Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy 1982-nji ýylda Amyderýanyň orta akymynyň hem-de oňa ýakyn ýerleşýän çöl bölümleriniň ekologik ulgamlarynyň ähli komponentlerini goramak, öňki derejesine getirmek, sebitiň tebigatyny goramakda ylmy esaslary işläp düzmek maksady bilen döredildi.

Goraghana Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň (meýdany 48,3 müň ga) demirgazyk-gündogar böleginde Birata, Seýdi we Farap etraplarynyň çäklerinde ýerleşýär. Goraghananyň golastynda meýdany 103 müň ga deň bolan, Halaç we Atamyrat etraplarynyň çäklerinde ýerleşen Kelif çäkli goraghanasy hem bardyr. Kelif döwlet tebigy çäkli goraghanasy Türkmenistanyň has günorta etraplaryndaky suw-batgalyklarda gyşlaýan guşlary hem-de Kelif kölleriniň tebigy toplumlaryny gorap saklamak maksady bilen döredildi.

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň çäkleriniň düzümine Amyderýanyň suwüsti, tokaýlar we Gyzylgum çölüniň bölümleri girýär. Goraghananyň köp bölegini düzlük-çöllük ekoulgamlar düzýär. Gyrymsy agaçly berkleşen we ýarym berkleşen ulgam-depeli çägelikler, aklaň çägelikler, şorluklar gowy göze ilýär. Ýarym gyrymsy agaç ösümligi bolan gyýçakdaş-toýun çöllükler, takyrlar, üsti açylan gadymy enelik jynslary bolan çulba baýyrlary, çemeni-batgalyk ösümlikleri aşa çygly çaýlymlaryň meýdanlary az derejede ýaýrandyr. Çaýlymly ekoulgamlar has hem az mukdardadyr. Jeňňel ekoulgamlarynyň saklanyp galmagy we tebigy ösüşi derýanyň gidrologik düzgüni, döwürleýin suw joşgunlary bilen berk baglanyşykdadyr. Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy Türkmenistanda gadymdan saklanyp gelýän jeňňel ekoulgamlaryny gorap saklaýan ýeke-täk goraghanadyr.

Goraghananyň çäginde ýokary derejeli ösümlikleriň 227 görnüşi hasaba alnandyr. Jeňňelleriň florasy bolsa özüniň belli bir derejede garyplygy, ýagny hasaba alnan 86 görnüşiň diňe 15 görnüşi adatydyr. Olara deregiň iki görnüşi – pette we toraňňy, türkmen igdesi, jungar söwüdi, ýylgynlar, adaty çemiş, buýan, günorta gamyşy, hyşa, adaty kendir, adaty şorçaýyr degişlidir. Däneliler, çylşyrymlygüllüler we ýylgynlar görnüş aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar. Tokaýyň agaç-gyrymsy, agaçly ösümlik örtügi hem-de iri otlary geçip bolmajak jeňňelikleri emele getirýär. Pette Tebigaty Goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitabyna goşulandyr.

Gyzylgum çölüniň bölümlerinde guraklyga çydamly çöl ösümlikleri, köp sanly özge ýerlerde duş gelmeýän ösümlikleriň ýerli görnüşleri gabat gelýär. Ösen sazak, gandymy bolan ulgamly-depeli çägelikler bilen bir hatarda bu ýerde takyrlyklar, beýik gyrlar hem duş gelýär. Goraghananyň jeňňelleriniň florasyna garanyňda çöl florasy has baýdyr. Merkezi Aziýanyň çöl etraplarynda häsiýetlendirilişi ýaly, bizde hem görnüşi boýunça selmeler maşgalasynyň wekilleri agdyklyk edýär. Çylşyrymlygüllüler, atanakgüllüler, kösükliler hem görnüşleriniň köplügi bilen tapawutlanýarlar. Çölüň ösümlik örtüginiň esasyny sazak, borjak, gandym, sözen, şoralar hem-de köp sanly özge ýerlerde duş gelmäýän ösümlikler düzýär.

Goraghananyň haýwanat dünýäsi dürli-dürlüdir. Oňurgasyzlaryň faunasy birnäçe ýüz görnüşden ybarat. Möýleriň 80 görnüşi bolup, olaryň hem köpüsine ilkinji gezek ýazgy berlendir. Mör-möjeklerden tomzaklar we kebelekler has oňat öwrenilendir. Tokaýlaryň mör-möjekler faunasynyň köpüsini garynjalar we wyžžyldawuk tomzaklar düzýär. Agaçlaryň ýokary başlarynda ädiktikerler köp sanlydyrlar. Çölde dürli-dürli görnüşleri bilen jykjyklar, gijeki kebelekler, torjumak ganatlylar, garynjalar we wyžžyldawuklar tapawutlanýarlar. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşlerden goraghananyň çäginde agaç hudaýatysy, gysgaganat boliwariýa hudaýatysy, antiýa wyžžyldawuk tomzagy, toraňňynyň serhoş kebelegi, toraňňynyň orden lentaly kebelegi, jeňňel mawy kebelejigi, toraňňynyň pile saraýjy kebelegi köp ýaýrandyr.

Goraghananyň çägindäki Amyderýanyň suwlarynda, akabalarda, zeýkeşlerde we derýanyň köne hanalarynda balyklaryň 36 görnüşi, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen balyklardan uly we kiçi amyderýa pilburunlary, çortan şekilli akmarka duş gelýändir, olar TGHB-niň Gyzyl kitabyna hem girizilendir. Derýanyň çuň ýerlerinde Amyderýanyň iň uly balyklary hasaplanýan lakga balyklary ýaşaýar. Balyklaryň aglaba köp bölegini uýgunlaşdyrylanlary (akklimatizirlenenleri) tutýar.

Ýerde-suwda ýaşaýanlar iki görnüşden, ýagny gök gurlawuk we köl gurbagasyndan ybaratdyr. Süýrenijiler 28 görnüşden ybarat bolup, olar, esasan hem, çöl bölümlerinde duş gelýärler. Olardan ortaaziýa pyşdyly (TGHB-niň Gyzyl kitabyna girizilen), hažžyk, gömül-gömül, torjumak suwulgan, okýylan has köp ýaýrandyr. Göklors Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Ýylyň dürli döwürlerinde guşlaryň 265-е golaý görnüşi goraghananyň çäklerinde hasaba alnandyr. Beýle dürlülik goraghananyň köp sanly guşlaryň migrasiýasy döwründe uçup geçýän ýolunda ýerleşmegi sebäpli döreýär. Goraghananyň çägine hemişe duş gelýän görnüşleriň biri-de amyderýa sülgünidir. Jeňňellerde buhar jikjikisi, uly ala daşdeşen köp duş gelýär. Çöl meýdanlarynda torgaýlar, çekeýikler, bagyrtlaklar adatydyr. Kertlerde gögerçinler, ýaşyl daraklyklar, gök gargalar, hüýpüpikler höwürtgeleýärler. Suwlaryň daş-töweginde gogurlar, sütüler, çuluklar köpdürler. Höwürtgeleýän guşlardan bürgüt, ýylançy gyrgy, ütelgi, hüwi, sähra göwenegi, ekinçi ördek, togdary, çakryk, uçup gelýän we gyşlaýanlardan gyzgylt gotan, buýraly gotan, galamlyk, balykçy bürgüt, depe garaguşy, uzynguýruk suw bürgüdi, gajar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendirler. TGHB-niň Gyzyl kitabyna höwürtgeleýän sähra göwenegi we ekinçi ördek, uçup geçýän döwründe saklanýan buýraly gotan, depe garaguşy, gajar, uzynguýruk suw bürgüdi, akguýruk suw bürgüdi girýändir.

Süýdemdirijiler 44 görnüşden ybarat, olardan 4-isi mör-möjek iýijiler, 5-isi golganatlylar, 1-i towşan şekilliler, 18-isi gemrijiler, 13-üsi ýyrtyjylar we 3-üsi toýnaklylara degişlidir.

Mör-möjek iýijilerden gulakman kirpi, tokaýlarda kiçi akdiş uzyntumşuklyja, çöl ýaşaýjysy alabasar adatydyr. Golganatlylar sany boýunça köp däldir. Goraghahanyň çäginde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen çypar agşamçy ýarganaty göçüp-gonuş döwründe hasaba alnandyr. Towşan köp ýaýrandyr. Gemrijilerden çäge çulugy, öý syçany sany boýunça agdyklyk edýär. Çöl ýaşaýjylary bolan alaňňyrt we tüýlek aýakly atýalman adatydyr. Oklukirpi örän seýrek duş gelýär. Uýgunlaşdyrylan suwiti, ondatra hem hasaba alnandyr. Ýyrtyjylardan şagal, tilki, torsuk, solowsar, alajagözen adaty bolup, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen garagulak, gunduz hem duş gelýär. Toýnaklylardan tokaýlarda – ýekegapan, tokaý suguny, çölde – keýik ýaşaýar. Soňky iki görnüş Türkmenistanyň hem-de TGHB-niň Gyzyl kitaplaryna girizilendir.

Goraghana döredilen wagtynda oňa adam tarapyndan az-kem zeper ýetirilen meýdanlar berlipdir. Gorag düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde tebigy ekoulgamlar öňki ýagdaýyna geldi, haýwanlaryň we ösümlikleriň, şol sanda olaryň seýrek görnüşleriniň sany köpeldi. Goraghananyň hem-de çäkli goraghananyň araçäklerindäki meýdanlarda habar beriş, ýangyna garşy duýduryş ýazgylary (anşlaglar) diklenendir. Aýratyn goralýan tebigy meýdanlarda we olaryň daş-töwereginde gorag işi berk ýola goýlandyr. Bölümlerde ýaşaýyş jaýlary (kordon), ýangyna garşy diňler gurlandyr. Her ýyl ýangyna garşy ýollar, zolaklar arassalanylyp durulýar.

Ylmy-barlag işleri goraghananyň, çäkli goraghananyň hem-de goraghananyň ygtyýarlygyndaky – orta Amyderýa sebitiniň çäklerinde geçirilýär. Goraghanada we orta Amyderýa sebitiniň çäginde oňurgaly haýwanlaryň, ýokary derejeli ösümlikleriň tükellemesi doly geçirilendir, möýleriň hem-de mör-möjekler toparlarynyň tükellemesi bölekleýin geçirilendir. Her ýyl „Tebigat ýyl ýazgysy“ ýöredilip goraghananyň hem-de orta Amyderýa sebitiniň ekoulgamlarynyň komponentlerini seljermek işleri geçirilýär. Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy aýratyn goralýan tebigy ýerleri (AGTÝ) döretmek boýunça Amyderýanyň orta akymynyň sebitinde hem-de golaý ýerleşen çöl bölümlerinde oňaýly işleri alyp barýar.

Goraghananyň muzeýiniň gapysy görmäge gelýänler üçin elmydama açykdyr. Malhanalarda faunanyň wekillerinden keýigi, towşany, sülgünleri, tilkini, hüwüni, guba gazy görmek bolýar.

Edara jaýynda ekologik temadaky çeşmelere baý kitaphana işleýär, çagalar bilen tebigaty goramak çäreleri (aksiýalar) geçirilýär, açyk sapaklar guralýar. Goraghananyň işgärleri tebigaty goramak boýunça kitapçalary, bukletleri çykarýarlar. Işgärleriň ylmy-populýar makalalary gazet – žurnallarynda çapdan çykarylýar. Türkmen telewideniýesiniň ýaýlymlarynda goraghana barasynda filmler yzygiderli görkezilýär.

Häzirki wagtda ylmy barlaglary talap edýän esasy meseleler, ýagny topragyň ýagdaýyna baha bermek, geomorfologik hadysalary öwrenmek, floranyň tükellemesini dowam etdirmek, ösümlik örtüginiň, suksessiýa üýtgemeleriniň ýagdaýyny anyklamak, geobotanik ýazgylary geçirmek, oňurgasyz haýwanlaryň faunasynyň tükellemesini dowam etdirmek, olaryň görnüş sanyny anyklamak, keseki balyk görnüşleriniň getirilmegi hem-de uýgunlaşdyrylan balyk görnüşleriniň çakdanaşa sanynyň köpelmegini göz öňünde tutmak bilen ýerli balyk görnüşleriniň ýagdaýyny anyklamak, oňurgasyzlaryň, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň, süýrenijileriň, guşlaryň we süýdemdirijileriň sanyny seljermek işlerini geçirmek ýaly meseleler öňümizde dur.

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy sebitde tebigaty goraýan, ylmy we wagyz ediji merkez hasaplanýar. Etrabyň geljekki ösüşi üçin döwlet tarapyndan aýratyn goralýan, sebitiň biodürlüligini gorap saklamakda, aw edilýan haýwanlaryň ýerlerini köpeltmekde, ekologik syýahatçylygy ösdürmekde ylmy merkez hökmünde goraghananyň uly ähmiýeti bolar.