1971-nji ýylda kabul edildi. Türkmenistan 2009-njy ýylda Ramsar konwensiýasynyň tarapy boldy. Konwensiýanyň esasy maksady bütin dünýäde peýdalanylýan suwly-batgalyk ýerleri aýap saklamak we rejeli peýdalanmakdyr. Konwensiýa halkara ähmiýetli peýdalanylýan suwly-batgalyk ýerleriň Bütündünýä sanawyna girizilen 190 mln. gektardan gowuragyny birleşdirýär. Ramsar konwensiýasyna goşulmagyň esasy şertleriniň biri – ýurdyň hökümeti tarapyndan öz çäginiň iň bolmanda bir ýerini Ramsar konwensiýasyna laýyk peýdalanylýan ýer diýip yglan etmegidir.

Türkmenistanda peýdalanylýan suwly-batgalyk ýerleriň has gymmatlysy hökmünde Bütindünýä sanawyna Hazar döwlet goraghanasynyň Türkmenbaşy, Demirgazyk-Çeleken, Balkan we Mihaýlowskiý bölümleri girizildi.