1994-nji ýylda kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisi ony 1996 ýylyň iýunynda tassyklady. Konwensiýanyň esasy maksady – tebigy we adamyň hojalyk işleriniň täsiri bilen döreýän çölleşme hadysasynyň öňüni almak we ekologik mümkinçilikleriň çäklerinde zaýalanan ýerleriň biologik önümliligini dikeltmekdir.

Konwensiýanyň düzgünnamasyna laýyklykda 1996-njy ýylda Türkmenistanda çölleşmäge garşy göreş hereketleriniň esasy ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça Hökümet topary döredildi. 1997-nji ýylda Türkmenistanda çölleşmäge garşy göreş hereketleriniň milli maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Häzirki wagtda Milli maksatnamanyň Türkmenistanda syýasy we ykdysady üýtgetmeleriň talaplaryna laýyk gelýän täze nusgasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda 2003-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Çölleşmäge garşy göreş hereketleriniň sebitara maksatnamasy, 2006-njy ýylda „Ýer baýlyklarynyň dolandyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyçlary“ maksatnamasy taýýarlanyldy. Bu maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda ýer we suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak, dag we çöl tokaýlaryny dikeltmek we gorap saklamak, süýşýän çägeleri berkitmek we tokaýlaşdyrmak boýunça taslamalar ýerine ýetirildi.

Türkmenistanda BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş baradaky konwensiýasynyň ýerine ýetirilişi barada taýýarlanylan üçünji Milli hasabat 2006-njy ýylda konwensiýanyň müdiriýetine tabşyryldy.

Konwensiýa boýunça Işçi toparyň gatnaşmagynda 2011-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň täze Tokaý kodeksi taýýarlanyldy, Türkmenistanyň „Öri meýdanlar hakynda“ kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.