamaga;

11) Türkmenistanyň tebigaty goraýyşkanunçylygyny bozujylaryň hereketleriniň öňüni almak ýa-da ýol bermezlik üçin kömek berilmegini sorap hukuk goraýjy edaralaryna ýüz tutmaga we ony almaga;

12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olara berlen beýleki hukuklardan peýdalanmaga.

3. Tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasynyň wezipeli adamlarynyň kararlary ýuridik we fiziki şahslaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirilmegi üçin hökmanydyr we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.

53-nji madda. Tebigaty goramak babatda pudaklaýyn gözegçilik

1. Pudaklaýyn gözegçiligiň tebigaty goramak babatda wezipesi tebigaty goramak we tebigy serişdelerirejeli peýdalanmak, dikeltmek we gaýtadan dikeltmek, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, tebigy serişdeleripeýdalanmagyň kadalaryny, daşky tebigy gurşawa täsir etmegiň derejesini, Türkmenistanyň tebigaty goraýyşkanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça pudaklaýyn meýilnamalaryň we çäreleriň ýerine ýetirilişini barlamak bolup durýar.

2. Tebigaty goramak babatda pudaklaýyn gözegçilik Türkmenistanyň ministrlikleriniň degişli gulluklary we döwlet dolandyryşynyň beýleki merkezi edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Pudaklaýyn gulluklaryň guralyşynyň we işiniň tertibi tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça Türkmenistanyň ministrlikleri we döwlet dolandyryşynyň beýleki merkezi edaralary tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamalar bilen düzgünleşdirilýär.

54-nji madda. Tebigaty goramak babatda önümçilik gözegçiligi

1. Tebigaty goramak babatda önümçilik gözegçiligi hojalyk we beýleki işleriň prosesinde Türkmenistanyň tebigaty goraýyşkanunçylygynyň tebigaty goramak babatda çäreleriň ýerine ýetirilmegi boýunça talaplaryny berjaý etmek maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Tebigaty goramak babatda önümçilik gözegçiligi kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň degişli gulluklary tarapyndan amala aşyrylýar.

55-nji madda. Tebigaty goramak babatda jemgyýetçilik gözegçiligi

1. Tebigaty goramak babatda jemgyýetçilik gözegçiligi her bir raýatyň amatly daşky gurşawa bolan hukugyny üpjün etmek we Türkmenistanyň tebigaty goraýyşkanunçylygynyň bozulmagynyň öňüni almak maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda tebigaty goramak babatda jemgyýetçilik gözegçiligi, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Tebigaty goramak babatda jemgyýetçilik gözegçiligi tarapyndan döwlet edaralaryna berlen netijeler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hökmany ýagdaýda garalmaga degişlidir.

56-njy madda. Daşky gurşawa döwlet monitoringi

1. Daşky gurşawa döwlet monitoringi daşky gurşawyň ýagdaýyna, şol sanda adamyň döreden täsiriniň işjeňleşen ýerlerinde gözegçilik etmek, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýynyň üýtgemeginiň oňaýsyz netijeleriniň öňüni almak we (ýa-da) azaltmak üçin hökmany bolan daşky tebigy gurşawyň ýagdaýy barada anyk maglumat bilen döwletiň, ýuridik we fiziki şahslaryň isleglerini üpjün etmek maksady bilen hemişelik esasda amala aşyrylýar.

2. Daşky gurşawa döwlet monitoringini amala aşyrmagyň gurluşy, düzümi we tertibi tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

ХIII BAP. EKOLOGIK TERBIÝE WE BILIM, TEBIGATY

GORAMAK BABATDA YLMY BARLAGLAR

57-nji madda. Tebigaty goramak babatda bilim we terbiýe

1. Jemgyýetiň ekologik medeniýetini we hünärmenleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen mekdebe çenli, umumy orta bilimi, hünärmenleriň başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanylmagyny hem-de olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny öz içine alýan, tebigaty goramak babatda ählumumy, üznüksiz we elýeterli bilim we terbiýe üpjün edilýär.

2. Ähli görnüşli hünär okuwedaralarynda, olaryň hünär ugruna garamazdan, ekologiýanyň esaslaryny we tebigaty goramak boýunça dersleriň okadylmagy göz öňünde tutulýar.

3. Daşky gurşawa ýaramaz täsir edýän iş bilen bagly ministrlikleriň we döwlet dolandyryşyň beýleki merkezi edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary, beýleki wezipeli şahslar we hünärmenler Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygynyň esaslaryny we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça talaplary bilmelidirler.

4. Bilim, tebigaty goraýyş edaralary, beýleki döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak hakyndaky bilimleri ýaýradýarlar, ekologiýany wagyz edýärler.

58-nji madda. Tebigaty goramak babatda ylmy barlaglar

1. Tebigaty goramak babatda ylmy barlaglar daşky gurşawy goramagyň ylmy esaslaryny döretmek, daşky tebigy gurşawy gowulandyrmak we dikeltmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan çäreleri işläp taýýarlamak, durnukly ekologik ulgamlaryny we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen geçirilýär.

2. Ylmy barlaglaryň wezipeleri şu aşakdakylar bolup durýar:

1) hojalyk we beýleki işleriň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsiriniň netijelerine baha bermek;

2) daşky gurşawy gorap saklamagyň we dikeltmegiň baş ýörelgelerini, ylmy çaklamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamak;

3) Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygyny kämilleşdirmek, tebigaty goramak babatdakadalary, standartlary we beýleki kadalaşdyryjy resminamalary işläp taýýarlamak;

4) tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda iň gowy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak;

5) tebigy we dynç alyş mümkinçiligini gorap saklamak we ösdürmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak;

6) tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda tejribe alyşmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak;

7) tebigaty goramak babatdaylmyň başga ugurlaryny amala aşyrmak.

XIV BAP. TEBIGATY GORAMAK BABATDA JEDELLERI ÇÖZMEK. ÝETIRILEN ZYÝANYŇ ÖWEZINIDOLMAK WE TÜRKMENISTANYŇ TEBIGATY GORAMAK BABATDA KANUNÇYLYGYNYŇ

BOZULMAGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

59-njy madda. Tebigaty goramak babatda jedelleri çözmek

Tebigaty goramak babatda jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kazyýet tarapyndan çözülýär.

60-njy madda. Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

Tebigaty goramak hakynda Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygynyň bozulmagyna günäkär ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

61-nji madda.Daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak borjy

1.Özleriniň hojalyk we beýleki işlerini amala aşyrmagynyň netijesinde ýa-da Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygynyň bozulmagy sebäpli daşky gurşawy hapalamak, tebigy serişdeleri azaltmak, zaýalamak, ösümlikler we haýwanat dünýäsini ýok etmek, tebigy serişdeleri netijesiz peýdalanmak, ekologik ulgamlary, tebigy toplumlary, tebigy landşaftlary ýuwaş-ýuwaşdan ýaramazlaşdyrmak we ýykmak arkaly oňa zyýan ýetiren ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýetirilen zyýanyň öwezini doly derejede dolmaga borçludyrlar.

2. Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki işleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýa-da Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygynyň bozulmagy sebäpli olar tarapyndan daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagymeýletin ýa-da kazyýetiň karary boýunça amala aşyrylýar.

3.Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki işleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýa-da Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygynyň bozulmagy sebäpli olar tarapyndan daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy, daşky gurşawyň hapalanmagy üçin tassyklanan nyrhlara, töleg kadalaryna we ýetirilen zyýanyň möçberini hasaplamagyň usullaryna laýyklykda bellenilen tertipde, emma olar bolmadyk mahalynda ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy çekilen ýitgileri, şol sanda elden giderilen peýdany hasaba almak bilen, daşky gurşawyň bozulan ýagdaýyny dikeltmek üçin hakyky çykdajylar boýunça ýerine ýetirilýär.

62-nji madda. Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde raýatlaryň saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

1. Ýuridik we fiziki şahslaryň hojalyk we beýleki işiniň netijesinde daşky gurşawa ýaramaz täsir edilmegi bilen raýatlaryň saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öwezi doly derejede dolunmaga degişlidir.

2.Türkmenistanyň tebigaty goraýyşkanunçylygynyň bozulmagy netijesinde raýatlaryň saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň mukdaryny we möçberini kesgitlemek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

63-nji madda. Daşky gurşawa ýaramaz täsir edýän işleri togtatmak, bes etmek we işleýiş ugruny üýtgetmek

1. Şu aşakdaky ýagdaýlarda ekologik taýdan zyýanly obýektleriň we önümçilikleriň ýuridik we fiziki şahslarynyň işi totgadylyp bilner, eger-de zyýanly täsiriň sebäplerini aradan aýyrmak mümkin bolmadyk ýagdaýynda bolsa bes edilip ýa-da işleýiş ugry üýtgedilip bilner:

1) ilatyň saglygyna we ýaşaýyş şertlerine, daşky tebigy gurşawa ýaramaz täsir edende;

2) daşky tebigy gurşawa ýaramaz täsir edýän hatardan çykmalaryň ýa-da hadysalaryň döremek howpy ýüze çykanda;

3) kärhanalaryň, guramalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň ýerleşdirilmegine, taslamalaşdyrylmagyna, gurulmagyna, durkunyň täzelenilmegine, işe girizilmegine we ulanylmagyna bildirilýän ekologik talaplar bozulanda;

4) radioaktiw, himiki we biologik maddalar bilen işlemegiň ekologik talaplary bozulanda;

5) tebigaty önümçiligiň we sarp edişiň galyndylary bilen hapalanmakdan goramak boýunça ekologik talaplar bozulanda.

2. Ekologik taýdan zyýanly desgalaryň we önümçilikleriň işini togtatmak, bes etmek ýa-da işleýiş ugruny üýtgetmek hakyndaky kararlarTürkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kabul edilýär.

64-nji madda. Ekologik taýdan zyýanly obýektleriň we önümçilikleriň işini bes etmek barada hak isleýişarzalary

Daşky gurşawa, raýatlaryň saglygyna hem-de ýuridik we fiziki şahslaryň emlägine zyýan ýetirýän ekologik taýdan zyýanlyobýektleriň we önümçilikleriň işini bes etmek barada degişli döwlet edaralaryna ýüz tutmaga ýuridik we fiziki şahslar haklydyr.

Ekologik taýdan zyýanly obýektleriň we önümçilikleriň işiniň bes edilmegi baradaky karar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kabul edilýär we görkezilen işiň maliýeleşdirilmeginiň bes edilmegi üçin esas bolup durýar.

XV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

65-nji madda. Tebigaty goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy

1. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de Türkmenistanyň tebigaty goramak babatda halkara şertnamalaryna laýyklykda tebigaty goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar.

2. Türkmenistan tebigaty goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny tebigaty goramak we tebigy serişdelerirejeli peýdalanmak meseleleri boýunça halkara şertnamalaryny we ylalaşyklaryny baglaşmak, halkara ekologik guramalaryň we gaznalaryň işine gatnaşmak arkaly amala aşyrýar.

66-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şu aşakdakylary öz güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1) 1991-nji ýylyň 12-nji noýabryndaky “Tebigaty goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1991ý., №16, 174-nji madda);

2) 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň II bölümini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., №2, 33-nji madda).

Türkmenistanyň Gurbanguly

Prezidenti Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2014-nji ýylyň 1-nji marty.

№ 40-V.