1992-nji ýylda kabul edildi. Türkmenistan bu konwensiýa 1995-nji ýylyň 1-nji maýynda gol çekdi, 1995-nji ýylyň 5-nji iýunynda bolsa Türkmenistanyň Mejlisi ony tassyklady. Bu konwensiýa howada zyýanly gazlarynyň toplanmagynyň belli bir derejede durnukly bolmagyny gazanmak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almaklyga gönükdirilendir. Türkmenistanda konwensiýanyň ýerine ýetirilişi barada iki Milli habarlar taýýarlanyldy, häzirki wagtda üçünji Milli habary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Konwensiýanyň 1998-nji ýylda tassyklanan Kioto teswirnamasynyň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzda energetika pudagynyň kärhanalarynyň zyýanly zyňyndylarynyň möçberini kemeltmek, iri elektro- we ýylylyk beketleriň enjamlaşdyrylyşyny kämilleşdirmek, nebit gazylyp alnanda gelýän ugurdaş gazlary peýdaly ulanmak, gaz geçirijiler ulgamynyň durkuny täzelemek boýunça işler geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 14-nji maýyndaky 10429 belgili „BMG-iň Howanyň üýtgemegi hakyndaky çarçuwaly konwensiýasynyň Kioto teswirnamasyna laýyklykda ekologiki we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreler hakynda“ kararyna laýyklykda ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi güýçlendirmek maksady bilen Kioto teswirnamasynyň Arassa Ösüş Mehanizimi boýunça pudagara iş topary döredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 15-nji iýunyndaky 12366 belgili karary bilen Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy tassyklandy. Strategiýada bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça hereketleriň hem-de Howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça hereketleriň meýilnamalaryny, şeýle hem, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.