Eziz Diýarymyzyň haýsy künjegine ser salsaň-da, hersiniň öz gözel tebigaty bardyr. Onuň ajaýyp tebigaty özüniň dürli öwüşginliligi bilen ynsany özüne çekýär. Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan künjekleriň biri-de Hazar deňziniň Türkmen böleginde ýerleşýän Hazar döwlet tebigy goraghanasydyr.

Hazar döwlet tebigy goraghanasy 3 bölümden ybarat: Hazar we Esenguly meýdançasy hem-de Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasydyr. Goraghananyň tutýan meýdany 260961 ga bolup: onuň 191261 ga Hazar meýdançasy, 69700 ga Esenguly meýdançasy eýeleýär. 7 müň ga ýeri Ogurjaly döwlet tebigy çäkli goraghanasy tutýar. Çäkli goraghananyň meýdanyny goşmak bilen goraghananyň umumy meýdany jemi 267961 ga barabardyr.

Goraghananyň iň uly bölegi Hazar meýdançasydyr. Ol saý (ýalpak) suwly Türkmenbaşy, Balkan, Mihaýlowsk we Demirgazyk-Çeleken aýlaglaryny hem-de olaryň daşyny gurşap alýan bir kilometrlik gorag zolagyny öz içine alýar. Bu meýdançanyň 77% golaý ýerini suw akwatoriýalary eýeleýär. Aýlaglaryň kenarýakalaryny dag etekleri, gum we süýşýän çäge depeleri hem-de şorluklar gurşap alýar. Aýlaglaryň gury ýer bilen galtaşýan ýerleri çöl landşaftyna degişlidir. Türkmenbaşy aýlagynyň kenarlaryny Garadag we Gaýly daglary gurşap alýar. Dag etekleriniň topragy ownuk daş gatyşykly şorluklardan ybaratdyr. Aýlaglaryň dürli ýerlerinde özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini özünde saklaýan Dagada hem-de Osuşnyýe ýaly ululy-kiçili adalar ýerleşýär. Goraghananyň suw ginişliklerinde pes derejeli suwotlarynyň 41 görnüşi hasaba alnan. Ýokary derejeli ösümlikleriň 5 sany görnüşi bar. Olar: deňiz oty, zostera, rdest (suw kerebi), deňiz ruppiýasy we naýada diýilýän otlardyr. Bularyň hemmesi gülli ösümliklere degişli bolup, deňziň çägeli we çägelik-çaňňalakly topragynda ösýärler. Olar suwda ýüzýän käbir guşlara we balyklara iýmit hem-de fitofil balyklara işbil taşlamak üçin substrat (ýer) bolup hyzmat edýärler.

Goraghananyň ikinji bölegi bolan Esenguly meýdançasy Hazar meýdançasynyň çäginden 300 km golaý uzaklykda, Esenguly etrabynyň günorta tarapynda ýerleşýär. Bu meýdança biri-birinden üzňelikde bolan 4 sany bölekden ybaratdyr. Onuň iň uly bölegi Ekerem bilen Esengulynyň (döwlet serhediniň) aralygynda ýerleşip, ini 7 km (gury ýerden 3 km, deňiz suwundan 4 km eýeleýär) 80 km aralyga uzalyp gidýär (tutýan meýdany 56 müň ga). Ikinji bölegi Çaloýuk-Garadegiş obalarynyň aralygynda, döwlet serhediniň boýunda ýerleşip, 1700 ga meýdany eýeleýär. Üçünji bölegi gurap galan Uly we Kiçi Delili kölleriniň meýdanlaryny eýeläp, 1240 ga ýeri tutýar. Dördünji bölegi Esenguly-Ajyýap şäherçeleriniň aralygynda geçen asyryň 30-40-njy ýyllarynda doly gurap galan Esenguly aýlagynyň ýerlerini we Ajyýap balyk köpeldiş meýdanyny öz içine alýar (meýdany 10760 ga). Bu meýdança Etrekden Hazar deňzine tarap gidýän tekiz eňňitlik mahsusdyr. Deňiz kenarynyň ýerleriniň aglabasyny şorluklar, deňiz palçygy eýeläp, diňe az-kem meýdanyny çägelikler, çägeli-çaňňalakly ýerler tutýar.

Goraghananyň düzüminde bir sany çäkli goraghana bolup, ol Hazar deňziniň Türkmen böleginde ýerleşýän Ogurjaly adasynyň ýerlerini eýeleýär. Onuň döredilmeginiň esasy maksady seýrek haýwanlaryň biri hasap edilýän keýikleri ýarymerkinlikde saklap, köpeldip, soňra ülkämiziň dürli ýerlerine göçürmekdir. Ilkibaşda Bathyz goraghanasyndan 13 sany keýik göçürilip getirildi. Haýwanlar adanyň tebigy şertlerine tiz uýgunlaşdylar we çalt depginler bilen köpeldiler.

Ogurjaly adasy günortadan-demirgazyga uzalyp gidýär, onuň uzynlygy 37 km, umumy meýdany 9 müň ga. Onuň 7 müň ga çäkli goraghana berkidilen. Adanyň tebigaty örän arassadyr, onuň salkyn we çygly howasy ösümlikleriň wegetasiýasyna amatly täsir edýär. Adada keýikleriň we olaryň owlajyklaryň ýaşamagy we ösmegi üçin iň amatly şertleriň biri – zyýan ýetirjek ýyrtyjy haýwanlaryň hiç bir görnüşiniň ýoklugydyr. Ogurjaly adasy öz ösümlik dünýäsi bilen hem baý. Beýik çägeli baýyrlyklardan başga ähli ýerleri gür ösümlük örtügi bilen örtülen. Adada damarly ösümlikleriň 65 görnüşi duş gelýär.

Goraghanada we oňa ýanaşyk ýerlerde damarly ösümlikleriň jemi 416 görnüşi duş gelýär. Olaryň 6 sanysy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Olar: zakaspi şorasy (Salsola transhyrcanica); Eýhwaldyň sözeni (Ammodendron Eiçhwaldii), çeleken guşgözüsi (Climacoptera czelekenica); çägemik (Malacocarpus crithmifolius), Garabogaz ýurineýasy (Jurinea Karabugasica), moh görnüşli laziopogon (Lasiopogon muscoides) diýilýän ösümliklerdir.

Goraghanada we oňa ýanaşyk ýerlerde ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 görnüşi, balyklaryň 55 görnüşi, süýrenjileriň 37 görnüşi, guşlaryň 302 görnüşi we süýdemdirijileriň 46 görnüşi hasaba alyndy. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011ý.) girizilen oňurgaly haýwanlaryň 40 görnüşi duş gelýär. Häzirki wagtda goraghanada duş gelýän mör-möjekleriň 4 görnüşi: kaspi aňyrsy tutuksy aýypisint kebelegi (Axiopoena maura), bulaýjy teneçir (Epallage fatime), gysgaganat boliwariýa hudaýatysy (Bolivaria brachyptera), ýer köwüji gara darakly prioniks arysy (Prionyx nigropectinatus); balyklaryň 5 görnüşi: bekre ýa-da söp balygy (Acipenser nudiventris), wolga takgazy (Alosa kessleri wolgensis), hazar azatmahysy (Salmo trutta caspius), ak azatmahysy (Stenodus leucichthys); guşlaryň 29 görnüşi: gyzgylt we buýraly gotan (Pelekanus onocrotalus we Pelecanus crispus), kaşykburun (Platalea leucorodia), gyzylgaz (Phoenicopterus roseus), gyzyl petekeli gaz (Branta ruficollis), kiçi sakar gaz (Anser erythropus), gara we gorçy ördek (Aythya hyroca, Oxyura leucocephala), balykçy gyrgy (Pandion haliaetus), sähra göwenegi (Falco naumanni), turaç (Francolinus francolinus), soltan towuk (Porphyrio porphyrio), togdary (Chlamydotis undulata), bezbeltek (Tetrax tetrax) we başgalar; süýdemdirijileriň 6 görnüşi: keýik (Gazella), syrtlan (Hyaena hyaena), gunduz (Tutra tutra), garagulak (Felis caracal), gum pişigi (Felis margarita), hazar düwleni (Phoca caspica) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Hazar düwleni Tebigaty goramagyň Halkara Birleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitabynyň sanawyna goşulandyr.