Biologik dürlülik baradaky konwensiýa

1992-nji ýylda kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisi ony 1996 ýylyň iýunynda tassyklady. Konwensiýa ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegini üpjün edýän biologik dürlüligi gorap saklamaga, ondan durnukly peýdalanmaga we biologik hem-de genetiki baýlyklaryň ulanylmagyndan gelýän peýdanyň adalatly paýlanylmagyna gönükdirilendir.