1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda dőredilen Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy äpet Pamir-Alaý dag ulgamynyň Gissar gerşiniň bir şahasy bolan Köýten daglarynyň günbatar eňňidinde ýerleşýär. Goraghananyň tutýan meýdany 27139 ga barabardyr. Goraghananyň dőredilmeginiň esasy maksady – Kőýtendagyň we oňa golaý ýerleriň täsin tebigatyny goramakdan hem-de bozulan ekoulgamlaryny dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Şeýle hem onuň dőredilmegi, juda seýrekligi üçin Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag tekesini goramak zerurlygy bilen baglydyr.

Goraghananyň we onuň töwereginiň klimaty hem edil tutuş tebigy keşbi ýaly diýseň özboluşlydyr. Ygallaryň ortaça bir ýyldaky mukdary 402 mm bolup, onuň möçberi dag eteklerinde azalyp, beýiklikde bolsa 700-800 mm ýetýär. Bahar aýlary çagbaly ýagyş ýaganda, derelerde sil akymlary döreýär.

Köýtendagyň ady onuň relýefiniň mahsus aýratynlygyny örän jaýdar häsiýetlendirýär. Ol “kuhi” diýen pars we “teň” diýen türk sözlerinden gelip çykyp, “geçmesi kyn dag” diýen manyny aňladýar. Hakykatdan hem, bu daglyk ýerler köp sanly jülgedir dereler bilen dilkawlanandyr. Olaryň iň uzyny Hojaçilgezbabadyr (28 km). Has owadany çuňlugy 600 m çemesindäki Daraýderedir. Onda grek hozundan, üzümden, kawkaz dagdanyndan, injirden, sütükli kerkawdan, zerewşan arçasyndan ybarat tokaýlyk ýerleşýär. Gün şöhlesi düşmeýän agaçlaryň aşagynda ýylyň bütin dowamynda sowuk dury suwly çeşme akyp ýatyr. Belentligi 27 m bolan täsin şaglawuk ýerleşýän, eňňitleri kert darajyk Umbardere jülgesi görenleri aňk edýär.

Köýtendagyň ösümlik örtügi dag eteklerinde otjumak ösümlikler toplumynyň, ýokarda bolsa güýçli bozulan agaç we gyrymsy agaçlaryň zerewşan arçasynyň agdyklyk edýän guşaklygy ýerleşendir. Dagyn üstki böleginde ýassyk şekilli tikenli ýarymgyrymsy ösümlikler mesgen tutýarlar.

Goraghananyň florasynda pamir-alaý görnüşleri agdyklyk edýärler, beýleki görnüşleri hem hasaba alanyňda, bu ýerde 989 görnüşiň ösýändigi anyklanyp, şolaryň 10% diňe şu ýerlerde ösýän (endemik) görnüşlerdir (köýtendag irisi, kelif astragaly, Nikitiniň esparseti we beýlekiler). Lukmançylykda ulanylýan derman ösümlikleriň hem 200-den gowrak görnüşleri duş gelýär. Gymmatly ösümliklerden Gordýaginiň kleomesi, beýik çigildem, Wiktoryň gaýrajy ýaly ösümlikler Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011) girizildi. Endemiklerden bellemelisi Merkezi Aziýanyň başga hiç ýerinde tapylmadyk Popowyň kugitangiýasy urugy diňe şu ýerde duşýar. Aýratyn bellemelisi diňe astragal urugyndan 7 görnüş endemikdir. Daglardaky toprak örtügini ýel tozatmagyndan we suwuň zaýalamagyndan goramakda ösümlik örtüginiň esasan hem tomusky örtüginiň ähmiýeti örän uly.

Köýtendagyň haýwanat dünýäsi hem baý we dürli-dürlüdir. Bu ýerde ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 (ýaşyl gurlawuk, köl gurbagasy), şüýrenijileriň 25 (hažžyklar, zemzen, gyzardygulak, aslar, göklors, kepjebaş, suw ýylany, okýylan we başgalar), guşlaryň 122 (sakally garaguş, gajar, dazzarkel, mazar garaguşy, gyrgy, depe syçançysy we başgalar) we süýdemdirijileriň 40-a golaý görnüşi duşýar. Juda seýrek we gymmatly haýwanlaryň görnüşlerinden gara leglegi, uzynguýruk siňekçini, hindi ütelgisini, geçigaplaňy, burma şahly dag tekesini, köýten kör ýalaňaç balygyny we başgalary ýatlamak bolar.

Umumy meýdany 105.2 müň ga çemesi bolan dört sany: Garlyk, Hojapil, Hojaburjybelent, Hojagarawul döwlet tebigy çäkli goraghanalary degişli. Garlyk toplumlaýyn tebigy çäkli goraghanasy (40 müň ga) Köýtendagyň günorta ýapgydyny we Amyderýa çenli daglyk ýerleri öz içine alýar. Ol dünýä meşhur Garlyk karst gowaklar toparyny, kükürt-wodorodly melhem suwly Gaýnarbaba çeşmesini, Köýtendagyň kör ýalaňaç balygynyň ýaşaýan ýerasty köllerini, Çinjir, Kettekiň, Abdere, Bulakdere ýaly çuň we gözel jülgeleri goraýar.

Hojapil landşaft-paleontologik tebigy çäkli goraghanasy (31,6 müň ga) Köýtendagyň goraghana girmedik demirgazyk bölegini, Köýten jülgesiniň ýokary guşaklygyny we Gowurdak pes daglygynyň demirgazyk gündogaryny öz içine alýar. Ol takmyndan 150 mln ýyl mundan oň ölüp giden aždarhalaryň aýak yzlary saklanyp galan “Dinozawrlaryň belent tekizligini”, gözel dereli „Kyrkgyz“ gowagyny, şarlawukly Umbar deräni, Kette, Aýgyr, Horjun ýaly karst kölleri, Köýten obasyndaky köp asyrlar ýaşan çynarlary hem arnap tokaýjygyny, Garadepäniň ýanyndaky pisse tokaýjygyny goraýar.

Hojaburjybelent landşaft tebigy çäkli goraghanasy (17,6 müň ga) Köýten obasynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşip, Sakyrtma, Hojaburjybelent, Tahtadag gerişlerini öz içine alýar. Bu ýerde meşhur pisse tokaýlygy (1,5 müň ga) we dagyň deňsiz-taýsyz künjekleri goralýar.

16,0 müň ga meýdany bolan Hojagarawul landşaft-toplumlaýyn tebigy çäkli goraghanasy bolsa, Köýtendagyň demirgazyk eňňidiniň aşaky guşaklyklarynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak we rekreasiýa ähmiýetli bolan dereleri (Hojagarawuldere, Daraýdere) goramak, dikeltmek we öwrenmek maksady bilen döredilendir. Bu çäkli goraghana esasan goraghana girmän galan Daraýdere jülgesiniň aşaky bölegini we Hojagarawul deresini öz içine alýar.

Ýokarda agzalan çäkli goraghanalaryň köp ýerleri dünýä, sebit, döwlet we ýerli ähmiýetli tebigy ýadygärliklerdir.

Goraghanada haýwanlaryň sanyny we görnüşini anyklamak, ösümlikler barada maglumat toplamak, karst gowaklaryny we beýleki tebigatyň täsinliklerini öwrenmek, ilatyň arasynda ekologiki bilim hem terbiýe bermek işleri geçirilýär. Toplanan ylmy maglumatlaryň netijeleri, kitaplarda, ýygyndylarda, gazet hem žurnal sahypalarynda çap edilýär. Şonuň bilen birlikde radioda we telewideniýede goraghananyň tebigaty barada gürrüň edilýär.

Bulardan başga-da, bu ýeri dag jynslarynyň ýalaňaçlanan gatlagyna has hem gum daşlarynyň gyzyl reňkdäki gatlaklaryna baýdyr. Bu ýagdaýy belli botanik M.G. Popow “Tutuş landşaft ajaýyp, gyrmyzy-gyzyl reňkde, ýalpyldap duran gök asman dürli reňkli gatlaklar bilen tapawutlanyp, haýran galdyryjy gözellik döredýär” diýip belläp geçýär. Hut şol dürli reňkli dag gözellikleriniň üstünde owadan hedizarum, beýik çigildem, çyryşlaryň birnäçe görnüşi we başga bezeg ösümlikleri ösýär.