“Bereketli Garagum” adyna eýe bolan täze döredilen aýratyn goralýan tebigy ýer mähriban Watanymyzda düýbi tutulan dokuzynjy, Garaşsyzlyk ýyllarynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa döredilen (2013-nji ýylyň 18-nji iýulynda) ilkinji döwlet tebigy goraghanadyr. Onuň umumy meýdany çäkli goraghananyň meýdany (25 müň ga) bilen bilelikde 85,5 müň ga deňdir.

Goraghananyň düzümine iki meýdança girýär. Birinjisi (45,4 müň ga) Aşgabat şäherinden 240 km uzaklykda, Ahal welaýatynyň Derweze we Tejen etraplarynyň çäklerinde, ikinjisi (15 müň ga) bolsa birinjisinden 60 km gündogarda, Üňüzdäki çöketleriň, gyrlaryň gerişleriň, çägelikleriň, şorluklaryň çäginde ýerleşýär. Olaryň ikisini insiz (2-4 km) zolak şekilinde uzalyp gidýän çäkli goraghana birleşdirýär. Şol üç bölüm özaralarynda utgaşyp, umumy gorag toplumyny emele getirýär.

Goraghananyň esasy işi Garagum çölüniň biodürlüligini gorap saklamakdan hem-de baýlaşdyrmakdan, şeýle-de munuň ýaly deňsiz-taýsyz tebigy toplumy, şol sanda öri meýdanlary dikeltmek, rejeli peýdalanmak, gorap saklamak boýunça ylmy barlaglary geçirmekden ybaratdyr. Ol öri meýdanlary aýap saklamakda we çölleri özleşdirmekde, durnukly ykdysady ösüşde, ekologik meseleleri çözmekde halkara gatnaşyklary, ylmy hem-de ekologik syýahatçylygy ösdürmekde, şeýle-de “Altyn asyr” Türkmen kölüniň zeýakaba ulgamynda goraghana işiniň ylmy esaslaryny işläp düzmekde nusga bolup hyzmat etmelidir. Üstesine-de, AGTÝ-niň meselelerine şorluk we toýun çölleriniň, jyglym daşlyk eroziýa-akkumulýatiw relýefiniň aýratynlyklaryny; Üňüziň zynjyr şekilli çöketlikleriniň gelip çykyşyny (genezisini) öwrenmek girýär.

Döredilen meýdançalaryň maksady çägelik çöle mahsus bolan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aýratynlyklaryny hem-de gadymy deňiz, derýa, köl çökündileriniň gurluşyndaky özboluşly tapawutlyklary anyklamak; landşaftyň häzirki zaman keşbiniň emele gelişiniň taryhyny; Garagumuň täsin künjeklerini öwrenmek.

Özüniň geologik taryhynyň dowamynda goraghananyň tutýan çäkleri deňiz suwunyň basmagynyň (transgressiýasynyň), deňiz yza çekilenden soň ýeliň, akar suwlaryň we şol bir wagtda tektoniki hadysalaryň täsirine sezewar bolýar. Onuň häzirki wagtdaky relýefi soňky 30-40 mln ýylyň dowamynda kemala geldi. Özüniň gelip çykyşy boýunça ol relýefiň akkumulýatiw görnüşine degişli, ortaçetwertik döwrüniň allýuwial düzlügi bolup durýar. Toprak örtügini çäge-çöl topraklaryň agdyklyk etmeginde takyr görnüşli, takyr we şorluk topraklar düzýär.

Çägiň ýerasty suwlary köplenç şor, minerallaşan, çägelikde 20 m-e, çöketliklerde bolsa 1 m-e çenli çuňlukda ýerleşýär. Süýji suwly guýular örän seýrek duş gelýär. Bu ýeriň klimatynyň gazaplydygyna garamazdan, Garagum çöli mähriban diýarmyzyň “ýüregi” we onuň tebigy genji-hazynasy saýylýar. Çölüň uçgyraksyz giňişlikleri ösümlik we haýwanat dünýäsiniň çöle mahsus köp sanly wekilleriniň gadymy mekanydyr.

Goraghananyň we oňa ýanaşyk ýerleriniň floristik düzümi 293 görnüşi, şol sanda 210 ýokary derejeli ösümligi öz içine alýar. Agaçjymak görnüşleriň sany oňat dikelýän, adaty görnüşdäki populýasiýalary emele getirýän 16 taksona barabar. Bu ýerde Konolliniň sözenini (Ammodendron conollyi) – çölüň bezegine goşant goşýan kümüş ýaprakly, benewşe gül çogdamly, gelşikli kaşaň agajy, öri meýdanlary goraýan agaçlyklary hem-de ýokary hasyl berýän köpýyllyk örüleri döretmek üçin amatly gara sazagy ýa-da ojary (Haloxylon aphyllum), çägeleri berkitmekde hem-de öri meýdanlary gowulandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan ak sazagy (Haloxylon persicum), gandymlaryň dürli görnüşlerini (Calligonum rubensC. leococladumC. microcarpumC. аrborescensC. caput-medusae), çerkezi (Salsola richteri), gum borjagyny (Ephedra strobilacea) bellemeli.

Goraghananyň ýarym agaçjymak florasy giň meýdanlarda özboluşly toparlanmalary düzýän ýa-da iri gyrymsyly assosiasiýalaryň ösümlik örtügini emele getirmäge gatnaşýan 19 görnüşden ybarat türküstan sözenegini (Smirnowia turkestana), egri astragal (Astragalus flexus), bir ýaprakly astragal (A. unifoliolatus), Kelleriň ýowşany (Artemisia kelleri), agymtyl ýowşan (A. leucodes).

Köpýyllyk otlar görnüş taýdan köp sanly bolmasa-da (57 takson), olaryň ösümlik birleşiklerini düzmekde eýeleýän orny wajypdyr. Köpýyllyk otjumak ösümlikleriň çöle mahsus wekillerine Kareliniň selini ýa-da erkek selin (Stipagrostis karelinii), urkaçy selin (S. pennata), sogdiýan güneýigi (Argusia sogdiana), gum aşygoty (Heliotropium argusioides) we beýlekiler degişli. Olaryň aglabasy çäge berkidiji häsiýetli bolup, ot-iým bazasyny döretmekde örän ähmiýetlidir.

Floristik düzüminiň 50% gowragy birýyllyk otlaryň paýyna (118 takson) düşýär. Olaryň arasynda gündogar arpagany (Eremopyrum orientale), üç gylçykly sümsüle (Bromus danthoniae), gara gylçykly ýepelek (Anisantha tectorum), memfika kutandiýasy (Cutandia memphitica), gögümtil çetir (Isatis violascens), iri gülli gyzylgozolak (Strigosella grandiflora), sünük gyzyldüýp (Arnebia decumbens) we beýlekiler has köp gabat gelýär. Bu ösümlikler goraghananyň ähli künjeginde bitip, malyň öri meýdan rasionynda, relýefiň süýşýän şekilleriniň berkleşmeginde uly orny eýeleýär.

Çöl ösümlikleriň köpüsi melhemlik häsiýetli bolup, farmakologiýa üçin uly gyzyklanma döredýär. Goraghananyň we çäkli goraghananyň meýdanlarynda ösüp boý alýan derman ösümlikleriň 50-den gowragy barada Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediýasynda beýan edilýär. Olardan şoralary (Salsola gemmascensS. arbusculaS. richteri), astragallary (Astragalus flexusA. squarrosusA. corrugatus), eýran ýandagyny (Alhagi persarum), adaty üzärligi (Peganum harmala), ferulalary (Ferula litwinowiana, F. karelinii), santolin ýowşanyny (Artemisia santolina) we beýlekileri görkezmek bolar. Ýokarda agzalan ösümlikleriň bu ýerde duşmagy ösümlik dünýäsiniň özboluşlylygyna şaýatlyk edýär.

Goraghananyň we oňa ýanaşyk ýerleriň faunistik düzümini 850 golaý görnüş düzýär, olaryň 90-y – süýrenijiler, guşlar we süýdemdirijiler klaslarynyň wekillerinden duran oňurgaly haýwanlardyr. Ihtiofaunanyň (balyklaryň) hem-de batrahofaunanyň (amfibiýalaryň) ýoklugy (olar baradaky düşünjeler suw howdanlar, ýerde-suwda ýaşaýanlar üçin aýratyn hem çygly ýerler bilen bagly), çöllük landşaftlaryň agdyklyk edýändigi hem-de klimatik şertleriň juda ýaramsyzlygy bilen düşündirilýär.

Goraghananyň gerpetofaunasy 18 taksondan ybarat, olardan 1-i pyşdyl, 11-i hažžyklar, 6-sy ýylanlar. Onuň esasyny aslar, hakyky hažžyklar, suwulganlar, ýylanlaryň arasynda bolsa užşekilliler maşgalalaryň wekilleri düzýär. Berkleşen we ýarym berkleşen çägeliklerde köplenç psammofil toparlanyşygyň aslar (Crossobamon eversmanni, Mediodactylus russowii, Teratoscincus scincus), patmalar (Phrynocephalus interscapularis, Ph. mystaceus), suwulganlar (Eremias grammica, E. scripta) hem-de çäge gömülgeni (Eryx miliaris) ýaly wekilleri duş gelýär. Çöllükleriň dykyzlaşan toprakly ýerlerinde Şammakowyň daş patmasy (Phrynocephalus rossikowi shammakovi) bilen çyzykly suwulgan (Eremias lineolata) gabat gelýär. Çölüň çägesöw, toýunsow we maýdajyk daşlyja toprakly ýerlerine okýylan (Psammophis lineolatus) bilen alahöwren (Echis multisquamatus) mahsus.

Goraghananyň ornitofaunasy özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanyp, 45 görnüşden durýar; bu bolsa oňurgalylaryň görnüş düzüminiň 50% deňdir. Taksonlaryň ýarsyna golaýy (21 görnüş) Merkezi Garagumuň awiafaunasynyň “özenini” düzýär. Olaryň birnäçesi sebitiň çäklerinde ýylyň dowamynda duş gelip, oturymly ýaşaýar, meselem, depe syçançysy (Buteo rufinus), hüwi (Bubo bubo), baýguş (Athene noctua), çürçüri (Podoces panderi), çöl gargasy (Corvus ruficollis). Beýlekiler ýaz-tomus möwsüminde bu ýere uçup geçýän-höwürtgeleýän görnüşler toparyny düzýär. Olara çal torgaý (Calandrella rufescens), çöl togany (Lanius pallidirostris), kiçi çekçeki (Hippolais rama), uly şygşygy (H. languida), çürlentgiler (Sylvia currucaS. папа), boz çekeýik (Oenanthe isabellina) we beýlekiler degişli.

Süýdemdirijileriň faunasy 27 görnüşden ybarat bolup, olardan mör-möjek iýýänler 3, towşanşekilliler 1, gemrijiler 10, ýyrtyjylar 11, goşatoýnaklylar 2 takson. Beýlekilere garanyňda köp duş gelýän haýwanlara goýun kirpisi (Hemiechinus auritus), gum towşany (Lepus capensis desertorum), inçebarmak alaka (Spermophilopsis leptodactylus leptodactylus), boz syçan (Rhombomys opimus), öý syçany (Mus musculus), käwagt tilki (Vulpes vulpes) we beýlekiler.

Goraghananyň aýratyn goraga mätäç ýaşaýjylary Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011) girizilendir. Şeýlelikde, ýitip barýan görnüşlere itaýy (Mellivora capensis), garagulak (Felis caracal), ýitmek howpunyň abanmagyna ýakynlara – goşa tümmekli baldajyk (Ramulus bituberculata), Şammakowyň daş patmasy, ütelgi (Falco cherrug), togdary (Chlamydotis undulata), çöl serçesi (Passer simplex), Blanfordyň atýalmany (Jaculus blanfordi), keýik (Gazella subgutturosa); seýrek görnüşlere bolsa Pawlowskiniň murtlak çekirtgesi (Ammoxenulus pavlovskii), wyžžyldawuk Antia tomzagy (Anthia mannerheimi), ýylançy gyrgy (Circaetus gallicus), bürgüt (Aquila chrysaetus), gum pişigi (Felis margarita) degişli edildi.

Munuň ýaly ajaýyp genetiki gaznasyny geljekki nesillere ýetirmek – şu günki günüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Bu iş degişli çäreleri geçirmegiň, ýagny çöl ekoulgamlarynyň ýagdaýynyň üýtgeýşine gözegçilik etmegiň zerurlygyny ýüze çykarýar. Dünýäde ekologiýa meseleleriniň möhüm ähmiýete eýedigi bilen baglylykda, goraghanada çöl ekoulgamlarynyň häzirki geoekologik ýagdaýyny, olaryň deňagramly özara sazlaşygyny saklamak, kadalaşdyrmak we gowulandyrmak meselelerini öwrenmek boýunça degişli toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi başlandy.

Çölüň tebigy landşaftlarynyň hem-de onuň ýaşaýjylarynyň täsinligi bu çäkde ekologik we ylmy-öwreniş syýahatçylygy ösdürmek üçin ähli şertleri döretmek boýunça giň göwrümli çäreleriň geçirilmeginiň zerurlygyny talap edýär. Goraghananyň gözelligi, bar bolan tebigy ýadygärlikler daşary ýurtly jahankeşdelerde, taryhy, ylmy we medeniýeti öwrenijilerde uly gyzyklanma döredýär. Agzalanlaryň hemmesi Garagum çölüniň heniz açylmadyk syrlaryny we taryhyny ylmy taýdan öwrenmekde goraghananyň ähmiýetiniň bimöçberdigi barada şaýatlyk edýär.