Köpetdagyň gaýtalanmajak tebigy toplumlary – onuň geologiki gurluşy, landşafty, ösümlik we haýwanat dünýäsi, çeşmedir-derýalary hemişe-de alymlaryň, jahandakeşleriň we syýahatçylaryň ünsüni özüne çekipdir. XIX-XX asyrlarda Gündogar, Merkezi we Günbatar Köpetdagda geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde bu sebitiň tebigy baýlyklary barasynda gymmatly maglumatlar ýygnaldy. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň işi bu täsin dag ulgamyny öwrenmäge we aýap saklamaga gönükdirilendir.

Goraghana 1976-njy ýylyň 19-njy awgustynda Merkezi we Gündogar Köpetdagyň hem-de dag-etek düzlükleriň ekoulgamlaryny gorap saklamak we olary toplumlaýyn öwrenmek, esasan-da arçalyklary, ýabany miweli agaçlaryň tokaýlaryny, haýwanat dünýäsiniň täsin wekillerini (görnüşlerini) – umgalary, aýraklary, alajagaplaňy, dag hindi towugyny we beýleki görnüşleri gorap saklamak maksady bilen döredildi. Goraghananyň meýdany Ahal welaýatynda ýerleşýär

Merkezi Köpetdagyň orta dag guşaklyklarynda meýdany 50,9 müň ga gowrak bolan Ruhabat (Asylma, Babazaw, Arçabil) we Germap meýdançalary ýerleşýär. Başga-da goraghananyň tabynlygyna iki sany çäkli goraghana: Guryhowdan (15 müň ga) ­– Merkezi Köpetdag we Mäne-Çäçe (60 müň ga) – Gündogar Köpetdag hem-de iki sany tebigy ýadygärlik: Günbatar Köpetdag bilen araçäkleşýän ýerinde Garaýalçy hoz tokaýlygy (20 ga) we Gündogar Köpetdagyň dageteginde ýerleşýän Çarlyk pisse tokaýlygy (2000 ga) degişlidir. Şeýle hem gorag zolagy degişli bolup, onuň tutýan meýdany 32,8 müň ga barabar.

Köpetdag goraghanasynyň ösümlik dünýäsi klimatyň guraklygyna we kesgitli üýtgeýänligine garamazdan, görnüşlere baýdygy we köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Ýokary derejeli ösümlikleriň 1200-e golaý görnüş düzümi bolup, Türkmenistan boýunça ösýän ösümlikleriň görnüş düzüminiň 40%-ni tutýar. Goraghananyň ösümlik dünýäsi diňe bir duşýan görnüşleriň köp mukdarda gabat gelmegi bilen tapawutlanman, eýsem şu künjekde gabat gelýän tebigy – relikt, seýrek, endemik ösümlikleriň bolmagy täsinlikdir. Olaryň köpüsi (40-dan gowrak görnüş) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011) girizilendir. Bu ýerde giňden ýaýran, hemişe gök öwsüp oturan, esasy tokaý dörediji agaç Köpetdag-Horasan daglarynyň endemigi – türkmen arçasydyr. Arça tokaýlygy goraghananyň 23 müň ga gowrak meýdanyny eýelemek bilen, tutuş Köpetdagda ösýän arçalyklaryň 50% meýdany goraghananyň çäginde ýerleşýär. Arçanyň gurakçylyga çydamlylygy, onuň topragy dandamazlyk aýratynlygy beýleki ösümlikleriň ösüp bilmeýän ýerlerinde ösmäge mümkinçilik berýär. Arça agajy diňe tohumyndan köpelýär. Bir ýylky ösüşi 3-7 sm-e, käbirleri 15 sm-e çenli hem ösüp boý alýar. Haýal ösüşine garamazdan türkmen arçasynyň ýaşy 600-800 ýyla «gojaman ýaşyna» çenli ýetýär. Bu “pälwan” agaçlaryň beýikligi 18-20 m çenli ýetýär, sütüniniň töwerekleýin ýogynlygy 3 m-den hem artýar. Arçanyň berk kök ulgamynyň bolmagy hem-de daşky gurşawyň amatsyz şertlerine onuň durnuklylygy diňe bir dag eňňitlerini, kert gaýalary dürli zaýalanmalardan goraman, eýsem ýer we suw eroziýa hadysalarynyň hem öňüni alýar. Bulardan başga-da arça derman senagatynda giňden ulanylýar.

Ýene-de bir gymmatly agaçlaryň biri, gadymy ortaýerdeňziniň ösümlik dünýäsiniň relikti, derejesi boýunça ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş bolan – adaty hozdur. Häzirki wagtda goraghananayň Garaýalçy we Galanhoz jülgelerinde uly bolmadyk hoz tokaýlygy bar. Hozy gadymy döwürlerden bäri köp halklar nyşan hökmünde ulanypdyrlar, şeýle hem onuň dermanlyk häsiýetleri adamlary gyzyklandyryp gelipdir. Hoz tohumyndan köpelýär we ol seçgi işlerinde uly ähmiýete eýedir. Köpetdagyň ösümlikleriniň içinde aýratyn orunda türküstan we pars rýabinalaryny hem bellemek bolar. Goraghananyň Germap meýdançasynda bu görnüşleriň bölek-büçek populýasiýalary gabat gelýär. Rýabinanyň gül çogdumlarynyň ak gülleri aýratyn hem özüne çekýär we bezeg agajy hökmünde ony ilatly ýerleri gülzarlyga öwürmek maksady bilen hem ulanmak bolar. Seçgi işleri üçin ajaýyp material hökmünde türkmen armydyny we türkmenleriň almasyny görkezmek bolar. Şu güne çenli almanyň birnäçe medeni sortlaryny (häzirki wagtda 10 müňden gowrak) döretmekde ýabany görnüşleriň ulanylmagy uly ähmiýet berdi,

Goraghananyň dag ekoulgamynyň esasy bölegini ululy-kiçili, açyk reňkli we kän bir göze ilmeýän, ýaşaýyş dowamlylygy örän gysga bolan otjumak ösümlikler (efemerler) tutýar. Bu owadan gülleýän, bezeg ösümliklerine Köpetdag örän baý. Öz kowumdaşlarynyň arasynda özboluşlylygy, ajaýyp gözelligi bilen tapawutlanýan ösümlikleriň biri hem çigildemlerdir. Çigildem gülleriniň gözelligi barada baryp XIII asyrda Sadynyň “Gülüstan” eserinde bellenip geçilipdir. Türkmenistanda çigildemleriň 16 görnüşi ösýär, olardan 4 sany görnüşi – Guguň, Miheliň, Wilsonyň we Lemanyň çigildemleri esasan hem Köpetdag goraghanasynyň meýdanlarynda ösýär. Şeýle täsin ösümliklere zakaspi giasintellasy, Litwinowyň giasinti degişlidir. Ýokarda görkezilen görnüşler we türkmen popowiolimony, çopandag aýgüli, Wawilowyň sogany, horasan sarysolmazy, köpetdag daşkekresi we başga görnüşler Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011) girizildi. Atabaýewiň haramçybygy – Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna girizildi. Tebigy ekoulgamyň möhüm düzümi bolan agaçlar we gyrymsy agaçlar – türkmen kerkawy, adaty ijnir, kawkaz dagdany, Buzýeniň haramçybygy, türkmen badamy, eýran üçgaty we ösümlikleriň başga görnüşleri goraghananyň tebigy gözelligine görk goşýar.

Daglarda sarysolmaz, jerebaý, yşgyn, aňňyza, andyz, böwürslen, alyç, zirk, itburun ýaly jana şypa beriji dermanlyk otlaryň birnäçe görnüşi giňden ýaýrandyr. Daşlaryň we gaýalaryň jaýryklarynyň arasynda çygly ýerlerde ösýän paporotnikgörnüşlerinden 3 sany görnüş – dermanlyk skrebnisa, ýuka ýaprakly anogramma we tüýli asplenium, Gyzyl kitaba girizilen.

Köpetdagyň pes derejeli ösümlikler dünýäsi hem özboluşlydyr. Ösümlik örtükzis ýalaňaç ýerlerde ilki bilen lişaýnikler örtýärler. Dag jynslaryny ýumşatmak bilen hasylly topraga öwürýärler. Olar üçin tomsuň jöwzaly yssysy, gyşyň güýçli sowugy hem täsirini ýetirmeýär. Lişaýnikleriň dürli görnüşini gaýalaryň ýüzünde, topragyň üstünde, agaçlaryň gabygynda görmek bolýar. Daşky gurşawyň üýtgemegini duýmak bilen lişaýnikler “tebigy görkezijiler” bolup hyzmat edýärler we olar medisinada we parfýumeriýa senagatynda giňden ulanylýar. Köpetdagda duş gelýän 422 görnüşinden Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna golça görnüşli kladoniýa, dag teloshistesi, düwürtikli parmeliýa, tabajykly tornabeýa, bissianyň fissiýasy girizildi. Dag şertlerinde ösümlik toparlanmalary ýagýan ygallaryň ep-esli bölegini saklamak bilen, topragyň iýilmek hadysasynyň we sil akymlarynyň döremeginiň öňüni alýar.

Goraghananyň haýwanat dünýäsi hem özüniň köpdürlüligi we baýlygy bilen tapawutlanýar, aýratyn hem oňurgasyz haýwanlary (1000-den gowrak görnüş). Olaryň köpüsi seýrek we endemik görnüşler hasaplanýar: ganatlary dürli öwüşginli, ähli ýerde uçup-gonup ýören kebelekler we «ýyrtyjy» hudaýatylary hem-de teneçirler, şeýle hem planetamyzyň iň bir gadymy ýaşaýjylary bolan köpüsi hem zäherli hasap edilýän (garagurt, içýan, ataýry) möýşekilliler we mör-möjekler dünýäsiniň wekilleridir. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna mör-möjekleriň 17 görnüşi girizildi: bulaýjy teneçir, buýnuzganat empuza, gerşlek çekirtge, wyžžyldawuk antia tomzagy, Ýakobsonyň hozanagy, baýyr garynjasy, kebeleklerden kaspi aňyrsy aýy pisint kebelegi, orden lentaly lesbiýa kebelegi, mezentina ak kebelegi, akgurt möýi we başgalary görkezmek bolar. Şeýle hem sähra süýri çekirtgesi TGHB-niý Gyzyl sanawyna girizilen görnüş.

Oňurgaly haýwanlardan goraghananyň meýdanlarynda çuň bolmadyk kiçi derýajyklarda, esasan hem, Arçabil, Kelteçynar, Çyrlak, Mäneçaý we başgalarda balyklaryň görnüşlerinden 6 sanysy bellige alyndy. Olardan gündogar ýyndamy, hazar garabalygy we türkmen ýalaňaç balygy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Çeşmeler we suwly akarlar ýerde-suwda ýaşaýan görnüşlerden üçüsiniň – ýaşyl gurlawugyň, orta aziýa gurlawugýnyň we köl gurbagasynyň, esasy ýaşaýan ýerleridir.

Köpetdag süýreniji haýwanlaryň “tebigy mekany” hasaplanylýar. Gyzyl kitaba girizilen görnüşlerden menekli ýylançyr, Elburs suwulgany, Eýran pişikgöz ýylany, göklors gabat gelýär.

Haýwanlaryň dürli görnüşiniň içinde 150-den gowrak görnüşi bolan «guşlar dünýäsi» has tapawutlanýar. Bu ýerde agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň arasynda gara jokjoky, saýrak hem çal çürlentgi, sary süleçi we başg.; sähralyklarda meýdan, sähra we alaboýun torgaýlary, mollatorgaý; gaýalarda sakgally garaguş, dazzarkel, gara atgarlawaç we başga dürli görnüşler ýaşaýarlar. Bu ýerlerde ýyrtyjy guşlaryň al-asmanda gaýyp uçuşyna uly höwes bilen syn etseň bolýar. Dazzarkel, gajar, maslykçy üçin – esasy iýmit maslykdyr. Bu al-asmanda gaýyp ýören “howa sakçylaryndan” başga «arassaçylyk işlerini geçirjek topary» tapmak mümkin däl. Gara leglek öz höwürtgesini barmasy kyn bolan beýik dag eňňitlerinde gurýar, dag hindi towugy bolsa dagyň kert eňňitlerinde gezýär. Her ýylda Mäne-Çäçe çäkli goraghanasynyň üstünden çal durnanyň bahar we güýz ýoly, köpçülikleýin uçuşy geçýär, (käbir ýyllar 20 müňden gowragy hasaba alynýar). Gara leglek, ýylançy gyrgy, bürgüt, sakgally garaguş, ütelgi, gök bähri, dag hindi towugy, bezbeltek we başga-da birnäçe görnüşler Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna we Ýitip-ýok bolmak howpy abanýan ýabany ösümlik we haýwan görnüşleriniň (SITES) sanawyna girizildi.

Goraghanada süýdemdiriji haýwanlaryň 67 görnüşi duş gelýär, olardan 17 görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna kiçi nalburun, günorta nalburny, Şaubiniň gijeçisi, itaýy, manul we başga görnüşler girizilendir. Şeýle hem TGHB-niň Gyzyl sanawyna üç reňkli gijeçi, syrtlan, alajagaplaň, gulan, keýik, sakgally umga (dag tekesi), aýrak (dag goçy) we başga görnüşler girizilendir.

Goraghana döredilen gününden bäri sebitiň ekoulgamynyň ýagdaýy baradaky maglumatlary ýygnamak, tükellemek, işlemek boýunça uly işler geçirildi. Bu maglumatlar her ýylda ýazylýan “Tebigatyň ýyl ýazgysynda” jikme-jik berilýär. Bu maglumatlaryň esasynda goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň görnüş düzümi anyklanyldy. Goraghanada ýabany haýwanlaryň malhanasy döredilip, onda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşlerden keýik, dag goçy, başga-da meýdanlarda giňden ýaýran görnüşler sülgün, käkilik saklanýar. Goraghananyň işgärleri geljekde tebigy ýerlerine göçürip ekmek maksady bilen, türkmen arçasyny, türkmen kerkawyny, kawkaz dagdanyny, arguwany we adaty hozy ösdürip ýetişdirmek boýunça işleri üstünlikli amala aşyrýarlar. Bulardan başga-da goraghananyň işgärleri ilatyň arasynda ekologik terbiýe boýunça –– köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek, mekdeplerde we sagaldyş çagalar merkezlerinde tebigat barada okuw sapaklaryny bermek, “Seýilgähler ýörişi”, “Ýer güni” atly Bütindünýä ekologik çäreleri gurnamak ýaly dürli çäreleri geçirýärler. Goraghanada “Tebigat muzeýi” gurnaldy, muzeýde ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň tebigatyny suratlandyrýan ekspozisiýalary bar. Tebigat muzeýindäki ösümlik we haýwanat dünýäsiniň eksponatlary ýurdumyzda döwlet we halkara derejesinde geçirilýän sergilerde görkezilýär.