2003-nji ýylyň noýabrynda bäş sany hazarýaka döwletler tarapyndan gol çekildi we 2006-njy ýylda tassyklanyldy. Konwensiýasynyň maksady Hazar deňziniň deňiz gurşawynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň, onuň dürli çeşmelerden hapalanmagynyň öňüni almakdan, deňziň baýlyklaryny durnukly we rejeli peýdalanmakdan we onuň biologik baýlyklaryny goramakdan ybaratdyr. Deňiziň hapalanmagynyň öňüni almak, onuň deňiz gurşawyny dikeltmek, baýlyklaryndan oňa zyýan ýetirmezden peýdalanmak, Konwensiýanyň maksatlaryna ýetmek boýunça abyraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin özbaşdak ýa-da bilelikde zerur çäreleri görmekligiň umumy borçnamalary ähli hazarýaka ýurtlaryň üstüne ýüklenilýär.

Tähran konwensiýasynyň çäklerinde hazarýaka döwletleri bilelikde 1998-2010-njy ýyllarda Hazar ekologiki maksatnamany ýerine ýetirdiler. Bäş hazarýaka döwletleri tarapyndan ykrar edilen Tähran konwensiýasy deňiz gurşawyna adamyň hojalyk işleriniň täsirini düzgünleşdirmegiň, Hazar deňziniň biologik baýlyklaryny goramagyň we gaýtadan dikeltmegiň, şeýle hem hazarýaka döwletleriniň bilelikde karar kabul etmekleriniň düzgünleriniň esasy ugurlaryny kesgitleýär.