Halkara hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti dünýäniň dürli döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar.

 

HALKARA GURAMALAR

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamsy

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda tebigaty goramagyň dürli ugurlary boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu hyzmatdaşlyk esasan Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak bilen bagly halkara konwensiýalaryny durmuşa geçirmek, bu ugurda bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek, Birleşen Milletler Guramasynyň bütindünýä maksatnamalarynyň wezipelerini we maksatlaryny durmuşa geçirmek we Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn maksatnamalary taýýarlamak ugrunda alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamsynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek” atly taslamaýerine ýetirilýär” (taslamamanyň ýerine ýetiriliş möhleti 2016-njy ýylyň dekabry – 2021-nji ýylyň dekabr aýy aralygy). Bu taslamanyň esasy maksady, oba hojalygy we suw serişdelerini dolandyrmak pudaklarynda ýokary ykydsady görkezijileriň gazanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, howanyň üýtgemegi şertlerineuýgunlaşmaklary üçin ýurduň daýhan birleşiklerine ýardam bermekden ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Birleşen Milletler Guramasynyň 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen 70-nji mejlsiniň barşynda kabul edilen 17 sany Durnukly ösüş maksatlarynyň 4 sanysynyň – 12-nji, 13-nji, 14-nji we 15-nji maksatlary – durmuşa geçirilişi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen tebigaty goramagyň dürli ugurlary boýunça ýakyndan hyzmatdaşlygy alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy tebigaty goramak bilen bagly dürli halkara we sebitleýin maslahatlaryň, okuw maslahatlarynyň we konferensiýalaryň taýýarlyk işleri we geçirilmegi boýunça işlere işjeň gatnaşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Sebitleýin edarasy hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň işine gatnaşýar. 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara topary arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.

Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ)

Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda Ylmy-barlaglar we hünärmenler gaznasyny döretmek barada 1995-nji ýylda gol çekilen Hökümetara ylalaşygynyň çäklerinde Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň arasynda ýerleriň zaýalanmagynyň we çölleşme hadysalarynyň öňüni almak, biodürlüligi gorap saklamak, öri meýdanlary gowulandyrmak, tokaýlary dikeltmek we tokaý hojalygyny durnukly dolandyrmak meseleleri boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

2017-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň arasynda Daşky gurşawy goramak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Resminama laýyklykda Taraplar BMG-niň Biologiki dürliligi goramak, Çölleşmä garşy göreşmek, Howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýalary, hem-de daşky gurşawy goramak baradaky beýleki halkara ylalaşyklaryň çäklerinde BMG-niň daşky gurşawy goramak bilen bagly Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek, ýerleriň zaýalanmagyna we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk alyp bararlar.

 

Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak boýunça Patyşalyk jemgyýeti (RSPB)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Beýik Britaniýanyň guşlary goramak boýunça Patyşalyk jemgyýeti bilen uzak wagtdan bäri, biologiki dürlüligi, hususan-da guşlary öwrenmek boýunça hyzmatdaşlyk edip gelýär.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak boýunça Patyşalyk jemgyýetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama laýyklykda Taraplar Biologik dürlülik hakyndaky Konwensiýasynyň (BDK) we Suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerleri hökmünde goralýan halkara ähmiýetli suwly-batgalyk ýerler baradaky Konwensiýasynyň (Ramsar konwensiýasynyň) talaplaryny ýerine ýetirmekde, şeýle hem aýratyn goralýan tebigy ýerleri dolandyrmak boýunça hereket edýän ýörelgeleri utgaşdyrmakda mümkinçilikleri ýokarlandyrmak we biodürlülik üçin möhüm ýerleriň, aýratyn hem global derejede ýitmek howpy bolan görnüşleriň gözegçiliginiň ýolagoýulmakboýunça özara hyzmatdaşlygynyň ösdürmegine gönükdirilendir.