Günorta-Günbatar Köpetdag Merkezi Aziýa we Ortaýer deňiz sebitleriň çäkleşýän ýerinde bolan özboluşly biogeografik ýerlerdir. Bu sebit gurak subtropikleriň iň demirgazygynda ýerleşip, özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Görnükli alymlar bu sebiti öwrenip, Günorta Günbatar Köpetdagyň dünýädäki medeni ösümlikleriň gelip çykan merkezleriniň biridigini kesgitläpdirler. Olaryň maslahaty bilen bu ýerde geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Ösümlikleriň genetiki gorlarynyň Türkmenistandaky synag merkezi döredilýär. Sebitiň tebigy toplumlaryny gorap saklamak üçin bolsa goraghana döretmek wajyp bolýar. 1978-nji ýylda Günorta-Günbatar Köpetdagyň tebigy ekoulgamlaryny öwrenmek, dikeltmek we gorap saklamak maksady bilen, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy döredilýär.

Goraghana aýry-aýrylykda ýerleşýän üç sany bölümden ybarat: Merkezi (13406 ga), Aýdere (3618 ga) we Çendir (9437 ga). Olar biri-birlerinden 50 kilometr töweregi daşlykda ýerleşýärler. Merkezi bölümiň günortasyna ýanaşyp, Sünt-Hasardag çäkli goraghanasy ýerleşýär (3800 ga). Şeýlelelik-de, goraghananyň umumy tutýan meýdany 26 461ga bolup, Günbatar Köpetdagyň, takmynan, 2% eýeleýär. Merkezi bölüm Sünt we Hasar daglaryny, şeýle hem Köse dagynyň bir bölegini öz içine alýar. Onuň iň belent nokady Hasar dagydyr (1638 m). Aýdere bölümi Aýdere derýajygynyň orta we ýokary akymlarynda, onuň kert kenarlarynyň uzaboýuna, insiz zolakda (kä ýerlerde 1 km inlilikde) ýerleşýär (belentligi 800-1500 m aralykda). Çendir bölümi Çendir derýasynyň çep we sag kenarlaryndaky Günuzyndag we Palyzan gerişlerinde, Eýran döwleti bilen araçäkde ýerleşip, 500-1200 m aralykdaky belentlikdedir. Netijede, goraghana daglaryň eteginden ýokarky gerişlerine çenli guşaklyklarynda ýerleşýär.

Günorta-Günbatar Köpetdagyň ösümlik dünýäsi görnüşleriniň baýlygy, endemikleriň köplügi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde 1300-den gowrak görnüşler ýüze çykarylypdyr we şolardan 800-den köpräk görnüşi goraghananyň çäklerinde gögerýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011) girizilen ösümliklerden 34 görnüşi goraghanada duş gelýär. Şolardan türkmen selmelegini, alwany, hozy, ýabany nary we başgalary bellemek bolar. Aýratynda sebite mahsus bolan üzüm, injir, Siwersiň almasy, Buassýeniň we türkmen armytlary, badam, pisse ýaly ýabany miwelileri we hoz miwelileri bellemek gerek. Dünýäde diňe şu ýerde ösýän türkmen selmelegi goraghananyň aýratyn guwanjydyr.

Goraghanada duş gelýän dürli jandarlaryň arasynda başga ýerde gabat gelmeýän, seýrek we ýitip barýan görnüşler hem bardyr. Oňurgasyz jandarlaryň 2500 töweregi görnüşi bolup, häzire çenli doly öwrenilen däldir. Sebitiň ýerde-suwda ýaşaýanlary we süýrenijileri zoologlary özüne çekýär. Ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 görnüşi bar. Süýrenijileriň 37 görnüşi bolup, olardan göklors Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011) girizilendir.

Günorta-Günbatar Köpetdagda duş gelýän guşlaryň umumy sany 276 görnüşi bolup, tutuş Türkmenistanyň görnüş sanynyň 75% barabardyr. Goraghanada gabat gelýän 160 görnüşden bolsa 11-si Türkmenistanyň Gyzyl kitaba girizildi. Şolardan turaç, gara leglek, ütelgi, ýylançy gyrgy, bürgüt, sakgally garaguş, gyrgypisint garaguş, gajar, maslykçy we sähra göwenegi ýaly görnüşler Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna we Tebigaty goramak Halkara birleşiginiň (TGHB) sanawyna girýärler. Käwagtlar sähra bürgüdi, mazar garaguşy, balykçy gyrgy ýaly seýrek guşlaryň uçup geçmegine-de gözegçilik edilýär.

Ownuk süýdemdirijilerden ýarganatlaryň 20 görnüşi, gemrijileriň 23 görnüşi gabat gelýär. Mör-möjek iýijilerden kirpiniň 2 görnüşi we ýer köwüjileriň 4 görnüşi gabat gelýär. Towşan şekillilerden towşan we çypar omoka duş gelýär. Ýyrtyjylaryň hem dürli görnüşleri gabat gelýär. Olardan möjek, tilki, şagal, köwük we gamyş pişigi ýalylar adatydyr. Dag pişigi (manul) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir we ol soňky ýyllarda gabat gelmeýär. Goraghananyň guwanjy – alajagaplaňdyr. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna we TGHB-iň sanawyna girizilendir. Häzirki wagtda seýrek haýwan bolan zolakly syrtlanyň baş sany dikelip ugrady. Goňur aýy hem Türkmenistanyň Gyzyl kitaba girizilip, onuň käwagt Eýran döwletinden geçýändigine gözegçilik edilýär. Samyr şekillilerden samyr, alajagözen, sakartorsuk adaty duş gelýärler. Gunduz we itaýy bolsa Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Sebitdäki toýnaklylaryň 5 görnüşinden goraghanada ýabany doňuz we aýrak gabat gelýär. Gulanyň we keýigiň mahsus meýdanlary goraghananyň çäginden daşarda ýerleşýär. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi jerenleriň we gulanlaryň ýaşaýan meýdanlaryny köpeldiş meýdany diýip yglan etdi. Aýrak, umga, keýik we gulan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Goraghanada we sebitde tebigy toplumlary öwrenmek, dikeltmek we gorap saklamak boýunça dürli çäreler geçirilýär. Ylmy bölümde howany, suwlary, topragy, ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek boýunça gözegçilikler geçirilýär. Her ýyl “Tebigatyň ýyl ýazgysy” ýöredilip gelýär, işgärleriň ylmy makalalary çap edilýär.

Bikanun aw awlamak, agaçlary çapmak ýaly adamyň oňaýsyz täsirlerinden tebigy toplumlary gorap saklamak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Radioda, telewideniýede we gazetlerde çykyş edilip, wagyz-ündew işleri geçirilýär. Mekdep okuwçylary, halk köpçüligi we harby gullukçylar bilen gürrüňdeşlikler geçirilýär, leksiýalar okalýar.

Her ýylda tokaýlary dikeltmek boýunça geçirilýän işler goraghananyň wajyp işleriniň biridir. Tokaýlary dikeltmek üçin badam, pisse, garatiken, horaçeken ýaly görnüşleriň tohumlary ýygnalýar we ekilýär. Şeýle hem, nahalhanada hoz, badam ýaly görnüşleriň nahallary ýetişdirilip, tebigata göçürilýär.

Goraghananyň döredilen wagtyndan bäri seýrek we ýitip barýan görnüşleri emeli usulda köpeltmek we tebigata goýbermek işlerine uly üns berilýär. Goraghananyň merkezi mülkündäki kapasalarda towuk şekilli seýrek guşlar bolan turajy we pars sülgünini köpeltmek işi geçirilýär.

Toýnakly haýwanlaryň seýrek görnüşlerini köpeltmek işinde hem üstünlikler gazanylýar. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda goraghananyň işgärleri tarapyndan gulanlary getirilip, Günbatar Köpetdaga goýbermek işi geçirildi. Netijede, olaryň ýaşamagy üçin amatly bolan goraghananyň çäginden daşyndaky ýerlerde gulanlaryň topary döredildi. Häzir olar sebitiň barmasy kyn bolan ýerlerinde aýry-aýry toparlar bolup ýaşaýarlar.

Günbatar Köpetdagda keýikleriň kiçiräk sürüsi döredilip, 44 başdan ybarat bolan ilkinji topary tebigata goýberildi. Olaryň arasynda malhanada doglan owlaklar hem bardy. Soňra, olarda gan çalşygyny geçirmek maksady bilen, ýene-de birnäçe keýik goýberildi.

Günorta-Günbatar Köpetdag diňe bir tebigy baýlyklar däl, taryhy, medeni we arheologik gymmatlyklara hem baý.