1989-njy ýylda kabul edildi. Türkmenistan bu konwensiýa 1996-njy ýylda goşuldy. Konwensiýanyň esasy maksady adamlaryň saglygyny we daşky gurşawy goramak üçin howply we beýleki galyndylaryň serhetara daşalyşyna pugta gözegçiligi ýola goýmakdyr.

Bu konwensiýanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzda howply galyndylaryň sanawy tassyklanyldy, olaryň demir ýol ulaglarynda we awtomobil ulaglarynda daşalyşyna döwlet gözegçiligi amala aşyrylýar, howply galyndylaryň serhedara daşalyşyna we olary ýok edilişine gözegçiligiň düzgünnamasy işlenilip taýýarlanyldy.