Garaşsyz Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw baradaky konwensiýalaryna özüniň ygrarlydygyny görkezip, ilkinjileriň hatarynda bu halkara ylalaşyklara goşuldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-iň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyna, BMG-iň Çölleşmäge garşy göreş baradaky konwensiýasyna, Biologik dürlülik baradaky konwensiýasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyna we Monreal teswirnamasyna, Howply galyndylaryň serhedüsti daşalyşyna we olaryň çykarylyşyna gözegçilik etmek baradaky Bazel konwensiýasyna, Daşky gurşawa degişli bolan ekologik maglumatlary almaga, kararlaryň kabul ediliş işlerine jemgyýetçiligiň gatnaşmagyna we oňa degişli meseleleriň adalatly çözülmegine ygtyýar bermek baradaky Orhus konwensiýasyna, Suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan halkara ähmiýetli suwly-batgalyk ýerleri hakynda (Ramsar) konwensiýasyna, şeýle hem sebitara derejeli Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly (Tähran) konwensiýasyna gol çekip, olary ykrar etdi.

Ykrar edilen konwensiýalar boýunça kabul edilen halkara borçnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999 ýylyň 1 martyndaky Karary bilen BMG-iň daşky gurşaw baradaky konwensiýalaryndan we maksatnamalaryndan gelip çykýan Türkmenistanyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça Döwlet topary döredildi. Onuň düzüminde her bir konwensiýa boýunça işçi toparlar hereket edýär. Döwlet topary ýurdumyzyň halkara resminamalardan gelip çykýan borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we maglumatlary ýaýratmak, utgaşdyrmak, dolandyrmak boýunça pudagara topardyr.

BMG-niň konwensiýalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ýewropa boýunça Ykdysady komissiýasy, Dünýä ekologik gaznasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Olaryň goldaw bermekliginde ýurdumyzda daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmaklyga gönükdirilen milli we sebit ähmiýetli dürli göwrümli taslamalar ýerine ýetirilýär.