1998-nji ýylda kabul edildi. Türkmenistan bu konwensiýa 1999-njy ýylda goşuldy.

Orhus konwensiýasy her bir adamyň öz saglygy we ýaşaýşy üçin amatly bolan daşky gurşawda ýaşamaga hukugyny kepillendirýän möhüm halkara-hukuk resminamasydyr. Konwensiýanyň maksady – her bir adamyň, onuň saglygy üçin oňaýly we abadançylykly daşky gurşawda ýaşamak hukugyny goramakdyr.

Şunuň bilen birlikde Konwensiýa gol çeken her bir tarap, daşky gurşawa degişli bolan ekologik maglumatlary almaga, kararlaryň kabul ediliş işlerine jemgyýetçiligiň gatnaşmagyna we oňa degişli meseleleriň adalatly çözülmegine ygtyýar bermekligi kepillendirýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we tebigaty goramak kanunçylygynda jemgyýetçiligiň ekologik maglumatlary almaga ygtyýarlyklary aýdyň berkidilendir.

Konwensiýa barada ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak üçin, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, degişli maglumatlary çap etmeklige, şeýle-de ýurdumyzda geçirilýän ekologik çäreler barada maglumat almaklyga mümkünçilikleri döretmeklige uly üns berilýär.

2008-2010-njy ýyllarda Türkmenistanda TASIS-iň goldamagynda „Orhus konwensiýasyny ýerine ýetirmekde jemgyýetçiligi çekmek we raýat jemgyýetçiliginiň goldawy“ atly sebitleýin taslama ýerine ýetirildi.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen hyzmatdaşlykda 2012-nji ýylda Aşgabat şäherinde „Orhus merkezi“ döredildi.