Giriş. Türkmenistanyň demirgazyk-günbatar çetinde, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşip, bu goraghana 1979-njy ýylyň 16-njy awgustynda döredildi. Onuň döredilmeginiň esasy maksady Üstýurt dag goçuny (aýragy), keýigi, itaýyny goramakdan, olaryň sanyny saklamakdan we köpeltmekden ybaratdyr. Ýeri gelende aýtsak, Gaplaňgyr diýen adyň „Gaplaňgyr“ beýikligi bilen baglanyşykly bolup, ozal bu ýerlerde gum gaplaňynyň (käbir şiwelerde alajabars) ýaşanlygy sebäpli dörändigini ýatlamak möhümdir. Gynansak-da, häzirki wagtda alajabars biziň ýurdumyzyň faunasyndan ýitip giden görnüş hasaplanýar. Berilýän maglumatlara görä, Türkmenistanda bu haýwan barada iň soňky maglumat 1973-1975-nji ýyllarda bolupdyr.

Goraghananyň häzirki tutýan meýdany 275,7 müň ga deň bolup, ol iki sany meýdança bölünýär: Gaplaňgyr – 53,4 müň ga we Gulantakyr – 222,3 müň ga. Şeýle-de goraghananyň garamagynda umumy meýdany 650468 ga bolan Şasenem – 109002 ga (1983 ý.) we Sarygamyş – 541466 ga (1981 ý.) çäkli goraghanalary döredildi. Sarygamyş çäkli goraghanasynyň wezipesi kenarýaka toplumlaryny, suw giňişliklerinde ýaşaýan guşlary goramakdan, keýikleriň köpelýän ýerlerini we gyşlamaga gelýän saýgaklary gorap saklamakdan, şonuň ýaly-da gulanlary ozalky mesgenine gaýtadan uýgunlaşdyrmakdan we köpeltmekden ybaratdyr. Şasenem çäkli goraghanasynyň wezipesi toýnakly haýwanlaryň, şol sanda gulanyň goragyny güýçlendirmekden ybarat.

Goraghananyň ýer üstüniň özboluşly keşbini gyryň endigan, daşly we eňňit meýdanlary, kert çüňkler, çöketlikler, gury hanalar, aňňat-aňňat gum depeleri ýaly dürli şekilleri döredýärler.

Goraghananyň (iki sany çäkli goraghanalar bilen bilelikde) ösümlik dünýäsi häzirki wagtda ösümlikleriň 400 görnüşini öz içine alýar. Olaryň ýarpysyndan gowragy selmeler, atanak güllüler, çylşyrymly gülliler, däneliler we kösükliler maşgalasyna degişlidir. Häsiýetlendirilýän bu meýdan çöllükleriň günorta we demirgazyk aşaky zolagynyň sepgidi üçin mahsus bolan ösümliklerden ybaratdyr. Gaplaňgyrda ojar, sözen, gandym, buýurgyn adaty ösümliklerdir. Otjumak ösümliklerden bolsa birýyllyk selmelere, gyrtyja we beýleki köp otlara duş gelmek bolýar. Ygalyň köp bolan ýyllarynda Gaplaňgyryň üsti köp görnüşli efemerleriň galyň örtügi bilen örtülýär. Garaşor çöketligi hiç hili ösümligiň ösmeýänligi bilen tapawutlanýar. Sarygamyş kölüniň ýakalaryndaky ak çägeliklerde bolsa ýylakly garyşyk-sazaklyklar giň ýaýrandyr.

Goraghananyň we çäkli goraghanalaryň meýdanlarynda seýrek duş gelýän ösümliklerden hywa şorasy (Salsola chiwensis), Krasnowod çägemigi (ýumşak tohumlyja) (Malacocarpus crithmifolius) we Eýhwaldyň sözeni (Ammodendron eichwaldii) ösýär. Bular Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011 ý.) girizilen ösümliklerdir. Hywa şorasy Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň (TGHB) Gyzyl sanawyna (2000 ý.) hem girizildi. Bu ösümlikler goraghanada ylmy taýdan öwrenilýär we olardan çägemigi medeni zolakda tohumdan ösdürip ýetişdirmek, köpeltmek we soňra tebigy ýagdaýda ösmäge ýaramly ýerlerine göçürmek boýunça iş tejribeleri geçirilýär. Şeýle-de bu seýrek görnüşleriň täze ösýän ýerlerini gözläp tapmak işleri hem alnyp barylýar.

Bu ýerde oňurgaly haýwanlaryň, balyklardan başga, 280 görnüşi duşýar. Olardan ýerde-suwda ýaşaýanlardan 1 görnüş – ýaşyl gurlawuk (Bufo viridis)duş gelýär. Süýrenijileriň 21 görnüşi – orta aziýa pyşdyly, suwluganlaryň 13 we ýylanlaryň 7 görnüşi duş gelýär. Olardan şor patmasy (Phrynocephalus guttatus salsalatus) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011 ý.) girizildi. Sähra pyşdyly we kebjebaş TGHB-niň Gyzyl sanawundadyr (2000 ý.). Şor patmasynyň öň goraghananyň süýrenijileriniň sanawynda ýokdugyny bellemek gerek. Onuň Gaplaňgyrda duşýandygy 2007-nji ýylda belli edildi.

Guşlaryň 213 görnüşi duşýar. Olardan 58 görnüşi çölde we suw ýakalarynda höwürtgeleýär, galanlary bolsa uçup geçýän, gyşlaýan görnüşlerdir. Guşlaryň 23 görnüşi: gyzgylt (Pelecanus onocrotalus) we buýraly (P.crispus), gotanlar, kaşykburun (Platalea leucorodia), gyzyl gaz (Phoenicopterus roseus), kiçi sakar gaz (Anser erythropus), gara ördek (Aythya nyroca), körje (Oxyura leucocephara), ak durna (Grus leucogeranus), owadan (ak baş) durna (Anthropoides virgo), toklutaý (Otis tarda), togdary (Chlamidotis undulata), takyrýorga (Cursorius cursor), kelguş (Neophron percnopterus), sähra garaguşy (Aquila nipalensis), sähra gulatysy (Circus macrourus), bürgüt (Aquila chrysaetos), ütelgi (Falco cherrug), balykçy (Pandion haliaetus) we ýylançy (Circaetus gallicus) gyrgylar, mazar garaguşy (Aquila heliaca), sähra göwenegi (Falco naumanni), gara depeli tekejyllyk (Chettusia gregaria), goňur kepderi (Columba eversmanni) Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna (2011 ý.) girizildi. Guşlardan gyzgylt gotan, körje, mazar garaguşy, akguýruk suw bürgüdi, sähra gulatysy, sähra göwenegi, toklutaý, togdary, gara depeli tekejyllyk, uly jeňňel ebegi, goňur kepderi TGHB-niň Gyzyl sanawundadyr (2000 ý.).

Süýdemdirijileriň 45 görnüşi hasaba alyndy. Goraghanada gemrijileriň 19, ýyrtyjy haýwanlaryň 11, mör-möjek iýijileriň 4, golganatlylaryň 5 (ýarganatlar), towşanşekillileriň 1 we toýnaklylaryň 5 görnüşi duşýar. Olardan 10 sany görnüşi; Bobrinskiniň atýalmany (Alactodipus bobrinskii), Blanfordyň atýalmany (Jaculus blanfordi), itaýy (Mellivora capensis), gum pişigi (Felis margarita), dag pişigi (Felis manul), garagulak (Felis caracal), gulan (Equus hemionus), keýik (Gazella subgutturosa), saýgak (Saiga tatarica), dag goçy (Ovis vignei) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011 ý.) girizildi. Dag pişigi, gulan, keýik, saýgak TGHB-niň Gyzyl kitabynyň sanawundadyr (2000 ý.). Saýgaklar gyşyň gazaply sowugynda Gazagystan tarapdan gyşlamaga geçýärler.

Gulan Daşoguz welaýatynda ýitip giden toýnakly hawanlaryň biri hasaplanýardy. Olary öňki ýaşan mesgenine öwrenişdirmek we dikeltmek maksady bilen 1983-1987-nji ýyllarda Bathyz goraghanasyndan gulanlaryň birnäçesi tutulyp, Sarygamyş çöketligine getirilip goýberildi. Olar özleriniň öňki mesgenine tiz uýgunlaşdylar. Gulan häzirki wagtda diňe bir Sarygamyş kölüniň töwereginde däl, eýsem goralýan ýerleriň beýleki meýdanlarynda – Mergenaşanda, Maşryk ajyda, Burçluburun bilen Aginiş aralykda, Düşeklidaşda, hut Gaplaňgyr belentliginiň özünde, Zeňňibaba kölüniň töwereginde, Üstýurt gyrynyň eteklerinde, Ýedihowuz we Gulantakyr takyrlarynda hem duşýar.

Goraghanada gorag we ylmy-barlag işleri bütin ýylyň dowamynda yzygider geçirilip, onda tebigatda bolup geçýän her hili hadysalara gözegçilik hem-de ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän we ýitip ýok bolup barýan görnüşlerini ylmy esasda öwrenmek, köpeltmek we gorap saklamak boýunça iş geçirilýär. Goraghanada malhana döredilip, onda seýrek duş gelýän haýwanlary (keýik, towşan, sülgün, guw, käkilik) elde saklamak, öwrenmek we köpeltmek boýunça işler geçirilýär. Şeýle-de ýyrtyjy we suw-batgalyk guşlary içgin öwrenilýär. Ylmy işleriň netijeleri kitaplarda, gazetlerde we žurnallarda çap edilýär, ylmy maslahatlarda ara alnyp maslahatlaşylýar. Ylmy we gorag işi bilen bir hatarada goraghananyň işgärleri tarapyndan welaýatyň halkynyň arasynda tebigaty goramak we onuň peýdasy hakynda wagyz-ündew işleri geçirilýär, kitapçalar çykarylýar.

Şeýlelikde, tebigatymyzyň baýlyklaryny we gözelliklerini gorap saklamakda, onuň bir bölegini eldegirmesiz ýagdaýda gelejekki nesillere ýetirmekde goraghananyň ähmiýeti örän uludyr.