Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň döreýiş taryhy XX asyryň başlaryndan başlanýar. 1912-nji ýylda Russiýa Imperatorlyk Geografiýa jemgyýeti tarapyndan Repetek demirýol duralgasynyň ýanynda Repetek çäge-çöl Russiýanyň ylmy stansiýasy döredilýär. Onuň döredilmegi, şol wagtdaky Imperatorlyk Geografiýa jemgyýetiniň aladasy bilen Garagumy ymykly öwrenmek üçin döredilýär. Stansiýanyň ilkinji direktory, soňra Moskwa döwlet uniwersitetiniň professory W.A.Dubýanskidir (1912-nji ýyldan tä 1928-nji ýyla çenli).

Repetek döwlet goraghanasy 1927-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda şol wagtky Türkmenistan Respublikasynyň MIK-niň ýörite karary bilen döwlet goraghanasy diýip yglan edilýär. Munuň döredilmeginiň düýp sebäbi: Repetegiň we onuň daş-töweregindäki meýdanlarda bar bolan ajaýyp ojar tokaýlary we Gündogar Garagumuň çägeli-çölüniň aýratyn, özboluşly üýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini ylmy taýdan öwrenmek, gorap saklamak hem-de olary dikeltmekden ybaratdyr.

Bu goraghana 1979-njy ýylyň 19-njy fewralynda ÝUNESKO-nyň „Adam we biosfera“ maksatnamasynyň Halkara sazlaşdyryjy Geňeşiniň karary bilen biosfera döwlet goraghanasy diýen hukuk ýagdaýy (statusy) berildi. Mundan başga-da goraghananyň tabynlygynda Ýerajy çäkli goraghana (30 müň ga) bar.

Türkmenistanda ilkinji döredilen Repetek döwlet biosfera goraghanasy Gündogar Garagumuň merkezi böleginde, Türkmenabat şäherinden 70 km günortada, Repetek demirýol duralgasynyň ýanynda ýerleşýär. Onuň meýdany 34 600 ga barabar.

Repetek döwlet biosfera goraghanasy Gündogar Garagumuň merkezi böleginde ýerleşip, Garagumuň örän ajaýyp çäge relýefiniň şekilleriniň esasy nusgalarynyň ählisini diýen ýaly özünde jemleýär. Onuň landşaftyna bolsa, sazak-gandym-selinli uly çäge gerşleriniň, ojarly jülge görnüşli peslikleriň hem-de erkek selin-sözenli aklaň meýdanlarynyň gezekleşmegi häsiýetlidir. Dünýäniň hiç bir ýerinde muňa meňzeş çöl relýefiniň täsinlikleri gabat gelmeýär. Ajaýyp tebigy künjekleriň biri hem gara sazakly tokaýlarydyr, olar goraghananyň umumy meýdanynyň 4,5% ýa-da 1 470 ga ýerini tutýar. Çäge-çöl relýefiniň bu hakyky „çöl tokaýlary“ sebitiň ähli biodürlüliginiň esasy özenidir. Şonuň üçin hem bu ýerde ösümlik örtüginiň 100-den gowrak görnüşi ösýär. Şolaryň içinde birýyllyk ösümlikler agdyklyk edýär. Garagum çölünde sazak tokaýlarynyň ozalky tebigy ýagdaýynda saklanyp galan seýrek ýerleriň biri hem Repetek goraghanasydyr.

Tebigatyň owadan jandarlarynyň biri bolan, keýikleriň (jerenleriň) durnukly populýasiýasyny, seýrek duş gelýän guşlar bolan bürgüdiň, ýylançy gyrgynyň we çöl serçesiniň ýaşaýan uly çäge gerişleri, tümmek we aklaň çägeleri, ojarly jülge görnüşli peslikler bilen birlikde ýeke-täk gorag ulgamyny emele getirýär. Repetek goraghanasynda seýrek duş gelýän mör-möjekleriň hem uly topary ýaşaýar. Bu ýerler türkmen burunlak tomzagynyň ýeke-täk tapylan ýeridir.

Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ojarly tokaýlary „Ýamantokaý“, „Demirgazyk jülge“, Günorta jülge“ we „Çarlak“ diýen tebigy ýerlerde ösýärler.

Häzirki wagtda goraghananyň kömelekler dünýäsi mikromiset-kömelekleriň 189 görnüşden, bazidial makromiset-kömelekleriň 8 görnüşden ybaratdyr.

Floristik düzümi bolsa 68 görnüşli we dürli nusgaly toprak suwotularyndan, 4 görnüşli epifit lişaýniklerden, 4 görnüşli baldak ýaprakly garaharsaňlardan, 1 görnüşli ýalaňaç tohumlylardan we 120 görnüşli ýerli gülli ösümliklerden ybaratdyr.

Gülli ösümlikleriň florasynyň esasyny: selmeler, çylşyrymlygüllüler, atanakgüllüler, däneliler, kösükliler, buraçnikler we kyrkbogunlylar maşgalalary düzýär. Olaryň paýyna 87 görnüş ýa-da ösümlikler dürlüliginiň 72,5 % düşýär.

Otjumak ösümlikleriň san taýdan agdyklyk etmegine garamazdan goraghananyň ösümlik örtügi agaç-gyrymsy häsiýetlidir. Olaryň içinde yssy klimatly ürgün çägelerde ýaşaýan gyrymsy agaç we psammofit ösümlikleriň topary agdyklyk edýär. Bularyň iň esasylary: ak gandym, gyzyl gandym, ak sazak, gum borjagy we sözen hasaplanylýar. Köpýyllyk otlaryň içinde iň ähmiýetlisi ýylakdyr.

Goraghananyň haýwanat dünýäsi özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Ol 1343 görnüşli oňurgasyzlardan, 22 görnüşli süýrenijilerden, 200-den gowrak görnüşli guşlardan we 29 görnüşli süýdemdirijilerden ybaratdyr. Oňurgasyzlaryň ähli görnüşiniň 75%-e golaýy Turan çöllerinden özge ýerde duş gelmeýän ýerli görnüş hasaplanylýar.

Süýrenijilerden şähra pyşdyly, gum patmasy, gyzardygulak, çal as we Eremiýas urugyndan bolan suwulganlar, şeýle hem okýylan, alaýylan, alahöwren goraghanada adaty görnüş hasaplanylýar. Özge ýerlerde duş gelmeýän ýerli görnüşleriň göterimi 27-ä deňdir.

Goraghanada hasaba alnan guşlaryň içinde 15 görnüşi oturymly guşlar hasaplanylýar. Olaryň 18 görnüşi uçup gelip höwürtgeleýänlere, 24 görnüşi bolsa gelip gyşlaýanlara degişli. Galanlary bolsa uçup geçýänlere, tötänden uçup gelýänlere we göçüp-gonup ýörenlere degişli. Goraghananyň ýerli haýwanlarynyň aglabasy seýrek duş gelýän görnüşlere degişlidir. Şonuň üçin hem olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011) girizildi. Süýdemdirijilerden: keýik, garagulak; guşlardan: bürgüt, ýylançy gyrgy, çöl serçesi, togdary, gajar, şeýle hem uçup geçýän guşlaryň birnäçe görnüşleri degişlidir; süýrenijilerden: zemzen we kepjebaş; oňurgasyz haýwanlardan bolsa Repetegiň entomofaunasyndan 7 görnüşi hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Häzirki wagtda Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň esasy wezipeleriniň biri – çäge-çöllük ekoulgamyny we onuň biologik dürlüligini tebigy ýagdaýda gorap saklamakdan we haýwanlaryň seýrek duş gelýän gymmatly görnüşlerini ýarym erkin ýagdaýda köpeltmekden, ylmy esasda öwrenmekden we olary gorap saklamakdan ybarat. Şonuň üçin hem goraghanada 1998-nji ýyldan bäri gorag bölümi, 2001-nji ýyldan bolsa ýabany haýwanlar üçin malhana işleýär.

Repetek çäge-çöl ylmy stansiýasynyň we döwlet goraghanasynyň 100 ýyllyk taryhy köp-köp üstünlikli, baý mazmunly hem-de köptaraplaýyn boldy. Ekoulgamyň ösüşi we onuň hereketleri geçirilen düýpli barlaglar, çözülen amaly meseleler we geçirilen dürli ylmy tejribeler bilen baglanşyklydyr.

Häzirki wagtda goraghananyň işgärleri ylmy barlaglardan başga-da ilatyň arasynda tebigaty goramak we ekologik terbiýe barada wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Şol maksat bilen goragnananyň muzeýine we beýleki üýtgeşik ýerlere gezelençler, mekdep okuwçylaryň arasynda gürrüňler, şeýle-de teleýaýlymlarda, radioda we metbugatda dürli makalalar bilen çykyş etmek, bükletleri we kitapçalary neşir etmek işleri alnyp barylýar.