Ha­zar deň­zi­niň gü­ni my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar

«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Ha­zar deň­zi­niň gü­ni giň­den bel­le­nil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aw­gust aýy­nyň ba­şyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­ýän çä­re türk­men döw­le­ti­niň uzak ­möh­let­le­ýin döw­re, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň ber­ki­dil­me­gi­ne we gi­ňel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň wa­gyz edil­me­gi­ni, Ha­zar deň­zi­niň gi­ňiş­li­gin­de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň dur­nuk­ly ösü­şi­ni esa­sy ugur edin­ýär.

Bu çä­rä­ni gu­raý­jy­lar onuň çäk­le­rin­de yl­my-ama­ly mas­la­ha­ty, sport we me­de­ni çä­re­le­ri, ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da Ha­za­ryň aja­ýyp te­bi­ga­ty­na ba­gyş­la­nan bäs­le­şi­gi ge­çir­di­ler. Bu çä­rä­ni Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi, ýur­du­my­zyň Daş­ky gur­şa­wy goramak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça döw­let kär­ha­na­sy hem-de Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi gu­ra­dy­lar.

Oňa ýur­du­my­zyň döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dü­züm­le­ri­niň alym-eko­log­la­ry we te­bi­ga­ty go­ra­ýyş dü­zü­mi­niň iş­gär­le­ri, dö­re­di­ji­lik hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi we Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ger­man jem­gy­ýe­ti ýa­ly iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri bar.

“Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­lyn­da “Ha­zar deň­zi­niň gur­şa­wy­ny go­ra­mak­da ýe­ti­len sep­git­ler” at­ly yl­my-ama­ly mas­la­ha­ty­ň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mek­de gö­rel­de gör­kez­ýän­di­gi bel­le­nil­di. “Ha­syl” myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da Ha­zar deň­zi­niň aja­ýyp ekoul­ga­my­ny sak­la­mak, te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny we bio­dür­lü­li­gi­ni go­ra­mak bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry ba­ra­da aý­dyl­dy.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­lis­le­rin­de, BMG-niň Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça “Rio+20” mas­la­ha­tyn­da öňe sü­ren hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Şeý­le baş­lan­gyç­la­ryň ha­ta­ryn­da Aş­ga­bat­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar se­bit mer­ke­zi­ni aç­mak, tu­tuş adam­za­dyň mil­li baý­ly­gy ha­sap­la­nyl­ýan Ha­zar deň­zin­de eko­lo­gi­ýa we teh­no­gen howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin hyz­mat­daş­ly­gyň köp­ta­rap­ly iş­jeň gu­ra­ly­ny dö­ret­mek ýa­ly tek­lip­ler bar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tek­li­bi­ne la­ýyk­lyk­da, bir­nä­çe mö­hüm hal­ka­ra res­mi­na­ma­la­ry, şol san­da Ha­zar deň­zi­niň suw-bio­lo­gik se­riş­de­le­ri­ni sak­la­mak we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ha­kyn­da­ky yla­la­şyk hem-de Ha­zar deň­zin­de adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak we ony ara­dan aýyr­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da­ky yla­la­şyk bar. Şeý­le hem türk­men ta­ra­py Ha­zar deň­zi­niň gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky yla­la­şy­gyň gu­tar­nyk­ly gör­nü­şi­ni taý­ýar­la­ma­gy öňe sür­di. Bu res­mi­na­ma­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­ler Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar deň­zi­niň gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa­sy we onuň ha­pa­lan­ma­gy­na gö­zeg­çi­lik bo­ýun­ça Ut­gaş­dy­ry­jy ko­mi­te­te baş­lyk­lyk ed­ýän döw­rün­de ta­mam­lan­dy.

Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny we howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ýur­du­my­zyň yl­my-teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­ma­ga şert dö­re­der. Hä­zir­ki dö­wür­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ry­na hä­zir­ki za­man kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­la­r or­naş­dy­ryl­ýar. Ho­wa­nyň aras­sa­ly­gy­na ne­ti­je­li gö­zeg­çi­li­gi ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ze­rur çä­re­ler gö­rülýär, gu­rul­ýan za­wod­la­ryň, fab­rik­le­riň we beý­le­ki des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy eko­lo­gi­ýa öl­çeg­le­ri­ne we ta­lap­la­ry­na la­ýyk ge­ti­ril­ýär.

Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­ny hem-de teh­ni­ki taý­dan gaý­ta­dan en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­ny eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ýan­dy­gy­nyň anyk my­sa­ly hök­mün­de ge­tir­mek bo­lar. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry gur­na­lan­da şo­lar­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar peý­da­la­nyl­ýar. Bu top­lum GDA döw­let­le­ri­niň kär­ha­na­la­ry­nyň ara­syn­da il­kin­ji­le­riň bi­ri bo­lup, eti­lir­le­nen ben­zi­niň önüm­çi­li­gi­ni bes et­di, hal­ka­ra hil öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän ýo­ka­ry ok­tan­ly ýan­gy­jyň, gid­roa­ras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­nyň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­dy. Bu top­lum­da aras­sa­laý­jy des­ga­la­ryň hem-de ýan­gyç we ne­bit­hi­mi­ýa en­jam­la­ry­nyň aý­la­ny­şyk­ly suw üp­jün­çi­li­gi­niň tä­ze se­na­gat ul­ga­my ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Bu bol­sa zy­ýan­ly mad­da­la­ryň top­ra­ga hem-de ýe­ras­ty suw­la­ra düş­mek tö­wek­gel­çi­li­gi­ni bir­nä­çe es­se azalt­dy, su­wy gaý­ta­dan peý­da­lan­mak, şol san­da teh­ni­ki ha­jat­lar hem-de ekin­le­ri su­war­mak üçin ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­di.

Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak hem-de ola­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy­na uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler. Şu ýy­lyň mart aýyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da “Ha­zar deň­zi — dur­nuk­ly ösüş we do­lan­dy­ryş” at­ly okuw mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu mas­la­hat in­di al­tyn­jy ýyl Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça döw­let kär­ha­na­sy­nyň hem-de Hal­ka­ra um­man­lar ins­ti­tu­ty­nyň ara­syn­da gol çe­ki­len öza­ra dü­şü­niş­mek we hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da­ky äht­na­ma la­ýyk­lyk­da gu­ral­ýar.

Ha­za­ryň gü­nü­niň baý­ram­çy­lyk mak­sat­na­ma­sy­ny sport we me­de­ni — aň-paý­has çä­re­le­ri be­ze­di, bu çä­re­ler “Da­ýanç” ça­ga­lar sa­gal­dyş mer­ke­zi­niň çä­gin­de Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň we dynç al­ýan ça­ga­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da gu­ral­dy.

Mek­dep okuw­çy­la­ry Ha­za­ryň aja­ýyp te­bi­ga­ty­na ba­gyş­la­nan «Iň go­wy su­rat» di­ýen bäs­le­şi­ge gat­na­şyp, emin ag­za­la­ry­na di­ňe bir ze­hin­li iş­le­rini däl-de, jan­ly te­bi­ga­tyň örän nä­zik hem-de aja­ýyp ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ni go­rap sak­la­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne dü­şün­ýän­dik­le­ri­ni gör­kez­di­ler.

Sport we aň-paý­has bäs­le­şik­le­ri­niň hem-de iň go­wy su­rat bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ne gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy. Ola­ryň kö­pü­si üçin eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri ba­ba­tyn­da bäs­le­şik­ler mäh­ri­ban te­bi­ga­tyň, Ha­za­ryň de­ňiz gi­ňiş­lik­le­ri­niň hem-de on­da mes­gen tu­tan jan­dar­la­ryň yk­ba­ly üçin şah­sy jo­gap­kär­çi­li­ge göz ýe­tir­me­giň, daş­ky gur­şaw bi­len saz­la­şyk­da ýa­şa­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne dü­şün­me­giň il­kin­ji tej­ri­be­si bol­dy.

Ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry baý­ram­çy­lyk ag­şa­my­nyň aja­ýyp jem­len­me­si bol­dy.

Ha­zar deň­zi­niň gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra oňa gat­na­şy­jy­la­ra hem-de myh­man­la­ra ýat­dan çyk­ma­jak tä­ze duý­gu­la­ry eçil­di. Şeýle hem Ýer ýü­zü­niň bu tä­sin te­bi­gy dür­dä­ne­si­ni go­rap sak­la­ma­gyň ýo­lun­da ýe­ne bir ädim bol­dy.