Gadymyýete siňip giden baý taryhy özboluşly gözelligi bilen görenleri haýran galdyrýan Bathyz belentligi jenneti Diýarymyzyň günortasynda – Serhetabat etrabynda, gojaman Hindiguş dag ulgamynyň Parapamiz şahasynda ýerleşýär.

Gazaply urşuň gidip duranlygyna garamazdan, 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda tebigatyň türkmen topragyna eçilen bu täsin gözelligini: haýwanat dünýäsiniň baýlygyny, deňsiz-taýsyz ajaýyp ösümlik dünýäsini, galyberse-de, gulanlaryň ýeke-täk saklanyp galan topragyny, iň iri seýrek pisse tokaýlygyny geljekki nesillerimize miras galdyrmak maksady bilen, Bathyz döwlet tebigy goraghanasy döredildi.

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda agzalanlardan başga-da seýrek, gymmatly haýwanlar we ösümlikler goralyp saklanýar, olaryň köpüsi başga hiç ýerde duş gelmeýär. Ýeroýlanduzyň hiç ýerinde Bathyz goraghanasynda goralyp saklanýanlara meňzeş tebigy toplumlaryň ýoklugy sebäpli, ol doly esasda dünýäniň has möhüm goraghanalarynyň hataryna girizildi we ÝUNESKO-nyň Bütündünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizmeklige hödürlendi taýýarlanyldy.

Goraghananyň umumy meýdany häzirki wagtda çenli 140 430 ga eýeläp, onuň garamagynda üç sany çäkli goraghanalary bar: Çemenabat, Pulhatyn we Gyzyljar.

Goraghanada seýrek pisse tokaýlygy, çöllük sähra, ýerüsti akymy bolmadyk akymsyz çöketlikler ýaly şertli atlar dakyla dürli keşpleriň üç görnüşi tapawutlanýar.

Pisse tokaýlygy Bathyzyň günbatar çäginde ýerleşýän daglyk mekandyr. Ol sawannany çalym edýär, oňa tokaý diýer ýaly hem däl. Agaçlar biri-birinden esli daşlykda gögeripdirler, olaryň şahalary hem galtaşanoklar. Pisse agajy 500, hatda 700 ýyla çenli ýaşaýar. Onuň miwesi diýseň tagamlydyr, düzüminde 60% ýag bar, ony haýwanlaryň köpüsi iýýär. Olaryň arasynda gemrijiler, guşlar, dag goçlary, tilkiler bar.

Ol ýerde gögerýän otlar özleriniň boýtagyna (ýarusyna) görä iki sany topara pes we beýik boýgatlara bölünýärler.

Pes topar ýeri tekiz örtýär, olara gyrtyç, ýylak hem-de bezeg ösümlikleri: gyzylgozalak, saryçöpler, gülälekler, çigildemler degişlidir. Otlaryň pes aşaky boýgatyna degişli bolan guşgy çigildemi täsin ösümlikdir. Ol endemik ösümlik bolup, diňe Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ösýär. Lemanyň çigildeminiň owadanlygy hem guşgy çigildeminiňkiden pes däl, onuň oňat ysy bar. Otlaryň beýik boýgaty selçeňleşendir, ol topara ösgün köpýyllyk pakyrlar, dadran degişlidir.

Bathyzyň landşaftynyň esasy görnüşi sähra bolup dur. Pisse tokaýlaryndaky ýaly otlar hem sähralar iki toparyny emele getirýärler.

Ýeroýlanduz – bu goraghananyň üçinji landşafty bolan gury çöketligiň adydyr. Çöketligiň çuňlugy 500 m bolup, meýdany 300 km2 töweregidir. Çöketligiň döremegine Tetis deňziniň aşagyndaky hereket edýän wulkaniki ojak sebäp bolupdyr. Geçen şol gadymy döwürlerde dag jynslary bolan magmalar ýer çuňlugyndan ýokary göterilip, ýokarysyna çykyp bilmän, gadymy deňziň düýbüni gümmez şekilinde galdyryp, dag jynslarynyň ýel hem ýagyş bilen ýylmanan harsaňlary şekilinde gatap galypdyrlar. Ýeroýlanduzyň ýerüsti akymsyz çöketliginiň enaýylygy, ajaýyplygy diňe bular bilen çäklenmeýär. Goraghana üçin, bu ýerleri iň gymmatly gorag haýwanlary bolan gulan we keýikdir, dag goçlaryň esasy ýaşaýan ýeri bolmak bilen hem ähmiýetlidir.

Bathyzyň ösümlik örtügi örän baýdyr. Bu ýerde 1050 görnüşdäki damarly ösümlikler (442 urug, 76 maşgala), olaryň arasynda 75 görnüşi (aşaky görnüş) endemikdir. Ösümlikleriň 14 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011) girizilendir. Olar: bathyz düýegyrany, owgan injiri, Wasilçenkonyň astragaly, çägemik, bathyz pissesi, guşgy çigildemi we başgalar.

Goraghanada haýwanlardan ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 görnüşi, süýrenijileriň 40 görnüşi, guşlaryň 255 görnüşi we süýdemdirijileriň 42 görnüşi ýaşaýar. Bu ýerde oňurgasyz haýwanlaryň 1326 görnüşi anyklanandyr. Bathyzyň haýwanlarynyň 53 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011) girizilendir. Bular: Boliwaryň hudaýaty, hinçi murtlak çekirtge, Uwarowyň çölçüsi, Kryžanowskiň şyrkyldawuk tomzagy, Düwürtükli as, Uzynaýakly as, Türkmen asy, Çernowyň ýylan şekilli suwulgany, garagaýçak, göklors, sakally garaguş, gajar, ýylançy gyrgy, ütelgi, syrtlan, bars (alajagaplaň), keýik, gulan, dag goçy ýaly seýrek görnüşleri goraghananyň Türkmenistanyň iň ajaýyp ýerleriniň birine öwürýär.