1985-nji ýylda, ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasy bolsa 1987-nji ýylda kabul edildi.

Türkmenistan bu konwensiýa 1993-nji ýylda goşuldy, onuň Monreal teswirnamasynyň London düzedişleri bolsa 1994-nji ýylda tassyklanyldy.

Türkmenistan konwensiýanyň düzgünlerini durmuşa geçirmekligiň çäklerinde ozon gatlagyny dargadyjy maddalary ulanmakdan tapgyrlaýyn çykarmak we olary alternatiw maddalar bilen çalyşmak boýunça meýilnamalaýyn işleri geçirýär.

Türkmenistan Monreal teswirnamasyna girizilen ozon gatlagyny dargadyjy maddalary öndürmeýär we düzüminde ol maddalar bar bolan ýangyn söndürijileri we köpürjikleri ulanmaýar.

Türkmenistanyň Monreal teswirnamasynyň çäklerindäki kabul eden borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen bilelikde “Türkmenistanda Monreal Teswirnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň institusional güýjüni ýokarlandyrmak” we BMG-niň Senagat ösüşi boýunça maksatnamasy bilen bilelikde “Türkmenistanda hasyldan soňky bölümde bromly metili ýok etmeklige tehniki kömek” atly taslamalary ýerine ýetirýär. 2009-nji ýylda Türkmenistanyň „Ozon gatlagyny goramak hakynda“ kanuny kabul edildi.