Kanunlar

 Daşky gurşawy goramak boýunça kanunçylyk

  • “Tebigaty goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

    Şu Kanun tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdelerirejeli peýdalanmaga gönükdirilendir.
  • “Ekologiýa seljermesi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

    Şu Kanun ekologiýa seljermesi babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär we meýilleşdirilýän hojalyk hem-de beýleki işiň daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almaga gönükdirilendir.
  • “Atmosfera howasyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

    Şu Kanun atmosfera howasynyň arassalygyny we onuň rejeli peýdalanylyşyny üpjün etmek, atmosfera ýetirilýän zyýanly himiki, fiziki, biologik we beýleki täsirleriň öňüni almak, şeýle hem atmosfera howasyny goramak işindäki kanunylygy pugtalandyrmak gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
  • “Ozon gatlagyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

    Şu Kanun ozon gatlagyny goramagyň, şeýle hem ozon dargadyjy maddalar bilen iş alyp barmak babatda döwlet dolandyryşynyň we gözegçiliginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de ozon gatlagynyň dargamagy bilen dörän amatsyz netijelerden adamyň saglygyny we daşky gurşawy goramak maksady bilen, ozon gatlagynyň goralmagyna we onuň dargamagynyň öňüniň alynmagyna, dikeldilmegine gönükdirilendir.
  • “Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

    Şu Kanun aw-awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de Türkmenistanyn haýwanat dünýäsini awlamaga degişli edilen obýektlerini goramaga we rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir.
  • “Ösümlik dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

    Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde ösümlik dünýäsiniňgoralyp saklanylmagy, rejeli peýdalanylmagy we üznüksiz köpeldilmegi, onuň ekologik, ykdysady we serişdelik kuwwatynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklaryny kesgitleýär.
  • “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

    Şu Kanun haýwanat dünýäsini goramak, üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär we ýaşaýan tebigy gurşawynyň şertlerinde onuň aýalyp saklanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
  • “Galyndylar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

    Şu Kanun galyndylar bilen iş salyşmak çygryndaky gatnaşyklary  düzgünleşdirýär, galyndylaryň ilatyň saglygyna we daşky gurşawa ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen galyndylaryň emele gelmegini azaltmaga we hojalyk hem-de beýleki işlerde olaryň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
  • “Ösümlikleriň karantini hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

    Şu kanun döwletiň ykdysadyýetine zyýan ýetirmäge ukyply karantin we beýleki howply zyýan berijileriň, ösümlikleriň keselleriniň we haşal otlaryň daşary döwletlerden geçmeginden Türkmenistanyň çäklerini goramak babatdaky döwlet çärelerini durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny we ýörelgelerini kesgitleýär.
  • “Öri meýdanlar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

    TÜRKMENISTANYŇ K A N U N Y Öri meýdanlary hakynda Şu Kanun öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we goramak, olaryň ekologik, ykdysady we serişde potensialyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär. I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER 1-nji madda…
  • “Suw hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanuny

    (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 2004 ý¸ № 4¸ 34-nji madda) 1-nji madda. «Suw hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamaly we ony 2004-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap güýje girizmeli. 2-nji madda…
  • “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyny

    1-nji madda. «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamaly. 2-nji madda. «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny 2004-nji ýylyň 1- nji noýabryndan başlap güýje girizmeli. 3-nji madda…
  • Türkmenistanyň Sanitariýa Kodeksi

    Şu Kodeks ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmegiň, raýatlaryň oňaýly daşky gurşawa bolan hukuklarynyň, raýatlaryň olar bilen baglanyşykly başga hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň durmuşa geçirilmeginiň hem-de goralmagynyň hukuk, ykdysady hem-de durmuş şertlerini kesgitleýär.
  • Türkmenistanyň Tokaý kodeksi

    Şu Kodeks tokaýlary durnukly dolandyrmak – tokaýlary abat saklamak, goramak, peýdalanmak, üznüksiz köpeldip durmak, Türkmenistanyň çäginde olaryň ekologik, ykdysady we serişde potensialyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.